04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Daşoguz Welaýaty: Tut Agaçlarynyň Meýdany Giňeldilýär we Döwrebap Oba Mekdebi Gurulýar

Şu ýyl Türkmenistanyň demirgazygynda geçen ýyldakydan birnäçe esse köp — bäş ýüz müň sany tut nahalyny ekmek göz öňünde tutulýar. Tut agaçlarynyň ilkinji onlarça müňüsi 21-nji martda geçirilen köpçülikleýin bag ekmek dabarasynda oturdyldy.

Şeýle çäreler, ilkinji nobatda, pile almak boýunça tabşyrygyň artdyrylmagy bilen baglanşyklydyr. Şu ýyl bäş ýüz tonna ýüpek taýýarlamak bellenildi, munuň özi geçen ýyldakydan on bäş tonna köpdür. Baglaryň meýdanynyň artdyrylmagy tut agaçlarynyň ekologiýa oňyn täsiri bilen hem baglanşyklydyr.

Ýüpekçilik Daşoguz welaýatynda oba hojalyk pudagynyň geljegi uly ugurlarynyň biri bolup, ol jemi 1950 gektar meýdany tutýar. Ýüpek taýýarlamakda uly tejribe toplanan Görogly, Gurbansoltan eje we S.A. Nyýazow adyndaky etraplar ýokary hilli gurçuk tohumlaryny has iri taýýarlaýjylardyr.

* * *

Daşoguz welaýatynyň S.A. Nyýazow adyndaky etrabynyň Buýanly obasynda 600 okuwça niýetlenen umumybilim berýän mekdep jaýy gurulýar. Ony «Daşoguzobagurluşyk» önümçilik birleşiginiň hünärmenleri bina edýärler. 4 gektardan gowrak meýdany tutýan binanyň taslama bahasy 19 million manatdan gowrakdyr.

Iki gatly binada synp otaglaryndan başga-da, mejlisler we sport zallary, naharhana we beýleki jerur jaýlar göz öňünde tutulan. Mekdepde futbol meýdany, besketbol we woleýbol meýdançalary enjamalşdyryldy, şeýle hem kömekçi tehniki binalar guruldy. Häzirki wagtda binanyň içki bezeg işleri alnyp barylýar.

Bilim bermegiň döwrebap maddy enjamlary bilen üpjün ediljek täze mekdepde ösüp gelýän ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek we olaryň sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler dörediler. Okuw jaýy ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna gabatlanyp işe giriziler.

Daşoguz welaýatynda umumybilim berýän we mekdebe çenli edaralaryň giň toplumy bar. Sebitde orta mekdepleriň 528-si we çagalar baglarynyň hem 112-si hereket edýär. Şu ýyl işe girizilmäge niýetlenen durmuş-medeni ähmiýetli binalaryň sanawynda Daşoguzdaky çagalar bagy-da bar, bu ýerde ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň dolandyryş merkeziniň ýaşajyk ýaşaýjylarynyň 240-sy mekdebe çenli bilim maksatnamasyny özleşdirerler we döredijilik ukyplaryny ösdürerler.

Çeşme: http://turkmenistan.gov.tm/

Degişli makalalar

Bişkekde ÝB-Merkezi Aziýa Ýokary Derejeli Dialogy Geçirildi

Ýeňiş Güni Bilen! 1941-1945-nji Ýyllaryň Beýik Watançylyk Urşunda Gazanylan Ýeňşiň 72 Ýyllygyna

turkmenhabargullugy

Tanymal Türkmen Nakgaşlarynyň Watan Goragçylaryna Bagyşlanan Işleri

turkmenhabargullugy