13.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DURMUŞ

Beýik ýüpek ýoly taryhyň jümmüşinden şu günlere çenli.

Beýik ýüpek ýolunyň kerwen ýollarynyň köp ugurlary Ýewropany we Aziýany kesip geçip, Ortaýer deňzinden tä Hytaýa çenli baryp , gadymy geçmişde we orta asyrlarda söwda gatnaşyklary we Günbatar bilen Gündogaryň medeniýetleriniň arabaglanyşygy üpjün etdi. Beýik ýüpek ýolunyň has köp bölegi Orta Aziýanyň, şol sanda Türkmenistanyň üstünden hem geçipdir. Hytaýyň ýüpegi, Hindistanyň hoşboýlary we gymmat baha tebigy reňkli daşlary, afrosiab keramikasy we ençeme başga-da harytlar bilen ýüklenen kerwenler Garagumyň içinden Merwiň we Horezmiň jülgelerinden , Murgabyň we Amyderýanyň üstünden aşýardylar. Kerwenleriň ugrunda baý-baý şäherler, söwda-senetçilik ilatly ýerler, kerwensaraýlar, metjitler we medreseler gülläp ösýärdi.

Şol wagtlardan şaýat galan ençeme taryhy ýadygärlikler bar. Olaryň arasynda ÝUNESKO-nyň Bütündünýä taryhy ýadygärlikleriň sanawyna giren gadymy we orta asyr binagärligiň merjenleri- Gadymy Nusaý, Köneürgenç we Gadymy Merw ýadygärlikleri bar. Gözleg işleriniň netijesinde gadymy taryh dikeldilýär, dürli etniki jemgyýetleriniň döreýşi we ösüşi, ykdysadyýeti, ýaşaýşy , medeniýeti şeýle-deözara medenitäsirleri we halkara hyzmatdaşlygy öwrenilýär.

Belli bolşy ýaly , Türkmenistan gadymy iri şäherleri bolan Dehistanyň, Nusaýyň, Merwiň, Sarahsyň, Köneürgenjiň aralygynda ýerleşýän ýigrimi bäşe golaý gadymy taryhy ýadygärlikleri öz içine alýan Beýik Ýüpek ýoluny ÝUNESKO-nyň Bütündünýä taryhy ýadygärlikleriň sanawyna girizmek üçin koordanasion Geňeşiniň seretmegine hödürledi. Ilki bilen olar kerwensaraýlar, köşkler , metjitler we sejde etmek üçin namaz okamak üçin ýolagçylaryň durup geçen ýerleridir.

Iri şäherleriň üstünden geçen Beýik ýüpek ýoly söwdanyň we senetçiligiň ösmegine ýardam beripdir. Taryhy çeşmelerde Merw, Sarahs we Nusaý ösen söwda – satuw we pul dolanyşygyň ösen ýerleri hökmünde ýatlanypdyr. Iri şäherlerde bazarlar söwdanyň we senetçiligiň merkezleri bolup, olaryň içinde dokmaçylyk has giňden ýaýran önümçilik bolupdyr. Dokma önümleri ýüňden, kendirden, pagtadan we ýüpekden dokalypdyr.Merwde, Abywertde, Nusaýda dokalan matalar bolçulygyň we aňrybaşlylygyň nyşany hasaplanypdyr. Dokma önümçiliginden başga bu şäherlerde küýzegärlik, zergärlik, çüýşe we deri önümçiligi jemlenen bolup, ol daşky we içki bazarlary gerek zatlar bilen üpjün edip bilipdir.

Türkmenistanyň orta asyr şäherleri diňe bir harytlaryň dolanşygyna ýardam berýän söwda gatnaşyklaryň ösmeginde däl, eýsem däpleriň, tehnologiýalaryň, täze pikirleriň we bilimleriň ösýän tükmen medeniýetine goşulyşmagyna ýardam berdi.

Orta Aziýanyň, Orta Gündogaryň we Ýewopanyň arasyndaky söwda we medeni gatnaşyklarynyň ösmeginde Horezmiň merkezi şäheri bolan Ürgenç uly ähmiýete eýe bolupdyr. Arap çeşmelerinde harytly kerwenleriň Bulgariýadan Horezme we yzyna hemişe gatnaýandyklary baradaky maglumatlar bar. „Hududul – älem“ („Dünýäniň serhetleri“) işiň belli bolmadyk döredijisi Ürgenjiň wajyp ähmiýetini aýdyp, özüniň üýtgeşik harytlary bilen tanalyp, Türkistanyň derwezesi diýip belläpdir.

