25.9 C
Aşkabat
26.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Bitarap Türkmenistanyň Garaýşy

Paýtagtymyzdaky “Grand-Türkmen” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda bilermenleriň “Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky parahatçylygyň we durnuklylygyň meseleleri: Bitarap Türkmenistanyň garaýşy” atly sebitleýin maslahaty açyldy. 

Ýurdumyzyň hökümeti tarapyndan Demirgazyk Atlantika şertnamasynyň guramasynyň Merkezi Aziýadaky ýurtlar bilen aragatnaşyk we hyzmatdaşlyk boýunça wekiliniň Býurosynyň goldaw bermeginde bu forum şu ýylda Türkmenistanda giňden bellenilýän Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanyp guralýan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde, şeýle hem NATO-nyň “Parahatçylyk ugrunda hyzmatdaşlyk” maksatnamasynyň çäklerinde bu gurama bilen netijeli gatnaşyklaryň 20 ýyllygy mynasybetli geçirildi. 

Fransiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Ukrainanyň, Owganystanyň we beýleki ýurtlaryň strategiki barlaglar we diplomatiýa boýunça esasy ylmy merkezlerine wekilçilik edýän bilermenler–syýasaty öwrenijiler bilen duşuşyga ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, ÝHHG-niň, BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň, Ýewropa Bileleşiginiň Aşgabatdaky sebit merkeziniň ilçileri we wekilleri çaygyrldy. 

Türkmen tarapyndan bu maslahata Daşary işler ministrliginiň, beýleki birnäçe ministrlikleriň we pudak edarlaranyň, ýokary okuw mekdepleriniň—Halkara ynsanperwerlik ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet we hukuk institutynyň, DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri gatnaşdylar. 

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan tarapyndan amala aşyrylýan daşary syýasat bitaraplyga, parahatçylygy söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga we özara peýdaly hyzmatdaşlyga mahsus ýörelgelere ygrarly bolunmagyna esaslanýar. Häzirki wagtda türkmen döwletiniň bitaraplygyna ähli abraýly halkara guramalary tarapyndan sebit we ählumumy derejede yzygiderli ösüşi üpjün etmekde aýrylmaz we möhüm ähmiýetli ýagdaý hökmünde garalýar. Ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk derejesine dünýä bileleşigi tarapyndan Merkezi Aziýada we onuň çäklerinden daşarda döwletara gepleşigini ýola goýmagyň, özara düşünişilmegine we hoşniýetli goňşuçylyga mahsus bolan gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli usuly hökmünde ýokary baha berildi. 

Şunuň bilen baglylykda, Ýer ýüzünde, ilkinji nobatda bolsa, Merkezi Aziýada we Owganystanda parahatçylygy, howpsyzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmak türkmen döwletiniň daşary syýasatynda ileri tutulýan esasy ugur bolupdy we şeýle bolmagynda hem galýar. 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýada öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy bilen, Türkmenistan iri parahatçylyk dörediji merkeze öwrüldi, häzirki wagtda bu ýagdaý sebitde howpsuzlyk we yzygiderli ösüş babatda möhüm ähmiýete eýe bolup, öňüni alyş diplomatiýasynyň hem-de jedelleri we dawalary turuwbaşdan çözmegiň wajypdygyny tassyklaýar. 

Bu iki günlük maslahatyň gün tertibi Bitarap Türkmenistanyň sebitde, hususan-da, Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine goşýan goşandyna, Merkezi Aziýa döwletleriniň bu ýurda syýasy we ykdysady taýdan ýardam etmegine we kömek bermegine, şeýle hem sebitdäki möhüm meseleler boýunça hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine bagyşlandy. 

Forumyň açylyş dabarasynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Sanjaý Wadwani, NATO-nyň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen aragatnaşyk we hyzmatdaşyk boýunça wekili jenap A.Winnikow çykyş edip, şu duşuşygyň Merkezi Aziýada geçirilýän şunuň ýaly çäreleriň arasynda has giň gerimlidigini bellediler. Myhmanlar Türkmenistanyň hökümetine tejribeli bilermenleri çagyrmaga hem-de sebitdäki möhüm meseleleri, şol sanda 2014-nji ýylda howpsuzlyga ýardam edýän halkara güýçleriniň şu ýurtdaky missiýasynyň tamamlanmagy bilen baglylykda, Owganystana tehniki taýdan we maslahat bermek arkaly kömek edilmegine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredilendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler. 

Myhmanlar Türkmenistanyň sebitdäki oňaýsyz ýagdaýlary syýasy taýda kadalaşdyrmagyň meselelerini çözmäge uly goşant goşýandygyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parahatçylykly we netijeli başlangyçlarynyň uly ähmiýetlidigini nygtap, milli Liderimizi hem-de türkmenistanlylaryň ählisini Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň bellenilmegi mynasybetli gutlap, türkmen halkyna abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdider. 

Degişli makalalar

Prezidentimiz Hindistanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

syrach

Prezidentimiz iş sapary bilen Lebap welaýatyna ugrady.

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach