29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
DURMUŞ

Magtymguly Pyragynyň Şygryýet Gününiň Hormatyna Dabaralar

Şu gün ýurdumyzyň ähli künjeklerinde milli senenamamyzyň ähmiýetli senesi mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirildi. Milletimiziň döwlet we ruhy ösüşiniň bitewüliginiň beýany bolan bu iki baýramyň beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynda öz beýanyny tapan, türkmen halkynyň bir bitewi, kuwwatly we gülläp ösýän döwlet hakynda köpasyrlyk arzuwynyň amala aşan häzirki döwürde goşalanyp gelmegi tötänleýin däldir.

Esasy dabaralar şanly ýeňişleriň we beýik işleriň ýoluny şöhlelendirýän paýtagtymyzyň Konstitusiýa binasynyň ýanynda geçirildi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly  Berdimuhamedowyň ynsanperwer pikirleri bilen ganatlanan türkmenistanlylar, Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli maksatnamalarynyň kuwwaty bilen eziz Watanymyzyň nurana geljegini ynamly we ruhubelentlik bilen gurýar.  

Ir säher bilen gojaman Köpetdagyň gözel künjeginde ýerleşýän Konstitusiýa binasynyň töweregi köp adamly boldy. Bu ýerden paýtagtymyzyň gözel keşbi açylyp, onuň ajaýyp üstünlikleri biziň ýurdumyza, türkmen halkyna we onuň Liderine ýokary halkara abraýyny getirdi. Türkmenistanyň Konstitusiýasy täze döwrüň esasy baýlyklarynyň birine öwrülip, ol mukaddes Garaşsyzlyk eýýamynyň jemgyýetçilik we döwlet gurluşynyň esaslaryny hem-de her bir raýat üçin mukaddes bolan parahatçylyk we döredijilik ýaly düşünjeleri özünde jemleýär.

Ähli ýerlerde ýaşyl tuglar pasyrdaýar,  bu ýere ýygnanan adamlaryň ruhubelentligi we şadyýan keşpleri ajaýyp bahar gülleriniň  dürli öwüşginlerine beslenýär.  Dabara gatnaşmak üçin bu ýere Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary hem-de myhmanlary geldiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk mynasybetli halkymyza Gutlagynda belleýşi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Magtymguly Pyragynyň çuň filosofiýa ýugrulan eserleri halkymyzyň bitewi gymmatlygydyr. Beýik şahyryň we akyldaryň ynsanperwer wesýetleri, sarsmaz türkmen döwleti baradaky arzuwlary, ajaýyp şygyrlary türkmen halkynyň kalbynyň owazy, ruhy, ahlak hem-de akyl mekdebidir.   

Bu baýramçylyk türkmen halkynyň bir bitewi, kuwwatly we gülläp ösýän döwlet hakynda hasyl bolan köpasyrlyk arzuwynyň dabaralanmagy bolup durýar. Onuň döredijiligiň, ösüşiň hem-de taryhy rowaçlygyň ýoly bilen öňe tarap buýsançly gadamlary beýik işlere we üstünliklere beslendi. Bu bolsa uly ýoluň diňe başlangyjydyr.
 
Taryhy ösüşiniň häzirki döwründe türkmen döwleti hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçmişiň hem-de häzirki günüň üznüksiz arabaglanyşygyna esaslanyp we röwşen geljege, dünýäniň ähli ýurtlarynyň hem-de halklarynyň ösüşiniň bähbidine ykbal çözüji başlangyçlaryny ynamly öňe sürýär we durmuşa geçirýär, häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmäge täzeçil çemeleşýär. Bu gün türkmen halky durmuş-ykdysady ösüşinde gazanan üstünliklerine tüýs ýürekden buýsanýar. Şol üstünlikler durmuşyň ähli ulgamlarynda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler, oýlanyşykly içeri we daşary syýasat netijesinde gazanyldy.

Döwletiň Esasy Kanuny öz esasy düzgünlerini saklamak bilen, türkmen halkynyň durmuşynda bolup geçýän ägirt uly, giň gerimli özgertmeleriň    kämilleşdirilýän hukuk guraly bolup durýar. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwlet gurluşynyň iň gowy türkmen we dünýä tejribesini, milli we umumadamzat gymmatlyklarynyň esaslaryny öz içine alyp, demokratik, hukuk hem-de dünýewi döwleti gurmagyň möhüm wezipelerini bir ýere jemledi. Bu döwlet bazar ykdysadyýetini hem-de adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ýokary derejesini döredýän durmuş wezipelerini çözmegi ugur edinýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy demokratik, hukuk we dünýewi döwleti gurmakda emele gelýän jemgyýetçilik gatnaşyklaryny kadalaşdyrýar, şunda baş gymmatlygy adam bolup durýan raýat jemgyýetiniň bähbitlerini beýan edýär.

Täze taryhy döwürde Konstitusiýa türkmen döwletiniň öçmez-ýitmez ýörelgelerini — Garaşsyzlygy we Bitaraplygy, parahatçylygy hem-de raýat ylalaşygyny, demokratiýany we kanunlaryň ileri tutulmagyny özünde jemläp,  jemgyýetimiz üçin onuň geljekki ösüş ugruny – ruhubelentlilik, durmuş-ykdysady ösüş ýörelgelerini kesgitledi. 

Bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiz Gurbanguly  Berdimuhamedowyň ynsanperwer pikirleri bilen ganatlanan türkmenistanlylar hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli maksatnamalarynyň kuwwaty bilen eziz Watanymyzyň nurana geljegini ynamly we ruhubelentlik bilen gurýar.  Hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri, özara bähbitli hyzmatdaşlyk döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän daşary syýasatynyň esasyny düzüp, ýurdumyzyň halkara giňişliginde has belent sepgitlere okgunly çykmagyny we belent abraýyny kesgitledi.

Konstitusiýa binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soň, wakalar 
türkmen paýtagtynyň taryhy merkezinde ýerleşýän Magtymguly seýilgähinde dowam etdi. Bu ýerde beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň hormatyna ýadygärlik dikeldildi. Onuň eteginde goýlan gül desseleri halkyň öz beýik ogluna çäksiz söýgüsiniň we hormatynyň beýanyna öwrüldi.

Bu seýilgäh eýýäm köpden bäri Aşgabat şäheriniň gelim-gidimli ýerleriniň birine, şeýle hem medeniýet we sungat işgärleriniň däbe görä duşuşýan ýerine öwrüldi. Hut bu ýerde ýazyjylar, şeýle hem  edebi döredijiligiň köpsanly muşdaklary beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyraga bagyşlanan ajaýyp baýramçylyga gatnaşmak üçin ýygnandylar. 

Türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň goşgularynda ajaýyp zehin, täsin ýitilik, mähirlilik sazlaşykly utgaşypdyr. Ynsanperwerlik  joşguny, agzybirlige çagyryş onuň pelsepewi eserleriniň içinden eriş-argaç bolup geçýär.   

Öz halky, onuň umyt-arzuwlary, zähmeti we garaşsyzlyk ugrundaky göreşi bilen arabaglanyşyk bereketli topraga öwrülip, onda Magtymgulynyň zehini kök urdy. Hut onuň goşgularyndan döwletlilik, halkyň taryhy ykbalyna akyl ýetirmek baradaky düşünjeleriň many-mazmuny gözbaş alýar.  

Magtymgulynyň döredijiligi türkmen edebiýatyna dünýä derejesinde şöhrat getirip, adamzadyň şygryýet genji-hazynasyna uly goşant goşdy, onuň goşgularynda öz beýanyny tapan ynsanperwerlik garaýyşlary bolsa diňe XVIII-XIX asyrlarda ýaşan türkmenleriň däl-de, eýsem, Gündogaryň beýleki halklarynyň hem durmuşyna öz täsirini ýetirdi. Beýik Pyragynyň şahsyýetiniň häzir hem dünýäniň köp ýurtlaryndan bolan edebiýatçylaryň, sungatşynaslaryň, ýazyjylaryň we suratkeşleriň ünsüni özüne çekmegi kanunalaýykdyr. 

Magtymguly Pyragynyň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralary, şeýle hem ählumumy baýramçylyk mynasybetli aýdym-sazly şygryýet dabaralary we konsertler diňe ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň merkezleriniň baş meýdançalarynda däl-de, eýsem, daşary ýurtlaryň-da köpüsinde geçirildi. Çünki Magtymgulynyň ady bu gün bütin dünýäde tanalýar, onuň öçmez-ýitmez goşgulary bolsa dünýäniň dürli dillerinde neşir edilýär. Şahyryň  eserleri dünýä medeniýetiniň altyn gaznasyny düzýän geçmişiň şahyrlarynyň we akyldarlarynyň edebi işleriniň hatarynda öz mynasyp ornuny eýeledi. Türkmen halky her ýyl beýik söz ussadynyň şygryýetine bagyşlanan baýramçylygy giňden bellemek bilen, onuň hatyrasyny belent tutýar.  

Häzirki wagtda, ençe asyrlar aşsa-da, Magtymgulynyň belent ýörelgeleri, Watana bolan söýgüsiniň asylly duýgulary dürli döwletlerde ýaşaýan hemme hoşniýetli adamlara ýakyndyr we düşnüklidir, çünki her bir hakyky zehiniň çägi bolmaýar hem-de ol wagta we giňişlige garaman, ynsan ýüreklerini  bendi etmäge ukyplydyr. Bu ajaýyp bahar baýramçylygynyň öwüşgini Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban halkymyzy täze özgertmelere we ýeňişlere ruhlandyryp, ajaýyp Watanymyzyň durmuşyna şugla  saçýar. 

Elbetde, bu baýramçylyk agşamynda bagşy-sazandalaryň ençemesi öz çykyşlaryny türkmen şygryýetiniň beýik ussady Magtymgula bagyşladylar. Onuň döredijilik mirasy we Türkmenistanyň Konstitusiýasy biziň halkymyzyň bir bitewi gymmatlyklaryny beýan edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. 

Degişli makalalar

Dünýä Türkmenleriniň Ynsanperwer Birleşiginiň XX Maslahaty

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Döwlet Ýer Kadastry Hakynda

Ýeriň Ýaşyl Ýaşaýşy