31.9 C
Aşkabat
31.07.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny, binýatlyk ýagy, awtomobil benzinini satyn aldylar. Ýokary dykyzlykdaky polietilen we tehniki kükürt («Türkmengaz» DK) Russiýadan, Özbegistandan we Owganystandan gelen täjirleriň, plastik gaplar bolsa BAE-niň işewürler toparlarynyň wekilleriniň söwdasy boldy.

Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna buýan köküniň ergini, nah ýüplük, mebel pamygy we haly önümleri ýerlenildi. Satyn alan ýurtlar: Russiýa, ABŞ, BAE, Türkiýe, Serbiýa, Estoniýa, Gyrgyzystan. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 65 million 141 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gonkongdan, Gazagystandan gelen işewürler toparlarynyň wekilleri jemi bahasy 4 million manada golaý bolan nah ýüplügi satyn aldylar. tdh

Degişli makalalar

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Metbugat Wekillerine Ýüzlenme Bilen Çykyş Etdiler

Aziýanyň Iň Güýçli Agyr Atletikaçylary Türkmen Paýtagtyna Ýygnandy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Bitaraplyk, Parahatçylyk Söýüjilik we Hoşniýetli Goňşuçylyk – Türkmenistanyň Daşary Syýasatynyň Esasyny Düzýär