18.9 C
Aşkabat
19.05.2024
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, Panamadan, Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, nebit koksyny we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Beýik britaniýaly işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň göni arassalanan benzinini satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, nah ýüplük, pagta süýümi satyldy. Olary Russiýadan, Şweýsariýadan, BAE-den, Beýik Britaniýadan, Türkiýeden, Singapurdan, Gruziýadan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 32 million 216 müň dollaryndan gowrak boldy. 

Manat serişdelerine Russiýanyň, Türkiýäniň, Slowakiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 4 million 342 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin 63 müň manatlyk azyklyk dänäni satyn aldylar.

Degişli makalalar

Hazaryň Kenarýaka Zolagynyň Ýataklary Işlenilýär

TOPH Döwletara Gaz Geçirijisiniň Türkmen Böleginde Kompressor Bekedi Gurlar

LIDERLER ÝEWRO SEBITINIÑ DURNUKLYLYGYNYÑ ÝOLA GOÝULMAGY MESELESINDE TUTANÝERLI

syrach