20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmen Alymlarynyň Işläp Taýýarlanlary Uglewodorod Çig Malynyň Alnyşynyň Netijeliligini Ýokarlandyrýar

Türkmengaz“ Döwlet konserniniň Tebigy gaz instituty ençeme ýyllaryň dowamynda uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde baý tejribe toplady. Institutyň hünärmenleri geologiýa- agtaryş işlerini alyp barmak we nebitdir gaz gorlaryny özleşdirmegiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça ylmy-amaly maslahatlary taýýarladylar. Geologiýa-agtaryş işlerini çaltlandyrmak hem-de gaz çykarmagyň we skwažinalary burawlamagyň tehnologiýalaryny kämilleşdirmek boýunça onlarça maslahatlar önümçilige ornaşdyryldy.

Türkmenistanyň gaz we gazkondensatly ýataklarynyň hemmesi-Döwletabat, „Galkynyş“, Malaý, „Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy“ Ýolguýy, Bagaja we beýleki ençeme ýataklar türkmen alymarynyň we hünärmenleriniň taslamasy boýunça özleşdirilýär. Burawlaýyş işlerini intesifikasiýalaşdyrmak, häzirki we täze açylan gaz ýataklaryndan uglewodorod çig malynyň alnyşyny artdyrmak wajyp wezieleriň biridir, onuň üstünlikli çözgüdi köp derejede önümli gatlaklary açmagyň öňdebaryjy tilsimatlarynyň ulanylmagyna baglydyr.

„Türkmengaz“ DK-nyň Tebigy gaz institutynyň burawlaýyş bölüminiň hünärmenleri ägirt uly „Galkynyş“ ýatagynda ulanylýan skwažinalary gurmak boýunça maslahatlary işläp taýýarladylar, bu ýerde çylşyrymly geologik şertlerde-gatlaklardaky ýokary basyş, barlyşyksyz zolaklaryň köplügi, gatlagyň önümli böleginde turşy gazlaryň bolmagy we ş.m. ýagdaýlarda çuň burawlaýyş işleri alnyp barylýar. Ulanylýan skwažinalaryň gurluşygynyň taslamasyna burawlaýyşyň netijeliligini, desganyň ygtybarlylygyny we uzak ulanylmagyny, şeýle hem skwažinalardan has kän gaz almagy üpjün edýän täze gurluş girizildi.

Çylşyrymly dag-geologik şertlerde burawlamak üçin buraw erginleriniň has kämil düzümi işlenilip taýýarlanylýar.

Skwažinalar abatlanylanda gatlagyň golaýyndak ýüze çykýan meseleleriň öňüni almak üçin tehnologik erginiň düzümini taýýarlamak möhüm wezipedir. Pes gatlak basyşly meýdançalarda ulanmak üçin az dykyzlykly ergin taýýarlanyldy. Şeýle az toýunly erginler skwažinalaryň onusynda önümli gatlaklar açylanda ulanyldy. Netijede Döwletabat ýatagynda her skwažinadan gaz alnyşy artdy.

Laboratoriýada has pes gatlak basyşly şertlerde skwažinalary düýpli abatlamak üçin ýokary derejede şepbeşikli we pes dykyzlykly emulsion, köpürjikli, polimer eginler işlenilip taýaýrlanyldy. Indi birnäçe ýyl bäri bu erginler „Marygazçykaryş“ we „Döwletabatgazçykaryş“ müdirliklriniň meýdançalrynda ulanylýar. Az toýunly polimer esasly emulsion erginelere Türkmenistanyň patentleri berildi.

Çalgy häsiýetlerini gowulandyrmak üçin peýdalanylýan adaty we alternatiw buraw erginlerine ýerli çig mal hem-de öünmçilgiň galyndylary ulanylýar.

Laboratoriýanyň hünärmenleri reseptursement erginleri işläp taýýarladylar, olaryň ulanylmagy tamponaž erginleriň hilini peseltmezden daşary ýurtlardan getirilýän himiki reagentlere talaby azaldar.

Mundan başga-da, buraw we tamponaž erginleri bölmek, skwažinanyň diwarlaryna ýelmeşýän toýun kesmegini aýyrmak üçin gorag ergininiň düzümi işlenilip taýýarlanyldy.

Alymlar ýuwujy serişde hökmünde tehniki we deňiz suwy ulanylyp ýerli şykgydan taýýarlanylýan toýunly buraw erginini teklip etdiler.

Laboratoriýanyň hünärmenleriniň işläp taýýarlan sulfat-natrili ergini toýunly gatlaklarda skwažinanyň sütüniniň durnuklylygyny ýokarlandyrýar we daşary ýurtlardan getirilýän reagentleri aradan aýyrýar.

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

syrach

Şanly senäniň hormatyna numizmatiki täzelikler.

syrach

Abu-Dabide Türkmen-Emirlikler Ikitaraplaýyn Syýasy Geňeşmeleriň Nobatdaky Mejlisi Geçirildi