16.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

“Behişdi ahalteke atlary” žurnalynyň birinji sany çapdan çykdy.

Türkmen bedewiniň barýamynyň öňýanynda ýokary çaphana derejesinde ýerine ýetirilen “Behişdi ahalteke atlary” žurnalyň birinji sany türkmen, rus we iňlis dillerinde çapdan çykdy.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň maglumat – syn beriş žurnalynyň esasy maksady ahalteke tohumyndan bolan bedewlerini türkmen atşynaslarynyň we seýisleriniň toplan baý tejribesini, halkymyzyň “behişdi bedewler” bilen baglanyşykly milli däp-dessurlaryny dünýäde wagyz etmekden, şeýle hem giň okyjylar köpçüligini ahalteke bedewleriniň Ýer ýüzündäki abraýyny artdyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda alnyp barylýan ägirt uly işler bilen ýakyndan tanyşdyrmakdan ybaratdyr.

Žurnalyň birinji sany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň okyjylara gutlagy bilen açylýar. Onda milletiň Lideri “Bedew halkymyzyň aňynda asyrlaryň dowamynda arzuwlaryň amala aşmagynyň, maksada okgunlylygyň we ýeňşe bolan mizemez erkiň nyşanyna öwrüldi. Hut şonuň üçin hem berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ahalteke bedewi ýurdumyzyň nurana keşbini, beýik ýeňişlere we rowaçlyklara okgunlylygyny, galkynyşyny ozünde jemläp, ýene-de taryhy eýýamyň belentligine çykdy we beýik özgerişleriň, döredijilik guýjüniň aýdyň beýanyna öwrüldi” diýip nygtaýar.

Giň okyjylar köpçüligi žurnalyň sahypalarynda ahalteke atçylygynyň taryhyna we häzirki döwrüne, Halkara ahalteke atçylyk assoisiasiýasynyň işine, türkmen jigitleriniň Ukrainanyň paýtagtynda eden çykyşyna, ýurdumyzda geçirilýän seçgi işine we atçylyk sport toplumlarynda çapyşyk möwsüminiň açylyşyna, ahalteke bedewiniň keşbiniň şekillendiriş sungatynda beýan edilişine we beýlekilere bagyşlanan makalalary okap bilerler.

Her ýylda iki gezek çykýan “Behişdi ahalteke atlary” žurnalynda okyjylara makalalaryň toplumy hödürleniler. Olar türkmen halkynyň bedewe bolan çyn ýürekden we tolgundyryjy söýgüsine düşünmäge, milletiň baý ruhy mirasyna aralaşmaga, seçgi – tohumçylyk işine uly goşant goşan meşhur adamlaryň durmuş we zähmet ýoly, belli bir tohum ugrunyň iň oňat wekilleri baradaky maglumatlar, şeýle hem Türkmenstanyň atçylyk pudagynyň häzirki ýagdaýyny ösdürmek we geljegi hakyndaky maglumatlary almaga mümkinçilik berer.

Bu ugurda hünärmenleriň we bilermenleriň işjeň gatnaşmagy üçin täze mümkinçilikleri döredýän neşiriň sahypalarynda meşhur seçgiçilere, atşynaslara, çapyksuwarlara söz berler, tohum atlar bilen iş alyp barmagyň halkara tejribesi we häzirki zaman iş tejribesi ara alnyp maslahatlaşylar, ahalteke bedewleriniň geljekki ykbalyna, olaryň biziň durmuşymyzdaky ornuna hem-de ähmiýetine dahylly bolan meseleler gozgalar. Täze žurnal türkmen atçylygynyň halkara pudaklaýyn industriýasyna goşulyşmagyna, arassa ganly ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan, bedewleriň bu tohumyny gorap saklamaga hem-de kämilleşdirmäge, sport ugurly beýleki bedewleriň arasynda onuň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga gatnaşýan ýurtlaryň, guramalaryň, firmalaryň, hususy hojalyklaryň arasynda ýakyn gatnaşyklary hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we giňeltmäge ýardam eder.

Bu žurnal ajaýyp we özboluşly bedewler bilen öz durmuşyny baglan hünärmenler hem-de öz işiniň ussatlary üçin hem, bedewleriň, atçapyşyklaryň muşdaklarynyň ählisi, okyjylaryň giň topary üçin hem niýetlenendir, şeýle žurnalyň çykarylmagy dünýä atçylygynyň möhüm merkezleriniň biri hökmünde özüni ynamly görkezen biziň ýurdumyzyň öňünde durýan wezipeler bilen şertlenendir.

“Behişdi ahalteke atlary” atly žurnalyň baýramçylyk sanynyň çykmagy bilen döwürleýin milli neşirlerimiziň sanawy artdy, şol sanaw soňky wagtlarda Türkmenistanyň dürli pudaklaryny we durmuş-ykdysady ugurlarynyň ösüşini beýan edýän ýöriteleşdirilen žurnallaryň hasabyna has giňeldi. Bu işde ýurdumyzyň mazmunly we netijeli halkara gatnaşyklaryny ösdürmäge, berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň ähli özgertmelerimizi ýokary halkara standartlarynyň derejesinde doly möçberli maglumatlar arkaly üpjün etmäge çalyşýandygy aýdyň beýan edilýär.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanda Ýokary Derejeli Türgenleri Taýýarlamak Ulgamy Döwrebaplaşdyrylýar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Giňişleýin Mejlisi

turkmenhabargullugy