39.9 C
Aşkabat
16.06.2025
DURMUŞ

Awtoulag Serişdelerini Türkmenistanyň Çäklerine Goýbermegiň Tertibi

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2013-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda 679 san bilen döwlet tarapyndan bellige alnan, «Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2011-nji ýylyň 11-nji iýunynda 575 san bilen bellige alnan Awtoulag serişdelerini, motosiklleri, traktorlary hem-de ýörite ulaglary, tehnikalary Türkmenistanyň çäklerine goýbermegiň Tertibibe üýtgetme girizmek hakynda» Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň, Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministriniň we Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2013-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda çykaran 34/14-Ö/16 belgili buýrugy bilen girizilen üýtgetmeler bilen
1. Şu Tertip „Ulag serişdeleriniň käbir görnüşlerini Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirmegiň tertibini kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2011-nji ýylyň 14-nji aprelinde çykaran 11599-njy karary esasynda taýýarlandy we Türkmenistanyň çäklerinde dolandyrylmagy üçin daşary ýurt döwletlerinden getirilýän awtoulag serişdeleriniň, motosiklleriň, traktorlaryň hem-de ýörite ulaglaryň, tehnikalaryň (mundan beýläk – awtoulag serişdesi) Türkmenistanyň çäklerine goýberilmegini düzgünleşdirýär.
2. Şu Tertibiň maksatlary üçin ulanylýan düşünjeler:
ýol – awtoulag serişdeleriniň hereketi üçin niýetlenen gury ýer zolagy (asfaltlanan, daş düşelen, daş düşelmedik ýol);
ýolsuz ýerlerde hem sürmäge niýetlenen awtoulag – diňe ýolsuz ýerlerde sürmek üçin niýetlenen, batgalyk we ş.m. ýerlerden ýokary geçijiligi bolan ýörite awtoulag serişdesi (esasan ýolda sürmek üçin niýetlenip, ýolsuz ýerlerde hem ulanylýan adaty awtoulag serişdeleri muňa degişli däldir).
3. Edara görnüşli we şahsy taraplara:
öndürilen ýyly hasaba alynmanda 5 ýyly dolan hem-de öndürilen ýylyna garamazdan, zyýan ýetendigi ýa-da zaýalanandygy sebäpli ýol hereketiniň kadalaryna laýyk gelmeýän awtoulag serişdelerini, motosiklleri, traktorlary hem-de ýörite ulaglary we tehnikalary (Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçirilýänlerden we reeksportdan başga);
sport nusgadaky ýokary tizlikli awtoulaglary hem-de hereketlendirijisiniň iş göwrümi 3 500 kub sm-den ýokary bolan ýeňil awtoulaglary (ýolsuz ýerlerde hem sürmäge niýetlenen awtoulaglardan, kiçi awtobuslardan, Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçirilýänlerden we reeksportdan başga) Türkmenistanyň çäklerine getirmek gadagan edilýär.
Şu bölümiň üçünji tesiminde bellenilen kada, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş Dolandyryş Müdirligine, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine hem-de Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky döwlet komitetine degişli däldir.
4. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bilelikdäki gümrük barlagyny amala aşyrýan topar (mundan beýläk – Topar) agzalary tarapyndan gümrük edarasyna gowşan pursady awtoulag serişdesi daşky görnüşi babatynda Türkmenistanyň çäklerinde ýol hereketine goýberilmeginiň mümkindigini kesgitlemek üçin gözden geçirilýär.
5. Zyýan (şikes) ýetendigi ýa-da könelendigi zerarly gümrük edarasyna gowşan pursadyndaky ýagdaýynda ýol hereketinde ulanylmagynyň (dolandyrylmagynyň) mümkin däldigi gözden geçirmegiň netijesinde anyklanan awtoulag serişdesi, ýol hereketine gatnaşmak üçin bildirilýän talaplara laýyk gelmeýär diýip hasap edilýär.
6. Awtoulag serişdesi ýol hereketine gatnaşmak üçin bildirilýän talaplara laýyk gelmeýär diýip hasap edilende, bu barada, awtoulag serişdesini gözden geçirmegi amala aşyran Topar agzalary erkin nusgada delilnama düzýär. Delilnamada awtoulag serişdesiniň bütinleý ýa-da belli bir bölegi boýunça ýol hereketine gatnaşmak üçin bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigi esaslandyrylyp, takyk beýan edilýär. Gözden geçirilen awtoulag serişdesine degişli haryt-ulag resminamasynyň nusgasy, awtoulag serişdesiniň fotosuraty ýa-da wideo şekili bu delilnamanyň ýanyna goşulyp bilner. Delilnama iki nusgada düzülýär we Topar agzalary tarapyndan ähli nusgasy tassyklanýar. Delilnamanyň birinji nusgasy gümrük edarasynda saklanýar we ikinji nusgasy awtoulag serişdesini getirmegi amala aşyran tarapa berilýär.
7. Gözden geçirmegiň netijesinde ýol hereketine gatnaşmak üçin bildirilýän talaplara laýyk gelmeýändigi anyklanan awtoulag serişdesi, bu barada düzülen delilnamanyň esasynda Türkmenistanyň çäklerine goýberilmeýär. Türkmenistanyň çäklerine goýberilmedik awtoulag serişdesi onuň eýesi, daşaýjy ýa-da olaryň ygtyýarly eden wekili tarapyndan Türkmenistanyň çäklerinden haýal edilmän alnyp gidilmegine degişlidir.
8. Türkmenistanyň çäklerine goýberilmedik awtoulag serişdesi 10 (on) günüň dowamynda Türkmenistanyň çäklerinden daşary alnyp gidilmese ýa-da onuň eýesi (ygtyýarly eden wekili) bu awtoulag serişdesini ýok etmek gümrük düzgünine ýerleşdirmek barada gümrük edarasyna ýüz tutmasa, gümrük edarasynyň şol awtoulag serişdesini ýok etmek gümrük düzgünine ýerleşdirmäge haklydyr.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Türkmen Žiwopisçileriniň Suratlarynda – Taryh we Däpler

turkmenhabargullugy

Suwy Aýawly Peýdalanmak Bol Hasylyň Özenidir

syrach