27.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Berdimuhamedowyň Ermenistana iki günlük resmi sapary başlanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna iki günlük resmi sapary başlanýar.

Milli Liderimiziň dostlukly ýurduň baştutany Serž Sargsýanyň çakylygy esasynda amala aşyrylýan bu gezekki sapary türkmen-ermeni diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň bellenilýän ýylyna gabat geldi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň soňky mejlisinde Ýerewanda geçiriljek ýokary derejedäki gepleşikleriň ähmiýeti barada aýtmak bilen, şu ýyllarda ýola goýlan döwletara hyzmatdaşlygynyň ägirt uly mümkinçiliklere eýedigini, şeýlelikde, onuň däp bolan gatnaşyklary okgunly ösdürmek we häzirki döwrüň talaplaryna kybap gelýän hil taýdan täze derejä çykarmak üçin oňaýly ýagdaýy döredýändigini aýtdy.

Türkmenistan bilen Ermenistanyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň häzirki döwri ikitaraplaýyn meýilleriň we erkiň netijesinde döwletara hyzmatdaşlygynyň has işjeňleşýän häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar. Oňa özara milli gyzyklanmalara laýyk gelýän ýokary ösüş mahsusdyr. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky köptaraply hem-de birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan we hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmeginiň kepili bolup durýan mähirli, birek-birege ynanyşmak gatnaşyklary bu babatda möhüm orny eýeleýär. Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň noýabrynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň jemleri boýunça gazanylan derwaýys ylalaşyklar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.

Häzirki taryhy döwürde iki özygtyýarly döwlet hyzmatdaşlygyň türkmen we ermeni halklarynyň bähbitlerine hem-de bar bolan mümkinçiliklerine doly laýyk gelýän köpugurly görnüşini döretmäge bolan meýillerini hem-de muňa taýýardyklaryny mälim edýärler. Ygtybarly hukuk binýadynyň hem-de iki ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen ýokary derejedäki netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin has amatly ýagdaýlaryň döredilmegine gönükdirilen resminamalar toplumynyň taýýarlanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Bilelikdäki işiň netijesinde soňky ýyllarda toplanan baý tejribeler bilen berkidilen şunuň ýaly özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna ikitaraplaýyn çemeleşmeler köp asyrlyk dostluk hem-de birek-birege düşünişmek däplerine eýerýän türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilmegine hyzmat eder.

Ýokary derejede geçiriljek gepleşikleriň çäklerinde söwda-ykdysady pudagy, ýangyç-energetika toplumy, himiýa senagaty, ulag, aragatnaşyk, oba hojalygy, sport, syýahatçylyk ulgamlary ýaly strategik ugurlardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini artdyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň zerur ugurlaryny işläp taýýarlamaga ähmiýet berler. Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara topary, şeýle hem Türkmenistanyň we Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň hem-de iki ýurduň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleriniň gepleşikleri şeýle gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin oňaýly binýat bolup durýar. Milli Liderimiziň Ermenistana resmi saparynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň hökümet toparynyň dostlukly ýurduň birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň hem-de iri döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň we geňeşmeleriň üstünlikli geçirilendigini bellemek gerek. Onuň jemleri bolsa işewür hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilmegini, däp bolan ykdysady gatnaşyklarynyň berkidilmegini hem-de oňa işjeň we netijeli häsiýetiň berilmegini şertlendirer.

Iki döwletiň taryhynda bolup geçýän şunuň ýaly derwaýys waka görlen göwnejaý taýýarlyk Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Serž Sargsýanyň boljak duşuşygynyň ikitaraplaýyn görnüşde bolşy ýaly, iri halkara guramalaryň we bileleşikleriň çäklerindäki türkmen-ermeni gatnaşyklaryna kuwwatly itergi berjekdigini bellemek gerek. Munuň özi iki ýurduň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk köprüsiniň gurulýandygyna, yklymüsti täze gatnaşyklaryň ýola goýulýandygyna şaýatlyk edýär, olaryň halklaryny bolsa parahatçylyga, gülläp ösüşe we bagtyýar geljege bolan umumy meýilleri birleşdirýär. 

Degişli makalalar

„Ak pamykly“ palow has tagamly.

syrach

Türkmenistanyň Ykdysadyýetiniň Döwlete Dahylsyz Ulgamy: Innowasiýalara Tarap Ugur

turkmenhabargullugy

Türkmen Aýdymçysy Çynaradan Muşdaklaryna Täze Aýdym

turkmenhabargullugy