22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Awazada Halkara Syýahatçylyk Forumy Açyldy

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda “Syýahatçylyk we gezelenç” atly halkara sergi açyldy, onuň çäklerinde bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri boýunça maslahat hem geçirilýär.

Däbe görä Hazaryň kenarynda guralýan ulgamyň hünär ussatlarynyň duşuşygy 2016-njy ýylda “Syýahatçylyk hemmeler üçin – ählumumy elýeterliligi höweslendirmek” diýen şygar astynda bellenilýän Bütindünýä syýahatçylyk gününe gabatlanyldy.

Bu gün BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy (UNWTO) hemmeleri jemgyýet üçin elýeterli syýahatçylygyň möhümdigine we peýdasyna, onuň durnukly ösüşiň maksatlaryny gazanmak hem-de häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek işinde durmuş, medeni, syýasy we ykdysady täsirine üns bermegi ündeýär. Bu mesele dünýäniň 22 ýurdundan, şol sanda Russiýadan, Hytaýdan, ABŞ-dan, Polşadan, Belgiýadan, Ysraýyldan, Iordaniýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Hindistandan, Latwiýadan,  Estoniýadan,  Belarusdan, Gruziýadan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan wekiliýetleri bir ýere ýygnan forumyň gün tertibinde hem öz beýanyny tapdy. 

“Seýrana” myhmanhanasynda ýaýbaňlandyrylan serginiň açylyş abarasyna Türkmenistanyň milli medeni mirasynyň we däp-dessurlarynyň dürli öwüşgünli tanyşdyrmasyna öwrülen aýdym-sazly – etnografik çykyş 
özboluşly bezeg berdi. Myhmanhananyň esasy girelgesiniň öňündäki meýdança ýazylan halylar, ýurdumyzyň her welaýatynyň ak öýüniň ýanyndaky halk amaly-haşam sungatynyň nusgalyklaryny, zergärçilik bezeg şaý-seplerini özünde jemlän sekiler artistleriň çykyşlary üçin özboluşly sahna öwrüldi. 

Foruma gatnaşyjylar daşary ýurtly myhmanlary özboluşly aýdymlarydyr sazlary bilen bendi eden döredijilik toparlaryna, estrada aýdymçylaryna we bagşylara el çarpdylar, olaryň arasynda balkanyň “Dagdan” tans topary özboluşly çykyşy bilen tapawutlandy. Milli tagamlary özünde jemlän bereketli desterhan egsilmez türkmen myhmansöýerliginiň nyşanyna hem-de baýramçylyga ajaýyp goşunda öwrüldi. Onda deňiz ýakasynda ýaşaýan türkmenlerde taýýarlanýan tagamlara aýratyn orun berildi. 

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler, onda bu duşuşygyň Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagyndaky mümkinçiliklerini bütin dünýä açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna, özara peýdaly gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, şypahana-sagaldyş we dynç alyş ugurlarynda tejribe alyşmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi. 

Şeýle hem milli Liderimiz Bütindünýä syýahatçylyk guramasy bilen hyzmatdaşlygyň, bu ugur boýunça gazanylan hökümetara ylalaşyklary amala aşyrmagyň, innowasion çemeleşmeleri ýurdumyzyň sýahatçylyk tejribesine ornaşdyrmagyň möhümdigini beledi. 

Daşary ýurtly maýadarlaryň, bazar bilermenleriniň hem-de ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda ýöriteleşen iri kompaniýalaryň Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerine, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmegiň ägirt uly taslamasyna gyzyklanma bildirýändigini Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan guralan foruma gatnaşyjylaryň wekilçilikli düzümi hem tassyklaýar. Olar – milli syýahatçylyk agentlikleriniň, ugurdaş döwlet edaralarynyň, şypahana – dynç alyş ulgamynda, syýahatlar senagatynda, myhmanhana we ätiýaçlandyryş işi bilen meşgullanýan  guramalaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr. 

Türkmenistanda syýahatçylyk toplumynyň mümkinçilikleriniň esasynda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ägirt uly mümkinçiliklerini sergä gatnaşyjylaryň 68-sini birleşdiren sergi görkezýär. Hyzmatdaşlygyň serişdeleriniň we täze teklipleriň aýdyň beýanyna öwrülen sergide syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň hem-de ýurdumyzyň hususy kärhanalary, olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlary we bilelikdäki taslamalary amala aşyrmaga gatnaşmaga çalyşýan kompaniýalar öz diwarlyklary bilen tanyşdyrýarlar. 

Sergi Türkmenistanyň we onuň sebitleriniň täsin syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen tanyşmaga, syýahatlar ulgamynyň we myhmansöýerligiň, dynç almagyň dürli görnüşlerini guramagyň, şeýle hem medeni aň-bilim hem-de ülkäni öwreniş işiniň täze meýilleri hakynda örän möhüm maglumatlara almaga mümkinçilik berýär. 

