15.01.2026
YKDYSADYÝET

Birża täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal birżasynda geçirilen söwdalaşyklarda baglaşylan geleşikleriň 8-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Belgiýadan gelen telekeçiler pagta süýümini, garaköli we saryja dowarlaryň ýuwlan ýüňüni, Russiýadan gelen täjirler bolsa herekete getiriji kemerleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 165 müň 850 dollaryndan geçdi.

Depozit manat serişdeleriniň hasabyna Azerbaýjandan gelen telekeçiler tikinçilikde ulanylýan pamygy, Hindistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürler toparlarynyň wekilleri gaýtadan işlenilmedik ýüpegi, Gyrgyzystandan gelen alyjylar boýalan tüýjümek önümleri, şol sanda salfetkalary, polotensalary, suwa düşülýän ýerlerlerde ulanylýan örtümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 1 million 591 müň manatdan gowrak boldy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

“Türkmenhowaýollary” Agentliginiň we Kazanyň Dikuçar Zawodynyň Wekilleriniň Arasyndaky Wideoaragatnaşyk Ulgamy Arkaly Gepleşikler

Senagatçylar we Telekeçiler Birleşmesiniň Agzalarynyň Umumy Ýygnagy

Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) Bilen Hyzmatdaşlyk Işjeňleşdirilýär

turkmenhabargullugy