25.12.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Azerbaýjandan we Gyrgyzystandan gelen telekeçiler jemi bahasy ABŞ-nyň 562 müň dollaryndan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar.

Jemi 5 million 316 müň manatdan gowrak baha satyn alnan nah ýüplük Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gonkongdan gelen telekeçileriň geleşikleriniň manat serişdeleriniň esasyny düzdi.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 30 million 723 müň manatdan gowrak “Türkmengaz” döwlet konserninde öndürilen ýokary dykyzlykdaky polietileni we polipropileni satyn aldylar. TDH

Degişli makalalar

Garlyk ýatagynda ilkinji şahtany gazmaga başladylar.

syrach

Türkmen Mekdep Okuwçylary Makedoniýada Geçirilen Matematika Olimpiadasynda Bäş Medala Eýe Boldular

turkmenhabargullugy

Hepdäniň Wakalary

turkmenhabargullugy