20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler suwuklandyrylan gazy (“Türkmengaz” DK), Birleşen Arap Emirlikleriniň işewürleri bolsa tehniki ýody (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, trikotaž önümleri, nah ýüplük we hojalyk pamygy ýerlenildi. Olary Russiýadan, Türkiýeden we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 3 million 988 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 441 müň manatlyk azyklyk bugdaýy satyn aldylar.

Degişli makalalar

Gratografiýa Usulynda Işleýän Nakgaş Alymjan Işangulyýew Täze Eserini V Aziada Bagyşlady

Türkmenistanyň Prezidenti Wezipesine Dalaşgärler Saýlawçylar Bilen Duşuşyk Gecirdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi