01.03.2026
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Daşary ýurt walýutasyna Russiýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Singapurdan, Owganystandan, Niderlanddan we beýlekilerden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtobenzini, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt walýutasyna arassalanan pagta ýagy, pagta-süýümi, saryja goýunlaryň ýüňi ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Beýik Britaniýa, Şweýsariýa, Singapur, Belgiýa, Beliz, Gyrgyzystan we Täjigistan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 64 million 626 müň dollaryndan gowrak boldy.

Degişli makalalar

OPEC-iň Nebit Sebedi 1,5 Göterim Gymmatlady

Ägirt Uly Täze Senagat Kärhanasy-Türkmenistan Bilen Belarusyň Ykdysady Hyzmatdaşlygynyň Öňbaşysydyr

Daşoguzly Telekeçiler Pomidor Agajyny Ýetişdirmegi Göz Öňünde Tutýarlar

turkmenhabargullugy