19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

Aşgabadyň Olimpiýa Şäherjiginde Meşhur “Harlem Globetrotters” Toparynyň Gatnaşmagynda Basketbol Tomaşasy Geçirildi

Aşgabadyň Olimpiýa Şäherjiginde Meşhur “Harlem Globetrotters” Toparynyň Gatnaşmagynda Basketbol Tomaşasy Geçirildi

Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň sportuň oýun görnüşleri toplumynda meşhur “Harlem Globetrotters” toparynyň gatnaşmagynda hem-de ýene birnäçe aýdan türkmen paýtagtynda badalga alýan Aziada –2017-ä bagyşlanan basketbol tomaşasy uly üstünlik bilen geçirildi.

Bu tomaşa türkmen we daşary ýurt basketbolçylarynyň arasyndaky görkezme oýny bilen açyldy, soňra meýdançada akrobat –basketbolçularyň ýerine ýetirmeginde çykyşlar guraldy, olar basketbol toruna pökgi geçirmegiň ussatlyk tilsimlerini görkezdiler.

Amerikanyň örän meşhur basketbol oýny boýunça tomaşalary gurnaýjylar meşhur “Harlem Globetrotters” toparynyň agzalary tutuş dünýä boýunça gyzykly çykyşlar görkezip, pökgi bilen täsin tilsimleri görkezýärler. Hakyky basketbol tomaşasynyň tilsimleri aşgabatly tomaşaçylarda, aýratyn-da bu tomaşany synlamaga gelen köp sanly çagalarda we ýetginjeklerde ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

Geçen asyryň 20-nji ýyllarynda Garlemde döredilen mekdep topary täsin tilsimleri ýerine ýetirmekde ussatlyklary bilen tapawutlanýarlar. Şondan soňra, bu topary basketboluň Şöhrat binasynyň geljekki agzasy Eýb Seperstaýn satyn aldy hem-de onuň adyny Harlem Globetrotters diýip atlandyrdy.

Bu topar 90 ýyllyk taryhynda özüniň meşhur oýny bilen şöhrata eýe boldy, onuň oýunçylary tarapyndan köpsanly rekordlar goýuldy, olaryň hatarynda 24 ýylyň dowamynda bir gezek hem ýeňlişe sezewar bolman, edilen çykyşlar hem-de awiagöterijiniň üstünde görkezilen özboluşly çykyşy bar. Bu topar stritbol boýunça ilkinji tomaşa görkezýän topardyr, onuň çykyşlaryna höwes edýänleriň sany ähli ýurtlarda barha artýar.

Häzirki wagtda “Harlem” ozalky ýyllarda bolşy ýaly tutuş ýer ýüzünde basketbol oýnuny wagyz etmegi maksat edinýär. Ýapyk binalarla we söwegş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna basketbolyň 3×3 stritbol görnüşi girýär. Sportuň bu görnüşiniň Ýaponiýanyň paýtagty Tokioda 2020-nji ýylda geçiriljek Olimpiadanyň maksatnamasyna girizmegiň teklip edilmegi onuň uly meşhurlyga eýedigine şaýatlyk edýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Arasynda…

turkmenhabargullugy

Dalaşgär Meretdurdy Gurbanow Aşgabatda Saýlawçylar Bilen Duşuşdy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti: 2017-nji Ýylda Önümçilik Desgalaryň 262-si we Durmuş Ähmiýetli Desgalaryň 611-si Gurlar