26.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Baş Drama Teatry

Baş Drama Teatry

Oýunda ýeke ýaşaýan gartaşan adamlaryň şahsy durmuşa hukugy barmy? – diýen wajyp mesele gozgalýar. Durmuş meseleleriniň özgerýän häzirki döwründe bu sowal möhüm ähmiýete eýe bolýar.

Kime şu sowal bilen ýüz tutsaň her kim „Elbete, haky bar!“ – diýip jogap berer. Ýöne köplenç ýakyn hossarlarynyň bu meselä garaýşy başgaça bolýar. Ýakymsyzlygy aňladýan hytaý iýoroglifi iki dik we bir kese çyzykdan ybarat diýýärler, munuň özi bir öýde iki zenanyň barlygyny aňladýar. Näme, maşgalanyň täze agzasy ýakymsyzlyk getirýän ikinji zenan maşgala bolaýmalymy?! Iň esasy-da, öýe ýazga durmagy ýaşaýyş jaýyna eýe çykmagyny aňladýarmy?!

Guldurdy Sähetdurdyýewiň bitiren uly işi,-ol türkmen dramaturglaryndan ilkinji bolup öz pýesasynda gaýtadan durmuş gurýanlar meselesini gozganlygyndadyr, ol maşgala dramasynyň käbir gahrymanlarynyň göwne geliwsiz häsiýetlerini görkezipdir.

Rahat durmuşda ýaşap ýören saz mugallymynyň öýünde başagaýlyk turýar. Onuň dul galan zergär kakasynyň öýlenmekçi bolýandygy baradaky habara maşgala agzalry ilki gülse, soňam alada galýarar. Öýde ýat zenan peýda bolsa nähili bolar-a? Atasy agtyklaryna nähili görelde görkezýär? Adamlar näme diýer? Şeýle soraglaryň yzy tükenenok. Zergäriň durmuşa çykan gyzy olary hasam öjükdirýär, ol ir ýogalan ejesiniň ornuna başga biriniň gelmegine asla razy däl.Olar hatda öý kitapçasynam ýygşyryp goýýarlar.

Emma maşgalabaşy aýaly bilen aýra ýaşajakdygyny aýdandan ýagdaý düýpgöter özgerýär duruberýär. Olar dessine olaryň nikasyny goldaýarlar, olaryň aýra ýaşajakdygyna „gynananam“ bolýarlar. Bu ýagdaý hem olaryň ýüzüniň perdesini syrýar—diýmek mesele täze maşgalanyň öýe ýazga durmagynda ekend-ä?

– Biz oýna meşhur aýdymyň „Seni wepaň üçin“ diýen setirini goýduk,-diýip, režissýor Eziz Işangulyýew gürrüň berýär. — Biziň göz öňünde tutuşymyza görä, zergär ýogalan aýalynyň ruhuna ýüzlenip, öz hereketini oňa düşündirýär. Ol çagalarynyň ulalyp, hünär edinmeginiň, öýli-işikli bolmagynyň aladasyny edipdir. Çagalarynyň gurnalan durmuşy bar. Indi öz aladasyny etse-de boljak, onsoňam gowy maşgala duşupdyr, galan ömrüni onuň bilen bolasy gelýär.

Waka saz mugallymynyň öýünde bolup geçýär. Oýun goýujy nakgaş Maksat Annagylyjow döwrebap öýüň bezegini döredende bir üýtgeşilik girizipdir-göze ilýän ýerde äpet sagat goýupdyr. Özem onuň görkezýän wagty oýnuň gidýän döwri bilen deň ýöreýär. Nakgaş şeýtmek bilen näme diýjek bolduka? Belki, oýun hem öz şatlyk-gussasy bilen durmuşymyzyň bir bölegi diýjek bolandyr.

Oýun entek tomaşaçylara görkezilmese-de, artisrleriň oýnunyň sazlaşygy duýulýar. Zergäriň keşbini Türkmenistanyň halk artisti Muhammet Bekiýew, onuň saýlan zenanynyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Amanbibi Abdyrahmanowa ýerine ýetirýärler. Olaryň gahrymanlary göwnüňi galkynýar, ýöne saz mugallymydyr onuň aýalynyň keşbi ýürekde iňkis döreýär, olaryň keşplerini Türkmenistanyň at gazanan artistleri Myrat Orazmuhammedow bilen Maýa Annaýewa ýerine ýetirýärler.

Baş drama teatrynyň täze oýny tomaşaçylary bu mesele barada oýlandyrýar, olary şeýle ýagdaýda näme etjekdikleri barada pikirlendirýär. Başgaça aýdanyňda, olara güýçli täsir edip, parasatlylyk we adalatlylyk ýaly adamyň iň ýagşy häsiýetleriniň ýüze çykmagyna ýardam edýär.


Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN

Degişli makalalar

Gadymy Merwiň galalary.

syrach

Bosgunlaryň Ýygyndy Topary «Aşgabat 2017» Oýunlaryna Gatnaşarlar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgär Mary Welaýatynyň Häkiminiň Orunbasary Jumanazar Annaýewiň Maksatnamasy