29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

“Awaza” Milli Syýahatçylyk Zolagynda Iri Sport Toplumy Açyldy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda iri sport toplumy açyldy

“Awaza” Milli Syýahatçylyk Zolagynda Iri Sport Toplumy Açyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Hazaryň kenar ýakasyndaky Bütindünýä saglyk gününde iri sport toplumy açyldy.

Toplum türkmen türgenleriniň köpugurly okuw-türgenleşik merkezine, türgenleri we ýygyndy toparlary sportuň dürli görnüşleri, şol sanda şu ýylyň güýzünde Aşgabadyň kabul etjek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilen görnüşleri boýunça taýýarlamagyň binýadyna öwrüler. Mundan başga-da, bu ýerde ýokary derejeli halkara ýaryşlary geçirip bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow toplumyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşy bilen tanyşdy. 28,5 gektar meýdanda ýerleşýän
sport merkeziniň düzüminde halkara ölçeglerine laýyk gelýän desgalaryň ýedisi, şol sanda sportuň oýun, suw we gyşky görnüşleri, söweş sungatlary bilen meşgullanmak üçin binalar bar. Olary enjamlaşdyrmaga ýokary derejeli sport enjamlaryny iň oňat öndürijiler gatnaşdylar.

Sportuň oýun görnüşleri üçin niýetlenen binada kiçi futbol, basketbol, uly we stoluň üstünde oýnalýan tennis (ping-pong), gandbol, woleýbol oýnap bolýar, gimnastika we sportuň beýleki görnüşleri bilen meşgullanyp bolýar. Bu ýerde münberler 2 müň 355 tomaşaça niýetlenendir. Türgenleşik üçin kiçi zal bar.

Söweş sungatlarynyň iki gatly binasynyň esasy düzümini 2 müň 272 orunlyk münberli uly meýdança emele getirýär. Şol ýerde birbada üç meýdançada ýaryşlary, şol sanda boks, taekwondo, dzýu-do, erkin we grek-rim göreşleri hem-de başa-baş söweşleriň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlary, şeýle hem agyr atletika boýunça bäsleşikleri geçirmek bolýar. Taslamada boksçylar üçin meýdançaly we göreş düşekçeli türgenleşik zallarynyň ikisi we iki fitnes zal göz öňünde tutuldy.

Sportuň gyşky görnüşleri bolan hokkeý we figuralaýyn typmak üçin niýetlenen “Buzly köşgüň” umumy meýdany 14,4 müň inedördül metrden gowrakdyr. Binanyň birinji gatynda ini 30, uzynlygy 60 metr bolan umumy standarta laýyk gelýän buzly meýdança ýerleşýär. Onuň töwereginde 2 müň 944 tomaşaçy orunlyk münberler bar.

Sportuň suwdaky görnüşleri üçin sport merkezi 2 müň 97 tomaşaça niýetlenendir. Meýdany 16 müň 356 inedördül metr üç gatly binada Halkara ýüzüş federasiýasynyň (FINA) düzgünlerine laýyk gelýän
sport we sinhron ýüzüş, suwda pökgi oýnamak üçin niýetlenen olimpiýa howuzlar bar. Mundan başga-da, türgenleşikler üçin howuzlar we beýikligi 10 metr, 7,5, 5 we 3 metr bolan suwa bökmäge niýetlenen belentlikler bar. Şeýle hem, çagalar üçin howuzlar, suw owkalamasy bolan howuz, sport zaly, ýüzmek we suwa bökmek okuwlaryny geçmek üçin enjamlaşdyrylan türgenleşik zaly bar.

Türkmenistanyň Senagat ministrligi bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, toplum ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Myradym” hususy kärhanasy tarapyndan guruldy. Durmuş ähmiýetli taslamanyň ýerine ýetirilmegi köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini we ýokary gazanylanlar sportuny ösdürmäge, olaryň hataryna ýaşlaryň barha köp sanlysyny çekmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.

Hazar deňziniň kenar ýakasynyň amatly howa ýagdaýy we dikeldiş häsiýetli baý kuwwaty, innowasion, öňdebaryjy binagärlik we inženerçilik-tehniki pikirlere tarap alnan ugurlar “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň halkara syýahatçylyk we şypahana-dynç alyşynda bolşy ýaly, sportda hem ykrar edilen merkez bolmagy üçin zerur bolan hemme ýagdaýlary döredýär.

Awazada başa-baş söweş sungatynyň toplumy sambo, jiu-jitsu we göreş boýunça ussatlaryň tutluşyklary bilen açyldy.

Awazada bina edilen iri köpugurly sport desgasynyň çäklerinde açylan söweş sungatlarynyň toplumynda birbada üç meýdançada ýaryşlary, şol sanda boks, taekwondo, dzýu-do, erkin we grek-rim göreşleri hem-de başa-baş söweşleriň beýleki görnüşleri boýunça ýaryşlary, şeýle hem agyr atletika boýunça bäsleşikleri geçirmek bolýar.

Onuň esasy düzümini 2 müň 272 orunlyk münberli uly meýdança emele getirýär. Boksçylar üçin meýdançaly we göreş düşekçeli türgenleşik zallarynyň ikisi göz öňünde tutuldy. Germaniýanyň dünýä belli “Foeldeak” kompanýiasynyň enjamlary ornaşdyryldy.

Mundan başga-da, bu ýerde fitnes zallarynyň ikisi bar. Olarda Ýewropanyň “Gym 80”, “Tecnogym”, “Leica” hem-de ABŞ-nyň “Life Fitness” ýaly dünýä belli kompaniýalarynyň enjamlary ornaşdyryldy. Köpugurly trenažýor toplumlary peýdalanyjylaryň ähli toparlary – ussat türgenler we höwesjeňler, dürli ýaşdaky adamlar üçin netijeli türgenleşikleri üpjün edýär.

Meýdançada sambo, jiu-jitsu we göreş ussatlarynyň tutlyşyklary ýaýbaňlandyryldy. Döwlet Baştutanymyz olaryň çykyşyna gyzyklanma bilen syn etdi. Mälim bolşy ýaly, türkmen türgenleri başa-baş söweş sungatlarynyň şu we beýleki görnüşlerinde öňdäki orunlaryň birini eýeleýärler. Olaryň dünýä çempionatlarynda hem-de dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşlarda gazanýan üstünlikleri hem muňa şaýatlyk edýär.

Türkmen milli göreşi asyrlaryň dowamynda halkymyzyň baýramçylyk dabaralarynyň bezegi bolup geldi. Şeýle ýaryşlar ähli döwürlerde uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Olara diňe bir golaýdaky şäherlerden we şäherçelerden däl, eýsem, alysdaky obalardan hem güýçli pälwanlar gatnaşypdyr. Häzirki döwürde göreş halkara derejesine çykdy. Ol Aziýanyň guşakly göreş boýunça federasiýasynyň düzümine, şeýle hem 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizildi. Şol ýaryşlarda biz türgenlerimizden ýokary netijelere garaşýarys.

Degişli makalalar

Türkmen Uşuçylarynyň Nobatdaky Üstünligi

syrach

Demirýol işgärleri üçin ýaşaýyş jaýlary we demir ýol stansiýalary.

syrach

“Aşgabat” Ýoldaşlyk Oýnunda “Nebitçiden” Üstün Çykdy