26.4 C
Aşkabat
16.05.2024
DÜNÝÄ

Braziliýanyň hökümetiniň wekiliniň sapary

Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Hökümetiniň aýratyn tabşyryklar boýunça ilçisi jenap Paulo Žoppert sapar bilen türkmen paýtagtynda bolýar.

Şu gün dostlukly ýurduň wekili ýurdumyzyň Daşary işler we Oba hojalyk ministrliklerinde duşuşyklary geçirdi. Olaryň barşynda türkmen-brazil hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşyklarda ikitaraplaýyn bolşy ýaly, köptaraply görnüşde, şol sanda Türkmenistan bilen Latyn Amerikasy ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň çäklerinde işjeňleşen iki dostlukly ýurtlaryň özara hyzmatdaşlygynyň oňyn geljegine baha berildi. Braziliýanyň Hökümetiniň ýörite wekili hyzmatdaşlygyň ägirt uly mümkinçilikleri barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň döwlete degişli we işewür toparlarynyň türkmen-brazil gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna gyzyklanma bildirýändiklerini belledi.

Jenap Paulo Žoppert türkmen topragynda görkezilen myhmansöýerlik we mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistan bilen Braziliýa Federatiw Rerspublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädime öwrülen şu günki duşuşyklaryň örän netijeli bolandygyny belledi.

Şeýle hem dostlukly ýurduň ýokary wezipeli wekili üçin taýýarlanylan ýörite medeni maksatnamanyň çäklerinde myhman Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň ajaýyp künjekleri bilen tanyşar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Metbugat-Relizi

Sanawdaky Medipol Uniwersiteti Türkmen Talyplaryna Garaşýar

GDA Gatnaşyjy-Döwletleriň Daşary Işler Ministrleriniň Geňeşiniň Wideokonferensiýa Görnüşinde Mejlisi Geçirildi