21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Bazar Gatnaşyklarynyň Işjeňleşdirilmegi-Ykdysady Ösüşiň Esasy Ugry

Bazar Gatnaşyklarynyň Işjeňleşdirilmegi-Ykdysady Ösüşiň Esasy Ugry

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri boýunça ýurdumyzyň maliýe-ykdysady edaralarynyň, düzümleriniň we bank ulgamynyň öňünde goýan möhüm wezipelerini çözmekde milli ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahat geçirildi.

Bu wezipeler döwlet Baştutanymyzyň degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda düýn geçiren maslahatynda kesgitlendi. Olarda ady agzalan pudaklaryň işini kämilleşdirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Bu ugurda ägirt uly işleriň öňde durýandygy Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişini, ykdysady nukdaýnazardan ähli ykdysady we dolandyryş çözgütleriniň kabul edilmegini, ýurdumyzyň uzakmöhletleýin bähbitleriniň nazarda tutulmagyny, goýberilýän serişdeleriň oýlanyşykly we netijeli peýdalanylmagyny, kiçi we orta telekeçiligi hemmetaraplaýyn goldamak boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini üpjün etmek meseleleriniň möhümdigine ünsi çekildi. Ykdysadyýetimiziň bäsleşige ukyplylygyny hemmetaraplaýyn esasda ösdürmäge we berkitmäge, onuň eksport kuwwatyny artdyrmaga, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmäge, döwlet eýeçiligindäki kärhanalary we desgalary hususylaşdyrmaga we olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmäge gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň gyşarnyksyz berjaý edilmeginiň zerurdygyny bellendi.

Häzirki ýagdaýlary nazara almak bilen, ýurdumyzyň salgyt gullugyny düýpli özgertmegiň zerurdygyna, şeýle hem täze usullary, öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmagyň esasynda maliýe we bank-karzlaşdyryş ulgamyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak boýunça zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň wajypdygy nygtaldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň-Bitaraplygyň Mekanynyň Daşary Syýasaty

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Dostyk” Ordenine Mynasyp Boldy

turkmenhabargullugy

Dine Uýmak Erkinligi we Dini Guramalar Atly Tegelek Stol Çäresi Geçirildi