19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 49-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Pakistandan, Azerbaýjandan, Özbegistandan gelen telekeçiler nah ýüplük we mata, reňksiz aýna satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 1 million 266 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Beýik Britaniýadan, BAE-den, Gonkongdan we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 4 million 528 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 59 million manatlykdan gowrak «Türkmengaz» döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we haly önümlerini satyn aldylar. TDH

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisinde 2017-nji Ýylyň Ähmiýetli Wakalarynyň Üstünde Durlup Geçildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

turkmenhabargullugy