20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Daşoguzly Telekeçiler Pomidor Agajyny Ýetişdirmegi Göz Öňünde Tutýarlar

«Altyn tug» hususy kärhanasynyň ýyladyşhana hojalygynda pomidoryň ilkinji hasyly – 800 tonnadan gowrak pomidor ýygnaldy. Ýetişdirilen gök ekiniň üçden iki bölegi Russiýa Federasiýasyna we Gyrgyzystana eksporta ugradyldy.

12 gektar meýdany tutýan oba hojalyk toplumy geçen ýylyň ahyrynda Daşoguz welaýatynyň S. A. Nyýazow etrabynda işe girizildi. «Altyn tug» HK-nyň hünärmenleri ýylboýy gök ekinleri we ýer tudanansyny ýetişdirmek üçin çykdajylary azaldýan, hasyllylygy, degişlilikde telekeçilik taslamasynyň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrýan bäşinji tapgyrdaky tehnologiýa bilen üpjün edilen ýyladyşhana gurdular.

Telekeçiler şu kysmy ýyladyşhanalarda ulanylýan innowasion enjamlar obasenagat önümçilginiň bu ugruny hil taýdan täze derejä çykarar diýip hasaplaýarlar. Bu ugurdan iň täze enjamlar toplumy energiýa çykdajylaryny azaltmaga, howa çalşygy we ýyladyşhanany ýelejiretmek düzgünlerini netijeli dolandyrmaga, amatly howa şertlerini üpjün etmäge, onlaýn-goşundylar bolsa, ösümlikleriň hem-de substratyň ýagdaýyna uzak aralykdan gözegçilik etmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki wagtda hojalykda pomidoryň 12, bolgar burçunyň iki we ýer tudanasynyňam üç görnüşi ýetişdirilýär. Gök ekinleriň hem-de iýmişleriň ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň şertlerine uýgunlaşyşy synag edilýar. Olardan has durnukly we hasylly görnüşleri geljekde köpçülikleýin ýetişdiriler. Ozal alnan hasyldan daşgary daşoguzly telekeçiler şu ýylyň birinji ýarymynda ýene-de azyndan 1600 tonna pomidor ýygnarlar.

Oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde baý tejribe toplan telekeçiler ýene bir ugurda — gurluşykda hem iş alyp barýarlar. «Altyn tug» HK Ahal welaýatynyň täze dolandyryş merkezinde ýaşaýyş ajýlarynyň gurluşygyna gatnaşýar.

Telekeçiler ýakyn wagtda pomidor agajyny – sifomandra ýetişdirmegi göz öňünde tutýarlar. Itüzümler maşgalasyndan bolan bu ösümligiň geljegi uludyr, çünki ol hasyllylyk babatda öz «ýakyn kowumdaşyndan» has ýokarydyr, miweleriniň hili hem adaty pomidoryňkydan pes däldir.

Degişli makalalar

Türkmenistan 4 Müňden Gowrak Adamy Raýatlyga Kabul Etdi

syrach

Howanyň Üýtgemegi Boýunça Milli Strategiýany Täzelemek Babatda Iş Alnyp Barylýar

Hytaý Energiýa Sarp Edilişiň Öňki Tertibine Tiz Dolanmaga Umyt Edýär…