21.5 C
Aşkabat
21.09.2024
YKDYSADYÝET

Bazar ykdysadyýetini döredýän ösüş.

Türkmenistanda 2012-nji ýylda jemi öndürilen önümiň, ÝET başga, 56 göterimden gowragy hususy bölege düşýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň senagat önümleriniň öndürilişiniň ösüş depgini 2013-ji ýylyň 11 aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 181 göterim boldy, oba hojalyk önümleri – 166 göterim boldy. Gurluşyk-gurnama işleri 88 göterim artyk ýerine ýetirildi. Şunlukda TSTB boýunça umumy haryt dolanşygynyň ösüş depgini 220 göterime deň boldy, oba ilatyna edilen hyzmatyň möçberi – 244 göterim boldy. 

Ýurduň ykdysadyýetiniň durnukly we çalt depginler bilen ösdürilmegini goldamak üçin döwlet maliýe, ätiýaçlandyryş we birža syýasatyny, döwlet eýeçiligini dolandyrmak, innowasion ösüş ykdysadyýetini we telekeçiligi ösdürmegiň meselelerine gatyşmagy azaltmak syýasaryny ulanmak bilen, ýokary hilli önümleri we hyzmatlary höweslendirýär. Telekeçilik bilen gatnaşyklary hyzmatdaşlyk, dogruçyllyk we aýanlyk esasynda alyp barýar. 

Döwlet baştutany telekeçiligi ösdürmek we goldamak üçin senagat, oba hojalygy, ulag, aragatnaşyk, hyzmatlar, maglumatlar tehnologiýalaryny, innowasiýalar pudaklarynda teklip edilýän biznes-taslamalaryny ornaşdyrmak üçin hususy telekeçilere karz pul bermäge Türkmenistanyň banklaryny borçly etdi. Ýurduň banklary, dowlet toparynyň oňaýly çözgütleri esasynda, teklip edilen taslamalar we biznes-meýilnamalar boýunça uzak möhletleýin we gysga möhletleýin karz pullary berýär. Işlenilip taýýarlanan düzgünnamanyň esasynda uzak möhletleýin pul serişdeleri esasy serişdeleri maliýeleşdirmek üçin 10 ýyl möhlet bilen ýyllyk 5 göterim bilen berilýär. Dolandyryş serişdelerini satyn almak üçin bolsa – 1 ýyl möhlet bilen gysga möhletleýin berilýär. Karz pullary milli manatda we daşary ýurt pullarynda bolup biler. 

2013-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi özüniň döredilmeginiň 5 ýyllygyny belledi. TSTB esasy gazanan üstünlikleriniň biri hem 2012-nji ýylda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasyny döretmekleridir. Birleşmäniň agzalary ýurdy 2012-2016-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli maksatnamanyň amala aşyrylmagyna işjeň gatnaşýarlar. Olaryň öňlerinde şu döwrüň içinde durmuş-önümçilik ähmiýetli desgalaryň 200-ni gurmak we ulanyşa bermek wezipesi durýar, şeýle hem senagat zolagy we Birleşmäniň bazasy dörediler. Welaýatlarda täze senagat-söwda, durmuş merkezlerini, gaplaýjy bölümleri, süýji-köke we çörek önümlerini, ösümlik ýagyny, miwe suwlaryny, konserwleri, alkogolsyz içgileri, et-süýt önümlerini öndürýän kärhanalaryny gurmak, fermer hojalyklaryny, gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalary we zawodlary gurmak göz öňünde tutulýar. 

Bu günki gün türkmen telekeçileri täze tehnologiýalary ulanmak bilen, öz işlerini dürli ugurlar boýunça – gurluşykda, söwdada, jemgyýetçilik iýmitinde, oba hojalygynda, senagatda, bilim ulgamynda, syýahatçylykda, bedenterbiýe we sportda, mahabatda we çaphana işlerinde amala aşyrýarlar. Türkmen hususy gurluşyk kompaniýalary gurluşyk-gurnama we gurluşyk işlerini amala aşyrmak boýunça halakara bäsleşiklerine işjeň gatnaşýarlar. Çünki, biziň telekeçilerimiz eýýäm daşary ýurlaryňkydan pes gelmeýän ýokary hilli gurluşyk işlerini ýerine ýetirmekde ýeterlik derejede tejribe topladylar. 

Gurluşyk pudagy üçin gurluşyk önümlerini öndürýän telekeçilik gurluşlaryň maýa goýum işleri täze gowy hilli önümçiligi ösdürmäge, gurluşyk önümleriniň, önümleriň we gurluşlaryň bäsdeşlige ukyply görnüşlerini öndürmäge gönükdirilendir. Olaryň ulanylmagy bilen, oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň özüne düşýän gymmaty arzanlar. Täze serişde we energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar we önümler esasynda gurluşyk önümlerini öndürmek boýunça kuwwatlyklaryň döredilmegi gurluşyk gurluşlarynda ýylylygyň ýitirilmeginiň azalmagyny üpjün eder; ýaşaýyş jaý gurluşygy üçin häzirkizaman jaý gurluşyk predmetleriniň önümçiliginiň ösdürilmegine, şeýle hem ýerli gurluşyk önümlerini aňrybaş derjede ulanmaga ýardam eder.

Degişli makalalar

Türkmenabatda Işewürler Merkeziniň Taslamasy

syrach

Birža Täzelikleri

Hazarýaka döwletleriň ykdysadyýetleriniň özara baglanyşygynyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy