20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Daşary ýurt raýatlaryny hasaba almak.

1. Daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň çägine girenden soň we ýurduň çäginde bolýan ýerini üýtgedip, barmaly ýerine barandan soň, alnan wizalar esasynda ýurduň çägine giren gününi hasaplamazdan, 3 (üç) iş gününiň dowamynda şahsy arzasyny ýa-da kabul ediji taraplaryň bellenen görnüşdäki ýüztutma hatlaryny, ýaşyna garamazdan özlerine aýrybaşga resmileşdirilen daşary ýurt pasportlary ýa-da olaryň ornuny tutýan resminamalary bermek bilen bolýan ýerlerindäki migrasiýa gullugynyň edaralarynda hasaba alynmaga borçludyrlar.

Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almak olary Türkmenistanda kabul edýän ýuridik we fiziki şahslaryň, guramalaryň ýazmaça ýüztutmalary esasynda geçirilýär. Daşary ýurt raýatlaryny, raýatlygy bolmadyk adamlary hasaba almagyň hereket ediş möhletini uzaltmak wizanyň ýa-da Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamanyň hereket ediş möhleti uzaldylandan soň amala aşyrylýar.

2. Halkara gatnawlarynda ýolagçylary gatnadýan we ýükleri daşaýan daşary ýurt awtoulag serişdeleriniň sürüjiler toparynyň düzümine girýän daşary ýurt raýatlarynyň gatnatmalar-daşamalar ýerine ýetirilýän ugurlardaky ilatly ýerlerde, şol sanda barylmaly ýerlerde bolan mahaly, Türkmenistanda bolmagynyň möhleti 5 (bäş) günden köp bolmasa, olar diňe Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki migrasiýa gözegçilik postlarynda hasaba alynýar. Eger olaryň Türkmenistanda bolýan möhleti ýurduň çägine giren gününden başlap, 5 (bäş) günden geçýän bolsa, olar migrasiýa gullugynyň edaralarynda Türkmenistana giren gününden hasaplamak bilen, 15 (on bäş) güne çenli möhlet bilen hasaba alynýar.

3. Türkmenistanyň çäklerinden üstaşyr geçýän daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistanda bolmagynyň möhleti giren gününi hasaplamazdan, 5 (bäş) günden köp bolmasa, olar diňe migrasiýa gözegçilik postlarynda hasaba alynýar.

4. Ýönekeýleşdirilen tertipde Türkmenistana gelýän daşary ýurt raýatlary diňe migrasiýa gözegçilik postlarynda hasaba alynýar we olaryň bolmaly möhleti hökümetara ylalaşyklaryna görä kesgitlenýär. Olar Türkmenistana gelen ýerindäki migrasiýa gözegçilik postunyň üsti bilen gitmelidirler.

5. Syýahatçylyk ugry boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt raýatlary Türkmenistanyň Syýahatçylyk we sport baradaky Döwlet komitetiniň edaralarynda hasaba alynýar.

Hasaba alynmakdan boşadylýanlar:

      1) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çakylyklary boýunça Türkmenistana gelen daşary ýurt döwletleriniň, parlamentleriniň we hökümetleriniň baştutanlary, döwlet, parlament we hökümet, şeýle hem hökümetara we halkara guramalarynyň agzalary, şonuň ýaly-da şol wekiller toparlarynyň işgärleri we sanalyp geçilen adamlaryň maşgala agzalary;

      2) bellenen tertipde Türkmenistana gelen daşary ýurt harby gämileriniň we howa gämileriniň ekipažlarynyň agzalary;

      3) daşary ýurt harby däl deňiz (derýa) gämileriniň ekipažlarynyň düzümine girýän adamlar, Türkmenistanyň deňiz menzillerinde we deňiz menzilleri bolan şäherlerinde bolýan mahaly;

      4) halkara howa gatnawlarynyň raýat howa gämileriniň ekipažlarynyň, halkara demir ýol gatnawlarynyň otlularynyň brigadalarynyň düzümine girýän adamlar;

      5) “Türkmenistanyň hormatly raýaty” diýen ada mynasyp bolan daşary ýurt raýatlary.

Daşary ýurt raýatynyň hasabynyň ýatyrylmagy:

Şu halatlarda kabul ediji tarapyň ýüztutmasy esasynda daşary ýurt raýatynyň migrasiýa gullugynyň edarasynda hasaba alynmagy ýatyrylýar:

      1) Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde hasaba alnan ýagdaýynda;

      2) daşary ýurt raýaty Türkmenistanyň çäginde aradan çykan we ýurduň çäginde jaýlanan ýagdaýynda;

      3) daşary ýurt raýaty jenaýat jogapkärçiligine çekilip, azatlykdan mahrum edilen halatynda;

      4) daşary ýurt raýaty şahsy maglumatlaryny üýtgeden ýagdaýynda;

      5)  Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.

Ýokarda agzalan ýagdaýlarda hasaba alynmagy ýatyrmak üçin esas bolup durýan resminamalar talap edilýär.

Daşary ýurt raýatynyň hasapdan çykarylmagy:

Kabul ediji taraplar wizasynyň, zähmet şertnamasynyň, okuwynyň, Türkmenistanda ýaşamaga ygtyýarnamasynyň ýa-da Türkmenistanda bolmaga esas bolup durýan beýleki sebäpler bilen kesgitlenen möhletiniň tamamlanmagy bilen, daşary ýurt raýatynyň Türkmenistanyň çäginden çykan senesinden soň, 3 (üç) iş günüň dowamynda onuň hasapdan çykarylmagy baradaky ýüztutmany  migrasiýa gullugynyň edaralaryna tabşyrmaga borçludyr

çeşme: TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET MIGRASIÝA GULLUGY.

 

Degişli makalalar

Prezidentimiz Karara gol çekdi.

syrach

«NUR» Kompaniýasy Çykarylýan Önümleriň Görnüşlerini Artdyrýar

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

syrach