Taryhy çeşmelerde Sarahs hem söwdanyň ösen ýerleri hasaplanypdyr. Al-Astahriniň maglumatlaryna laýyklykda Sarahs Merwiň ýarsy ýaly bolup, ol Horosanyň töwerekleriniň şäherlerinden getirilen harytlar üçin ýük düşürilýän ýeri bolupyr. Söwda şäheri hökmünde Sarahs özüniň däne önümleri bilen belli bolupdyr. Al – Mukaddesi Sarahsyň söwdada wajyp ähmiýetini we onuň söwda ugurlarynyň amatly ýerleşişini belläp „Sarahs kerwen ýollarynyň kesişýän ýeri. Bu şäherde hiç-bir harydyň ýetmezçiligini duýup bolmaýar, sebäbi kerwenler ýöne gelip-gidip dur“ diýip belleýär.

Beýik ýüpek ýolunyň taryhy özüniň kökleri bilen gadymyýete gidýär. Ýurdumyzyň köne dosty, belli arheolog Wiktor Iwanowiç Sarianidi gadymyýete ser salýan her bir adam, has uzyn we orta asyrdakylar bilen deňeşdirip bolýan bu ýollaryň käbirleri gadymyýetde giňden peýdalanypdyr.

Goňurdepede tapylan täsin tabyndylar, ýagny daşdan ýasalan silindrik möhürler (olaryň birinde akkad dilinde hem ýazgylysy bar) gadymy Marguş ýurdunyň ýaşaýjylarynyň Mesopotamiýa bilen ýakyn arabaglanyşyklarynyň bolandygyny görkezýär. Başga hrapp möhürinde piliň suraty we hrapp ýazgysy şekillendirilýär. Ady dünýä belli alym Goňurda Ind derýasynyň ýaşaýjylary bilen ýakyn gatnaşyklaryň bolandygy baradaky subutnamalar köp. Olar piliň süýkünden ýasalan zatlar, oýun fişkalary, daşdan heýkeljik, kosmetikada ulanmak üçin çemçejikler, süňkden iňňebajyklar we ş.m.

Wiktor Iwanowiçiň gelen netijelerini türkmen-italýan ekspedisiýasyna gatnaşyjylarynyň geçirýän arheologiki gazuw – agtaryş işleri hem tassyklaýar. Bu ýerde gürrüň häzirki zaman Türkmenistanyň çäklerinden geçýän Ýewropa bilen Hytaýyň arasyndaky kerwenleriň ugurlary gurnalmanka iki müň ýyl mundan öň bu ýerlerde eýýäm Margianany Hindistanyň we Mesopotamiýanyň siwilizasiýalary bilen birikdirýän söwda gatnaşyklary bolupdyr. Italýan alymy –professor Gabriýele Rossi-Osmida olary uç-gyraksyz çöllerde suw çeşmeleriniň töwereklerinde ösümlikler adajyklarynda dörän Jülgeler ýoly diýip atlandyrypdyr.

Gadymyýetiň söwda ýollaryny öwrenmeklige üns uly. 2012-nji ýylda Türkmenistanyň ylymlar Akademiýasynyň başlangyjy bilen gurnalan iri ylmy maslahat dekabryň ortalarynda geçirilip, Beýik ýüpek ýolunyň täsinligine bagyşlandy. Bu halkara ylmy maslahatynyň işine dünýäniň otuzdan gowrak ýurdundan kyrkdan gowrak alymlary gatnaşdy.

Häzirki zaman Türkmenistan gadymy Beýik ýüpek ýoluny täze häzirkizaman görnüşinde, ýagny transmilli awtoulag demirýol we gazgeçirijileriň görnüşinde dikeldýär. Bu ýollar hakykatdan hem Beýik ýüpek ýolunyň ugurlary bilen gabat gelip, olar daşary ykdysady gatnaşyklary, yklymda tranzit daşalyşlary giňeltmek, medeni we syýahatçylyk gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berer. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmen Paýtagtynda III Halkara Festiwaly Badalga Aldy

Gowaçanyň Ýurtda Taýýarlanan Täze Görnüşleri Ekilýär

syrach