Günüň ikinji ýarymynda maslahatyň açylyşy boldy, onuň umumy mejlisiniň çäklerinde türkmen tarapynyň wekilleri çykyş edip, bu ýere ýygnananlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň işläp taýýarlan syýahatçylyk toplumyny ösdürmegiň strategiýasy we ileri tutulýan ugurlary, onuň medeni we tebigy mirasyň dürli görnüşlerini öz içine alýan esasy bilen tanyşdyrdylar. 

Daşary ýurtly kongrese gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň çäklerinde özara gatnaşyklardan başlap, hünär bilimi babatda hyzmatdaşlyga çenli bolan meseleleriň giň toparyny gozgadylar. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda syýahatçylyk ykdysadyýetiň iň girdejili pudaklarynyň birine öwrüldi –  UNWTO-nyň maglumatlaryna görä,  2015-nji ýylda dünýä syýahatçylygyndan, jahankeşdeluriň daşary ýurtlarda bolmagyndan alnan girdejiler 3,6 göterim ýokarlandy we 1,2 milliard dollara deň boldy, ulag hyzmatlaryny nazara alanyňda bolsa bu görkeziji 1,4 trillion dollara barabar boldy. Dünýä boýunça syýahatçylaryň akymy geçen ýyl jahankeşdeleriň 1,18 milliard rekord sanyna ýetip, geçen ýylyň şol görkezijisiden 4,4 göterim köp boldy (50 million adama golaý). 

Syýahatçylyk pudagy dünýä ykdysadyýetiniň agramly bölegini düzüp, dünýä eksportynyň 3-nji setirini eýeleýär. Şunda jahankeşdelik eýýäm birnäçe ýyl bäri dünýä eksportynda çalt ösýän pudak bolmagynda galýar, syýahatçylaryň ulaglara sarp edýän çykdajylaryny nazara almak bilen,  sýahatçylyk pudagynyň ortaça girdejileri bir günde 4 milliard dollara deň bolup durýar. Geografiýa barada aýdylanda bolsa ýakyn geljekde Aziýada we Aziýa-Ýuwaş Umman sebitinde has köp ösüşe garaşylýar. 

Emma esasy zat, syýahatçylyk ençeme ýurtlary birleşdirdi we jahankeşdeligi diňe wagtyny ýakymly geçirmäge däl-de, eýsem durmuş ýörelgesine öwren adamlar üçin baýramçylyga öwrüldi. Syýahatçylygyň ylalaşdyryjy orny aýratyn bellenildi, çünki ol beýleki ýurtlaryň taryhyny, däp-dessurlaryny hem-de mirasyny öwrenmäge ýardam edýär, netijede milletara medeni we dostluk gatnaşyklary berkeýär.  

Geçirilen pikir alyşmalar bu pudagy ösdürmäge dürli çemeleşmeler bilen tanyşmaga, şeýle hem pudakda üstünlikli işleýän kompaniýalaryň tejribesini görkezmäge hem-de bu ugurda Türkmenistanyň daşary ýurtly  hyzmatdaşlary bilen gatnaşyklarynyň has aýdyň mysallaryna seretmäge mümkinçilik döretdi. 

29-njy sentýabra çenli dowam etjek halkara forumy işiniň eýýäm birinji güni Awazada geçirilýän duşuşygyň işewür gatnaşyklary berkitmek, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin esas döretjekdigini aýdyň görkezdi. Onuň işine häkimiýetiň we işewür toparlarynyň, ylmyň we telekeçilik gurşawynyň wekilleriniň gatnaşmagy möhüm ýagdaýdyr. Munuň özi taraplaryň nukdaýnazarlarynyň ýakynlaşmagyna ýardam edip, hyzmatdaşylgy we birleşmäni güýçlendirýär hem-de ýurdumyzyň we dünýäniň tejribesinde innowasion çemeleşmeleri we işläp düzmeleri üstünlikli amala aşyrmaga ýardam edýär. 

Ertir maslahat öz işini bölümler boýunça dowam eder. Olaryň biri “Türkmenistanyň taryhy medeni mirasy” diýen mowzuk boýunça “Seýrana” myhmanhanasynda geçiriler. Beýlekisi – “Syýahatçylykda bilim we ykdysady innowasiýalar” “Hazar” myhmanhanasynda, üçünjisi bolsa “Ekologiýa syýahatçylygyny ösdürmegiň meseleleri” diýen at bilen “Bagtýar” myhmanhanasynda geçiriler. 

Degişli makalalar

Gazy gaýtadan işleýän zawodyň we elektrik stansiýasynyň açylyşy boldy.

syrach

“Merkezi Aziýa Üçin Öňüni Alyş Diplomatiýasy Boýunça Sebit Merkezi: Sebitde Parahatçylyk we Gülläp Ösüş Maksatlarynda Merkezi Aziýa Bilen 10 Ýyl Hyzmatdaşlyk” Atly Halkara Maslahaty

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

syrach