16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DURMUŞ

Baharyň adamlara paýlaýan güller dünýäsiniň sazlaşygy.

Tebigatyň oýanmagynyň döredijiliki güýji eýýäm ýüzlerçe ýyl bäri adamlary sungatyň täze eserlerine ruhlandyrýar. Ene topragyň owadan keşbi biziň ata-babalarymyz üçin esas bolupdyr. Onuň alamatlary türkmen bezeg keşdelerinde, nagyşlarynda we halylarynda öz beýanyny tapypdyr. Olar hasyllylygy, abadançylygy, söýgüni, tebigatyň güller dünýäsiniň sazalaşygyny alamatlandyrypdyr. 
Keşdeler adamyň gündelik durmuşynda ýaşapdyr. Ösümlik, geometriki, zoomorf şekiller ýaşaýyş jaýlaryny, dini we durmuş enjamlary, geýimleri, binagärlik gurluşlary bezäpdir. Türkmen keşdelerinde tebigatyň, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň şekillerine elmydama eserdeňlik bilen garamak mahsus bolupdyr. 

Şeýle hem gülleriň, şahalaryň, üzüm hoşalarynyň şekilleri türkmen keşdelerinde möhüm orny eýeläpdirler. Tow berilen görnüşdäki örülen ýa-da ösümlik görnüşindäki keşdeler, ýapraklar, okaraýapraklar halylary, milli geýimleri bezemekde giňden ulanylypdyr. 

Geýimleriň bezegi hem türkmenleriň beseg sungatynda esasy ugurlary bolup durýar, ol zenan geýimlerinde has agdyklyk edýär. Sebäbi hemme halklarda hut zenanlaryň özleri – owadanlygyň, näzikligiň, söýgüniň, ýagny zeminde iň owadanlygyň ajaýyp nusgalarydyr. Hususanda, gekniň atynýan kürtesi söýgüniň maşgala abadançylygynyň nusgasy bolup durýar. Gyzyl kürtäniň ähli ýerini beüeýän owadan nagyşlar gülleýän ýaşlygyň mähremliligini beýan edýär. 

Owadan nagyşlat halylaryň, keçeleriň gyralaryny bezeýär. Islim nagşy has ýaýran görnüşdir. Ol özüniň tow berlen dürli hilli sapakalary bilen metjitleri, medreseleri we kümmetleri bezemekde hem ulanylypdyr. Islim – çyrmaşygyň we burum-burumyň birleşdirmegi bilen emele getirilýän nagşyň görnüşidir. Ol gülleýän bag baldagynyň yzygiderli ösüşini beýan edýär. 

