29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Bilim, Sport we Syýahatçylyk atly maslahat tamamlandy.

Üç günüň dowamynda paýtagtymyzyň Sergi köşgi we ýokary okuw mekdepleriniň dördüsi – Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty, Türkmen döwlet nebit we gaz instituty iň gelim-gidimli merkezlere öwrüldi. Ol ýerlerde sergi bölümleriniň, şeýle hem ylmy maslahatyň umumy we bölümçelerde geçirilen mejlisleriniň çäklerinde hyjuwly pikir alyşmalar, öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşlyk, döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary bolan bilim, sport we syýahatçylyk boýunça işjeň hyzmatdaşlygy berkitmek we ýola goýmak boýunça duşuşyklar boldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan şunuň ýaly möhüm halkara forumlarynyň yzygiderli geçirilmegi netijesinde soňky ýyllarda biziň ýurdumyz öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, syýahatçylyk firmalary we kompaniýalary, iri halkara guramalary we agentlikleri, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjy kompaniýalar bilen berk aragatnaşyklary ýola goýdy. Häzirki wagtda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary dürli pudaklara, şol sanda döwletimiziň yzygiderli alada etmegi netijesinde hemmetaraplaýyn özgertmeleriň we ýaş nesli okatmagyň ähli tapgyrlarynda hil taýdan döwrebaplaşmagyň ýoluna düşen bilim ulgamyna hem işjeň we üstünlikli ornaşdyrylýar.

Bilim ulgamyna maglumatlar tehnologiýalarynyň işjeň ornaşdyrylýan döwri bilen aýakdaş gidip, paýtagtymyzda we welaýatlarda ýerleşýän okuw mekdepleri häzirki zaman kompýuter tehnikasy bilen enjamlaşdyrylýar. Şeýle hem interaktiw tehnologiýalaryň we bu ulgamda beýleki öňdebaryjy gazanylanlaryň türkmen ýaşlary üçin elýeterli bolmagy maglumatlar jemgyýetiniň özboluşly ölçegidir.

Halkara forumynyň gün tertibine ileri tutulýan meseleleriň hatarynda okuw işlerini hil taýdan ýokary derejede guramaga çemeleşmelerde innowasiýalary ylmy taýdan öwrenmek, şol sanda milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin ýokary hünärli ýaş hünärmenleri taýýarlamagyň çäklerinde durmuşa geçirilmeli wezipelere degişli meseleleriň girizilmegi hem ýurdumyzyň bilim ulgamynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Dünýäniň otuza golaý ýurdundan 50-den gowrak daşary ýurt kompaniýalarynyň gatnaşan wekilçilikli serginiň bölümlerinde görkezilen ekspozisiýalaryň aglaba bölegi innowasiýa bilim tehnologiýalarynyň ösüşine bagyşlandy.

Maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny işläp taýýarlamakda dünýäde öňdebaryjylar bolan Hytaýyň “HUAWEI” we “Lenovo”, Beýik Britaniýanyň “Promethean”, “Infotech partners LLP”, Germaniýanyň “Phywe” we beýlekiler öz türkmen alyjylaryna iň häzirki zaman innowasiýa tehnologiýalary boýunça işläp taýýarlamalaryny hödürlediler.

Biziň ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň ýylyň-ýylyna şunuň ýaly sergilere işjeň gatnaşyp, öz oýlap tapan innowasiýa işläp taýýarlamalaryny hödürleýändiklerini belläp geçmelidiris. Dünýä boýunça tehniki ösüşler ýokary okuw mekdeplerinde geçirilýän ylmy-barlag işleriniň hem işjeňleşdirilmegini talap edýär. Şu jähtden milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň ösüşi üçin zerur bolan oýlap tapyşlar önümçilige ornaşdyrylýar.

Türkmen döwlet nebit we gaz institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Türkmen döwlet energetika institutynyň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Türkmen döwlet ulag we aragatnaşyk institutynyň ýaýbaňlandyrylan sergi bölümleri ýokary okuw mekdeplerinde ylmyň işjeň ösdürilýändiginiň hem-de talyplaryň gymmatly açyşlarynyň we ýeten sepgitleriniň özboluşly tanyşdyrylyşy boldy. Ol bölümlerde talyp ýaşlaryň ugurdaş pudaklaryň önümçiligine ornaşdyrmaga niýetlenen innowasiýa işläp taýýarlamalary esasy orun tutýar.

Türkmen talyplarynyň hem onlarçasynyň bilim alýan daşary ýurt ýokary okuw mekdepleri bu halkara forumynyň bilim ulgamyna gönükdirilen bölümlerine işjeň gatnaşdylar.

Bilim we syýahatçylyk ugry boýunça biziň ýurdumyz tarapyndan guralan halkara forumlaryna yzygiderli gatnaşýan daşary ýurtly myhmanlaryň arasynda bu çärä ilkinji gezek gelen ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri hem bar. Olar öz diwarlyklaryna serginiň çäklerinde gyzyklanma bildiren türkmen ýaşlaryny öz hatarlaryna höwes bilen kabul ederler.

Serginiň işiniň tutuş üç gününiň dowamynda syýahatçylyga bagyşlanan bölümler hem örän köp adamly boldy. Bu bölümler syýahatçylyk pudagynyň, şol sanda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamynyň ählumumy döwrebaplaşdyrylmagy başdan geçirýändiklerini aýdyň görkezdi. Ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagy hyzmatlaryň dünýä standartlarynyň iň ýokary ölçeglerine laýyk gelýän görnüşlerini hödürlediler.

Serginiň çäklerinde biziň ýurdumyzyň ýörite we ýokary sport mekdepleriniň talyplarynyň we tälim alýanlaryň bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça öz başarnyklaryny we zehinlerini beýan edýän görkezme çykyşlary olaryň sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlydyklarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Halkara forum öz işini tamamlady. Täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagy we ýola goýulmagy, ileri tutulýan ugurlar bolan bilim, sport we syýahatçylyk pudaklaryny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak meseleleri boýunça mundan beýläk-de bilelikde hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen işler onuň esasy netijesidir. Bu bolsa ählumumy abadançylygyň we gülläp ösüşiň ýolunda täze üstünlikleri gazanmagy şertlendirýär.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, türkmen topragynda görkezilen myhmansöýerlik, forumyň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe batly depginler bilen ösýän türkmen döwleti bilen hyzmatdaşlygy, şol sanda bilim, sport we syýahatçylyk ulgamlarynda gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini nygtadylar.

Degişli makalalar

Şekillendiriş Sungaty Muzeýinde Ýylyň Şygaryna Bagyşlanan Sergi Açyldy

turkmenhabargullugy

Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine gynanç bildirdi.

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistanyň Prezidenti Bilen Duşuşdy

syrach