15.01.2026
DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Bütindünýä Uniwersitetara Gyşky Oýunlary

25-nji Bütindünýä Uniwersitetara gyşky oýunlary düýn dabaraly ýagdaýda açyldy.

Erzurumyñ ýer eýeçiliginde geçirilýän Bütindünýä Uniwersitetara gyşky oýunlarynyñ açylyş dabarasy hemmeleriñ ünsünü özüne çekdi.

5 materikden 3000-e golaý sportçyny Erzurumda duşuşdyrýan gurammaçylyk ýatdan çykmajak açylyş dabarasy bilen başlady.

Şeýle ähmiýetli günde Döwlet ýolbaşçylary hem Uniwersiadanyñ resmi açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Açylyş gijesi sportçylaryñ stadiona gelmegi bilen başlady.

Birnäçe günden bäri sabyrsyzlyk bilen garaşylýan gar ýagdy we  Erzurum birden ak gara bürendi.

Erzurumlylar myhman sportçylaryny Anadolynyñ myhmansöýerligi bilen mähirli garşy aldy.

Açylyş dabarasynda guramaçylyk bilen başyndan bäri ýakyndan gyzyklanýan sportdan jogapkär Döwlet ministri Faruk Nafyz Özak ilkinjileriñ hatarynda çykyş etdi.

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Harby Talyplar we Harby Gullukçylar Ýaş Alymlaryň Bäsleşigine Gatnaşýarlar

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: Halkara Gepleşikleri Ykdysady Ösüşiň Möhüm Bölegi