Tebigata bolan yzygiderli söýgi eli çeper zenanlaryň keşdelerinde öz beýanyny tapýar. Gyz tahýalary, palaslar we halylar, däp-dessur geýimleri – başatgyçlar meýdan gülleri bolan gülýaýdy bilen bezelipdir. Gyz öz eli bilen keşde çeken tahýany ýaş ýigide sowgat hökmünde beripdir. Gülýaýdy keşdesi ahal-teke bedewlerini bezemek üçin dokalýan halylarda hem ulanylypdyr. Şeýle hem bi keşdeler çagalaryň sallançagy üçin dokalýan palas halyçalarada ulanylypdyr. Olary saçak üçin ulanylýan matalarda taýýarlapdyrlar. 
Owadan gülli nagyşlar bilen bezelen halylar, palaslar we keçeler ýere düşelýän düşek hökmünde ulanylyýar, ösümlikleriň şekilleri bilen bezelen halylar ýa-da haly önümleri diwardan ýa-da işikden asylýar. Palaslar özboluşly nagyş bolan bossanylar bilen bezelipdir. Ak öýleriň içine düşelýän düşekler özleriniň çeperçilik taýdan owadanlygy bilen öýlere özboluşlu gelşik beripdir. 
Türkmenler Nowruz baýramynda öz öýlerini “ak ýüňüň” inçejik zolagy bilen bezäpdirler. Täsir ediji keşdeler toplumy, onuň dokalyşynyň ýokary hilliligi, olaryň reňk bilen owadan bezelişi olary halk şekillendiriş sungatynyň ajaýyp eserleriniň hatarynda goýýar. Ak matanyň ýüzünde gülýaýdynyň özboluşly gül äheňi, çigildem we bägül gülleriniň çemeni, iri gül düýpleri we çemenleri emele gelýär. 
Dürli görnüşdäki halylar we palaslar ХVIII ХIХ asyrlaryň ortalarynda tegelek görnüşdäki ak öýleri bezäpdir, öz gaýtalanmajak owadanlygy bilen şöhratlanypdyr. Gülýaýdy nagyşlary onuň dürli ýerlerinde gaýtalanmak bilen: ýa tor toplumynda, ýa göni bölýän zolakda, ýa-da özbaşdak görnüşde bu ýerde hem giňden ulanylypdyr. Eli çeper zenanlar ýüňi has hem janlandyrmak üçin nagyşlar döretmäge ýüpegi ussatlyk bilen girizipdirler. 
Ösümlikleriň şekilleri Bagt agajy diýlip atlandyrylýan sada we çylşyrymly görnüşlerde köp gyraňly görnüşde berilipdir. Haly Namazlyklarda “gül-kelle” şekili has köp, çylşyrymly we öwadan görnüşde ulanylypdyr. Salyr torbalarynda hal “janly”, ýeňil we elegant nusagalary has köp gabat gelýär, üowdurlar bolsa halyklary we gapy perdelerini bezemek üçin ulanylypdyr Düşelýän kerki halylarynyň ortasyndaky meýdan ösümlik, güýçli geometrleşdirilen nagyşlar bilen agaç görnüşinde ýa-da topbak ösümlik görnüşinde bezelipdir. Beşir halylarynda ösümlik görnüşleri – gyralary kertik ýasy ýapraklar ýa-da gülleriň profil görnüşlerindäki usullar agdyklyk edýär. Ärsary halylarynda gül keşdeleri iri sekizburçly medalýon görnüşinde berilýär. Bu nagşyň her bir bölüminde üç ýaprakly ösümlikler ýerleşdirilendir. 
Gündogaryň iň bir söýgüli ösümlikleriniň beri hem, köp nagyşlarda ulanylýan badam agajydyr. Amyderýanyň kenarynyň ýaşaýjylarynda badam we onuň miwesi dürli görnüşlerde gabat gelýär. Olaryň biri ýaňy ösüp ugran dänäni, beýlekileri – ýapragy, üçünjisi agajyň özüni ýada salýar. Olaryň ählisi täze durmuşyň döreýändigini beýan edýär. Kerki we beşir önümlerinde bu şekiller açyk, ýöne bir rekde we bir gülli häsiýete eýedir. Olaryň tapawutlanýan tarapy bolsa, badam miwesinden ýaňy gögerip çykan şinäni görkezýär. 
Ýumşajyk, gün şöhlelerine ýaldyraýan ösümlik nagyşlary örän ýagty, olar adamlaryň kalplaryndaky baharyň ebedilikdigine şaýatlyk edýär. Bu gözüň ýagyny iýip barýan halylarda gülýapraklaryň arasynda kebelegiň şekili gulden-güle gonup ýör. Bu ajaýyplyklary görup, käwagtlar sen nirede gezip ýöreniňem, gül nagyşlary bilen bezelen halynyň üstündemi, ýa-da jennetdäki üýtgeşik gülleriň arasyndamy, nirede gezip ýöreniňi kesgitlemek kyn düşýär.. 
Çeper elli gyzlar we halyçylar täze nagyşlary oýlap tapýarlar. Olar gadymy türkmen milli sungatyna täze durmuşy döredijilikli berýärler. Nagyşlar we keşdedir göller diňe bir çeper medeniýetiň bir bölegi hökmünde janly milli sungat hňkmünde saklanyp galman, eýsem olar mudan beýläk giňden ösdüriler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Adyna Gutlag Hatlary Gelip Gowuşýar

Ene mähri merkezinde üçem çaga dünýä indi.

syrach

Aýazly günlere ýeterlik derejede taýýarlyk görüldi.

syrach