8.9 C
Aşkabat
06.12.2021
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YLYM

Täze Chrome Browser Goşundysy: Makul Sözlük

Kompýuterlerde Chrome Browser ulanýanlar üçin 2021-nji ýyla giren şu günlerimizde hoş habar gelip gowuşdy. Mälim bolşy ýaly, 2020-nji ýylyň ahyrynda, has takygy, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly tarapyndan Türkmen we Iňlis dillerinde “gepleýän” ilkinji akylly sözlük-Makul Sözlük (www.makulsozluk.com) taslamasy durmuşa geçirilipdi. Makul Sözlük taslamasyny esaslandyryjylar bu Sözlügi Kompýuterlerdäki Chrome Browserde ulanmaga mümkinçilik berýän täze Browser goşundysy-Makul Sözlük goşundysy taýýarlanyldy.

Siz bu goşundyny “Chrome Web Store” dükanyndan “Makul Sözlük” görnüşinde gözleg edip mugt ýükläp bilersiňiz. Bu habary kompýuterden okaýan okyjylarymyz bolsa şu ýere basyp täze goşundyny kompýuterlerine gurup bilerler.

Eýsem bu Goşundynyň aýratynlyklary näme:

Siz kompýuteriňizdäki internet saýtlaryndan haýsyda bolsa birinde Iňlis dilindäki bir habary, makalany we kitaby okaýan bolsaňyz we Size tanyş bolmaýan bir söz bar bolsa, onda Siz şol sözüň üstüne gelip syçanjygyň (mouse) çep gulagyna 2 gezek bassaňyz, Makul Sözlük size şol sözüň türkmen dilindäki terjimesini getirip berer. Isleseňiz Türkmen dilindäki sözüň hem iňlis dilindäki terjimesini hem tapyp bilersiňiz. Bu bolsa, iňlis dilinde habar we makala okaýanlar üçin bilmeýän ýa-da şol wagt ýadyna düşmeýän sözi üçin Browserlerden makulsozluk.com ýazmagyna ýa-da haýsyda bolsa mobil sözlüge girmegine gerek galmazdan, şol sözüň üstüne diňe iki gezek basmak bilen aňsatlyk bilen ýadyna düşmeýän sözüni tapmaga kömek eder.

Siz Makul Sözlük goşundysyny kompýuteriňize guran wagtyňyz, haýsyda bolsa bir gözleýän Iňlis we Türkmen dillerindäki sözüňizi Makul Sözlük goşundysyna girip tapyp bilersiňiz.

Makul Sözlük goşundysy tapan sözlerini Türkmen we Iňlis dillerinde Size sesli hem “aýdyp” berer. Bu bolsa şol sözüň okalyş we aýdylyş görnüşlerini öwrenmegine kömek eder.

Bu goşundy diňe Chrome Browser ulanýanylýan kompýuterlere gurnap bolýar. Häzirki döwürde kompýuterleriň aglabasynda Chrome Browser bardygyny ýatlap geçeliň! Bu bolsa kompýuterlerden internete girýänleriň tas hemmesiniň Makul Sözlük goşundysyndan peýdalanyp biljekdigini görkezýär.

Bellemeli zat, bu goşundy diňe kompýuterlerde ulanyp bolýar. Makul Sözlük mobil applikasiýasyny bolsa iň ýakyn wagtda hereket edip başlar!

Siz Makul Sözlük goşundyny indirmek üçin ýokarydaky suratlaryň haýsy-da bolsa biriniň üstüne basyp bilersiňiz!

Siz habarlar saýtymyza girilen dessine Size bildiriş gelmegini isleýän bolsaňyz onda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýtynyň ýakynda hyzmata giren Android ulgamynda işleýän Applikasyýasyny şu ýere basyp ýa-da aşakdaky suratyň üstine basyp öz telefonyňyza ýükläp alyň! Eger Siz bu habary kompýuteriň üsti bilen okaýan bolsaňyz, el telefonyňyzyň Google Plaý dükanyndan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp biziň Applikasyýamyzy indirip mugt alyp bilersiňiz!

Çeşme: Atavatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Raýat Awiasiýasynyň Uçarlarynyň Üsti Täze “Boingler” Bilen Artýar

Ýokary Tehnologiýalar Agrosenagat Toplumynyň Maldarçylyk Ulgamynyň Netijelilignini Üpjün Edýär

Dümewden Nädip Goranmaly

turkmenhabargullugy