29.9 C
Aşkabat
17.06.2025
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler (“Türkmenhimiýa” DK) ”B” kysymly karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýyrt walýutasyna reňklenen tüýjümek matalar, nah ýüplük, pagta-süýümi, şrot we pagta linti ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Niderlandlar we beýlekiler. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 6 million 731 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Hytaýdan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Hindistandan gelen işewürler jemi bahasy 7 million 23 müň manatlykdan gowrak bolan nah ýüplük, aşgarlanmadyk mata, pagta soapstokynyň çig ýagly kislotasyny satyn aldylar.

Içerki bazarda ýerli telekeçiler jemi 406 müň manatlyk polipropilen we azyklyk bugdaý satyn aldylar.

Degişli makalalar

Ýokary Derejeli Çärede COVID-19 Ýokanç Keseliniň Ýaýraýan Döwründäki…

Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil Ulaglarynyň Halkara Birleşiginiň (IRU) Bilermenleri Bilen Onlaýn-Duşuşyk Geçirildi

Daşoguz Welaýatynda Bitaraplygyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Täze Halyçylyk Kärhanasy Kurulýar we Bagçylygy Ösdürmek Boýunça Telekeçilik Taslamasy Durmuşa Geçirilýär