24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
SPORT

Türkmen boksçysy – çärýek finalda

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Omar Mämedşaýew Hytaýda geçirilýän XVI Aziýa oýunlarynda boks ýaryşynyň çärýek finalyna çykdy. Ýokary sport ussatlygy mekdebiniň 21 ýaşly okuwçysy bu üstünlige 8/1 finalda 69 kilogram agram derejesinde Hindistandan Dilbag Singhi ýeňip mynasyp boldy.

Duşuşygyň birinji bölümi 1:0 hasaby bilen türkmen boksçysynyň peýdasyna tamamlandy. Ikinji bölümde Omar Mamedşaýew dört takyk urgyny ýerine ýetirdi. Üçünji bölümde bolsa ýene 3 oçko toplap, bäsleşigi 8:0 hasaby bilen ýeňişe ýetirdi.

Çärýek final göreşinde O.Mamedşaýew Özbegistandan Uktamjon Rahmonow bilen duşuşar. Özbek boksçysy 8/1 finalda Wýetnamdan Dinh Hoang Truongi ýeňmegi başardy. Çärýek finalyň ýeňijisi pesinden bürünç medaly gazanyp biler.

Omar Mamedşaýew — Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Şöhrat Gurbanowyň, Ýazmuhammet Pazzyýewiň we Sabir Kseýhanowyň şägirdi, ol tejribeli ýaryş söweşijisi. Ol geçen ýyl Çżuhaýda /Hytaý/ geçirilen Aziýanyň soňky çempionatynda kümüş medalyň eýesi boldy. Bu ýerde oňa janköerlik edýän Türkmenistanyň köp sanly sport wekiliýeti onuň bu gezek hem hormatly münbere ýetjekdigine ynanýar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Sport Tanslary Boýunça Milli Çempionat Geçirildi

syrach

“Altyn asyr” öňde barýar.

syrach

Arçabil ýolunda gaýa çykmak boýunça onunjy Çagalar festiwaly geçirildi

syrach