21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 542 müň dollary bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit ýol bitumyny, şeýle hem “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 668 müň manatlyk “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen polietileni, plastik poddonlary we ýer gazyjy tehnikalary satyn aldylar. TDH

Degişli makalalar

Birža Täzelikleri

syrach

Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Harytlarynyň Ýöriteleşdirilen Sergisi Açyldy

Alym: Barlaglar Uglewodorod Gorlaryna Baha Berilýän Möçberini Artdyrmaga Esas Döredýär