18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Basketbolçy Ýetginjekler Bäsleşdiler

Golaýda sportuň basketbol görnüşi boýunça U-18 (2002-2003; oglanlar) ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanyň birinjiligi tamamlandy. Aşgabat şäheriniň Halkara Nebit we gaz uniwersitetiniň sport desgasynda guralan bu ýaryşda 8 topardan ezber oýunçylar bäsleşdiler.

Gyzgalaňly geçen ýaryşyň netijesinde Balkan welaýatynyň ýygyndysy I orna, Aşgabat şäheriniň ýygyndysy II orna, «Olimp» orta sport mekdebiniň ýygyndysy III orna mynasyp boldular.

Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň Hormat hatlary hem-de Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň medallary we kubogy gowşuryldy.

Abadan AMANBERDIYEWA,

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň mugallym-öwrenijisi.

Çeşme: https://msy.gov.tm/

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň we Onuň Töwereklerindäki Täze Gurluşyklardaky Işleriň Barşy Bilen Tanyşdy

Maglumat Elýeterliligi

syrach

Türkmenistanyň Halkara Sport Media Forumy Guruldy

syrach