04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Daşary Işler Ministirliginde Türkiýäniň Ilçisi Bilen Duşuşyk

2015-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri ýurdumyzda özüniň diplomatik işini tamamlaýan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Şewki Mütewellioglu bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda Ilçi işlän ýyllarynyň dowamynda beren goldawy we Ilçihananyň işine ýardamlary üçin türkmen tarapyna özüniň minnetdarlygyny bildirdi. Soňra syýasy, ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlarynda türkmen-türk hyzmatdaşlygyny giňeletmegiň we çuňlaşdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri türk Ilçisine ikitaraplaýyn gatngaşyklaryny ösdürmäge goşan önjeýli goşandy üçin minnetdarlyk bildirip, oňa geljekde hem işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Täze Ýyl Mynasybetli Konsertler

Türkmenistan Bilim we Saglygy Goraýyş Ulgamlaryny Maliýeleşdirmegi Artdyrýar

turkmenhabargullugy

Köýtendagyň Ýerasty Dünýäsiniň Syrlary: Garlyk Gowaklarynyň Özboluşly Haýwanat Dünýäsi

turkmenhabargullugy