25.9 C
Aşkabat
17.06.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar

Döwlet Muzeýinde Aşgabat Şäheriniň Gününe Bagyşlanan Sergi Açyldy

Türkmenistanyň Medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde Aşgabat şäheriniň gününe bagyşlanan sergi açyldy.

Tematiki sergi esasy iki bölümden ybarat bolup, olaryň biri türkmen paýtagtynyň taryhyna bagyşlansa, beýlekisi – häzirki döwrüň uly möçberli özgertmelerini beýan edýär.

Türkmen paýtagtynyň eteginde ýerleşýän «Nusaý» Döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň artefaktlary bu ýere gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär, çünki olar 1881-nji ýylda Aşgabadyň döredilen ýeri bolan Köpetdag bilen Garagumyň arasyndaky jülgäniň beýik geçmişiniň gymmatly maddy subutnamasydyr.

Özboluşly fotosuratlar türkmen paýtagtynyň keşbiniň XX asyryň 20-50-nji ýyllardaky özgerişine syn etmäge mümkinçilik berýär.

Tanymal fotosuratçylaryň işleri, Türkmenistanyň Prezidentiniň Muzeýiniň eksponatlary we amaly-haşam sungaty eserleri ak şäherimiz Aşgabadyň kaşaň keşbi, ýurduň taryhynyň täze eýýamynda ýetilen sepgitleriň nyşany bolan paýtagtymyzyň gözel binalary bilen tanyşdyrýar.

Serginiň kitap bölüminde paýtagtymyzyň durmuşynyň dürli ugurlaryna we onda amala aşyrylýan uly möçberli özgertmelere bagyşlanan neşirler goýlupdyr.

Surata düşüren: Ýuriý ŞKURIN
Çeşme: turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Sport Tansy Milli Mekdebiniň Wekilleriniň Çykyşy

turkmenhabargullugy

Gökderede Şekillendiriş Sungaty Muzeýi Suratkeşleriň Sergisini Gurady

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

turkmenhabargullugy