15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Daşoguzly ýaşlar üçin sagaldyş öýi.

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň “Biruny” daýhan birleşiginiň çäkleriniň ajaýyp künjekleriniň birinde 300 orunlyk täze çagalar sagaldyş merkeziniň gurluşygy alnyp barylýar. Bu häzirki zaman çagalar sagaldyş merkeziniň gurluşygyny “Merdogly” hojalyk birleşiginiň toparlary alyp barýar. 

Sagaldyş merkeziniň umumy tutýan meýdany elli müň inedördül metr bolup, sagaldyş merkeziniň binasy 13 müň 400 inedördül metr ýerde ýerleşer. Häzirki zaman şähergurluşyk ulgamynda iň öňdebaryjy gazanylanlar we milli binagärligiň gadymdan gelýän däp-dessurlaryny nazara almak bilen, oňaýly we ähli amatlyklary bolan ýatmak üçin niýetlenen binalar, giň naharhana, 300 orunlyk kinoteatr, myhmanhana, tomusky amfiteatr, dürli oýun otagly medeniýet merkezi gurular. Kompýuter otaglary global Internet toruna birikdiriler. Aýratyn binalar dürli gurnaklaryň, stoluň üstünde oýnalýan tennis, şaşka we küşt oýnamak üçin göz öňünde tutulandyr. 

Gelejekde bu çagalar şäherçesinde ýaş türkmenistanlylaryň doly bahaly dynç almaklary we saglyklaryny berkitmekleri üçin ähli şertler dörediler. Täze sagaldyş merkeziniň çäklerinde sport we hereketli oýunlar bilen meşgullanmak üçin ykjam meýdançalar, suw attraksiony, üsti açyk we ýapyk suw basseýnleri gurular. Tomusky anfiteatr öz sahnasy bilen ýurduň demirgazyk sebtiniň ähli künjeklerinden ýygnanjak ýaş zehinleriň duşuşýan ýerine öwrüler. Şeýle hem taslamada sagladyş çärelerini geçirmek üçin lukmançylyk nokady göz öňünde tutulandyr. 

Bu desgany 2015-nji ýylyň dekabr aýynda ulanyşa bermek göz öňünde tutulýar.

 

Degişli makalalar

Hasyl Baýramy Mynasybetli Dabaralar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahal Welaýaty Boýunça Iş Sapary

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

syrach