15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Bakuda Maslahat Geçirildi

2015-nji ýylyň 6-njy maýynda Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň Azerbaýjanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki barlaglar merkezi bilen bilelikde  «Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik – Türkmenistanyň taryhy saýlawy» atly halkara maslahaty geçirildi.

Maslahatyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti, Bakuda akkreditirlenen diplomatlar we halkara guramalarynyň wekilleri, Azerbaýjanyň Ylymlar akademiýasynyň, ýokary okuw jaýlarynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri, politologlar we alymlar, şeýle hem Azerbaýjanyň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplary gatnaşdylar.

Halkara maslahatynyň başynda giriş sözlerinden soňra Azerbaýjan Respublikasyndaky Türkmenistanyň Ilçisi T.Kömekow myhmanlara we gatnaşyjylara «Türkmen bitaraplygynyň gözbaşy» temasy boýunça ýüzlendi.

Öz çykyşlarynda maslahata gatnaşyjylar Türkmenistanyň Bitaraplygynyň taryhy aýratynlygy, türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüşi, türkmen halkynyň taryhy we däpleri barada aýtdylar.

Türkmenistan bitarap statusyna eýe bolmak bilen üstüne ençeme borçlaryny alandygy aýratyn bellenildi, hususan hem, syýasy, harby birleşiklere we bloklara goşulyşmazlyk, köpçülikleýin gyryş ýaraglaryndan ýüz öwürmek, ýurduň içnde asudalygy üpjün etmek, şeýle hem dünýäniň ähli ýurtlary bilen deňhukukly gatnaşyklary alyp barmak we dürli halkara guramalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek. 

Halkara maslahatynyň ahyrynda Türkmenistanyň Bitarap statusy parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we özara düşünişmek ýörelgelerine ygrarlydygynyň, şeýle hem ýurdumyzyň açyklygynyň nyşanydygy ýene bir gezek bellenildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Täze Ýylyň Öňýanyndaky Baýramçylyk Dabaralaryna Gatnaşdy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

turkmenhabargullugy

Türkiýe Russiýadan, Türkmenistandan, Ýakyn Gündogardan, Azerbaýjandan Gelýän Gaz Üçin Üstaşyr Geçiriji Bolmak Isleýär

syrach