27.9 C
Aşkabat
16.06.2025
SPORT

Aziada-2017 we Türkmenistanyň Ösüşiň Hem-de Parahatçylygyň Bähbidine Sportda Tutýan Orny

 Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew hasabatynda,  paýtagtymyzda 2-4-nji aprel aralygynda  «Aziada-2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny» atly halkara maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk hakynda habar berdi. 


Bellenilişi ýaly, bu iri maslahata V Aziýa oýunlarynyň sport maksatnamasyna girýän sport görnüşleri boýunça Aziýa federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň, şeýle hem bilermenleriň,  Sport media-forumynyň ikinji tapgyryna gatnaşyjylaryň, daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleriniň, ýurdumyzyň hem-de daşary döwletleriň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara maslahatyny ýokary guramaçylykly geçirmek üçin degişli meýilnama taýýarlanyldy. Onuň açylyş dabarasy 2-nji aprelde Milli sport we syýahatçylyk institutynda geçiriler,  bölümçe maslahatlary bolsa şol institutda we Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebinde geçiriler. Maslahatyň çäklerinde 3-nji aprelde Sport media-forumyny geçirmek göz öňünde tutul    ýar. Şonuň bilen birlikde, türkmen tarapynyň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň geçirmek meýilleşdirildi. Daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherçesine baryp görmek göz öňünde tutulýar, onuň binalarynda Aziada—2017-niň ýaryşlary geçiriler.

Degişli makalalar

Türkmen Türgenleriniň Üstünlikleri

syrach

Türkmenistanyň Sport Wekilieti Katarda Boldy

syrach

Agyr Atletika Boýunça «Olimp» Orta Sport Mekdebiniň Açyk Birinjiligi

turkmenhabargullugy