21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Azia­da-2017 Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ri­ler!

Aş­ga­bat Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de il­kin­ji bo­lup üs­ti ýa­pyk bi­na­lar­da Azi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­mä­ge hu­kuk al­dy.

Ku­weýt­den hoş ha­bar ge­lip go­wuş­dy. Düýn bu ýur­duň paý­tag­tyn­da AOG bi­len Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li olim­pia ko­mi­te­ti­niň ara­syn­da 2017-nji ýyl­da Aş­ga­bat­da üs­ti ýa­pyk bi­na­lar­da hem-de sö­weş sun­gat­la­ry bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­mek ha­kyn­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma gol çe­kil­di, şol ýer­de Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi­niň /AOG/ ştab-kwar­ti­ra­sy ýer­leş­ýär. Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi­niň pre­zi­den­ti şeýh Ah­mad Al Fa­had Al-Sa­bah we hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şyr­ma­gy bo­ýun­ça Ku­weý­te ge­len türk­men we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry bu mö­hüm res­mi­na­ma gol çek­di­ler.

«Biz Türk­me­nis­tan bi­len şert­na­ma gol çek­mä­ge şat­dy­rys» di­ýip, gol çek­mek da­ba­ra­syn­da Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi­niň pre­zi­den­ti şeýh Ah­mad Al Fa­had Al-Sa­bah aýt­dy we bi­ziň ýur­du­my­zyň Azia­da—2017-ni gu­ra­ma­ga hu­kuk al­mak üçin bel­li bir mak­sa­da gö­nük­di­ri­len işi­ni ma­kul­la­dy.

Ol şeý­le hem «AOG Türk­me­nis­tan we onuň paý­tag­ty Aş­ga­bat şä­he­ri ta­ra­pyn­dan gö­rül­ýän ta­gal­la­la­ry yk­rar ed­ýär we üs­ti ýa­pyk bi­na­lar­da hem-de sö­weş sun­gat­la­ry bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­nyň ge­çi­ril­me­gi­ne sa­byr­syz­lyk bi­len ga­raş­ýar» di­ýip nyg­ta­dy.

Türk­me­nis­tan ta­ra­py öz no­ba­tyn­da Türk­me­nis­ta­nyň 2017-nji ýyl­da Azi­ýa oýun­la­ry­ny Mer­ke­zi Azi­ýa­da il­kin­ji ge­zek ka­bul edip bi­ler hem-de şol oýun­la­ry Aş­ga­bat­da üs­tün­lik­li ge­çi­rer di­ýip ynam bil­dir­di.

Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi­niň /AOG/ ho­wan­dar­ly­gyn­da ge­çi­ril­ýän üs­ti ýa­pyk bi­na­lar­da­ky Azi­ýa oýun­la­ry iň go­wy tür­gen­le­ri ýyg­na­ýar we olar esa­san spor­tuň gör­nüş­le­ri­niň 20-sin­de bäs­leş­ýär­ler. Şeý­le oýun­la­ryň il­kin­ji­si 2005-nji ýyl­da Bang­kok­da /Taý­land/, ikin­ji­si 2007-nji ýyl­da Ma­kao­da ge­çi­ril­di. Oýun­la­ryň üçün­ji­si ge­çen ýyl Wýet­nam­da ge­çi­ril­di, şon­da bi­ziň ýur­du­my­zyň we­kil­le­ri—fut­zal­çy­lar 4-nji or­ny eýe­läp, örän üs­tün­lik­li çy­kyş et­di­ler.

Üs­ti ýa­pyk bi­na­lar­da gel­jek­ki IV Azi­ýa oýun­la­ryn­dan baş­lap, şol ýa­ryş­lar dört ýyl­da bir ge­zek we sö­weş sun­gat­la­ry bo­ýun­ça ýa­ryş­la­ry mak­sat­na­ma goş­mak bi­len ge­çi­ri­ler. Azia­da şu­lar ýa­ly gi­ňiş­le­ýin mak­sat­na­ma­da 2013-nji ýyl­da Ka­ta­ryň Do­ha şä­he­rin­de ge­çi­ri­ler, soň­ra bol­sa dört ýyl­dan soň üs­ti ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­gat­la­ry bo­ýun­ça Azi­ýa oýun­la­ry­ny Türk­me­nis­ta­nyň paý­tag­ty Aş­ga­bat ka­bul eder.

Türk­me­nis­ta­nyň Mer­ke­zi Azi­ýa se­bi­tin­de il­kin­ji ge­zek 2017-nji ýyl­da üs­ti ýa­pyk bi­na­lar­da hem-de sö­weş sun­gat­la­ry bo­ýun­ça Azi­ýa oýun­la­ry­ny ge­çir­mä­ge hu­kuk alan­dy­gy ha­kyn­da Ku­weý­tiň paý­tag­tyn­dan ge­lip gow­şan ha­bar bü­tin dün­ýä­de giň­den ses­len­me dö­ret­di we bi­ziň ýur­du­my­zyň dur­mu­şyn­da äh­mi­ýet­li wa­ka bol­dy.

Azi­ýa yk­ly­my­nyň 45 döw­le­ti­ni öz ha­ta­ryn­da bir­leş­dir­ýän Azi­ýa­nyň Olim­pi­ýa ge­ňe­şi­niň çöz­gü­di hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da we gö­nü­den-gö­ni gat­naş­ma­gy bi­len ge­çi­ril­ýän, ýur­du­myz­da spor­ty we be­den­ter­bi­ýä­ni giň­den ös­dür­mä­ge, Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra sport çä­re­le­ri­ne go­şu­lyş­ma­gy­na gö­nük­di­ri­len giň möç­ber­li işiň aý­dyň ne­ti­je­si bol­dy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Ajaýyp Ilkinji Ýyldyzlar, Leýli Mämmetniýazowa Bilen Tanyş Boluň!

Dünýä Çempionatynda Türkmen Agyr Atletikaçysynyň Gazanan Bürünç Medaly

Talyplaryň Futzal Ýaryşy Tamamlandy