20.9 C
Aşkabat
17.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Arasynda…

Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň Arasynda Telefon Arkaly Söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy.

Iki ýurduň Liderleri mähirli salamlaşyp, mukaddes Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutlap, türkmen hem-de türk halklaryna abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Döwlet Baştutanlary ruhy päklik we ýokary ahlaklylyk ýaly adamzadyň belent gymmatlyklarynyň ähmiýetini ündeýän bu nurana baýramyň iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegine, külli musulman ymmatynda we ähli halklaryň arasynda dostlugyň, özara goldaw bermegiň we raýdaşlygyň pugtalandyrylmagyna mundan beýläk-de ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Söhbetdeşler umumy taryhy köklere hem-de hyzmatdaşlygyň däplerine daýanýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, onuň möhüm ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow uzak möhletleýin, strategik häsiýete eýe bolan doganlyk türkmen-türk gatnaşyklarynyň bu gün täze mazmuna eýe bolýandygyny, bilelikdäki taslamalaryň amala aşyrylmagynyň şoňa ýardam edýändigini belledi hem-de ak mermerli paýtagtymyz Aşgabady ösdürmekde türk kompaniýalaryna, olaryň Türkmenistanyň şäher gurluşygyna goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedow we Rejep Taýyp Ärdogan Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, şeýle hem halkara guramalaryň çäklerinde özara gatnaşyklara uly ähmiýet berýändigini tassykladylar.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidentleri sebit hem-de dünýä ähmiýetli meseleler barada pikir alşyp, adamzat üçin täze howp bolan koronawirus pandemiýasy (COVID-19) barada durup geçdiler. Iki döwletiň Baştutanlary pandemiýadan doly üstün çykmak üçin ähli ýurtlaryň tagallalarynyň birleşmegi barada pikirlerini beýan etdiler.

Milli Liderimiz Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň ählumumy göreşe ygrarlydygyny tassyklap, işjeň halkara hyzmatdaşlygyň, ozaly bilen, bu howpa netijeli garşy durmak maksadynda lukmançylyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň zerurdygyny bellediler.

Türkmenistan şu aýyň başynda koronawirusa garşy göreşe bagyşlanan Goşulyşmazlyk Hereketiniň wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşygynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlary boýunça özara gatnaşyklara taýýardyr.

Aprel aýynda Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk Geňeşiniň şu mesele boýunça geçirilen wideomaslahatynda Türkmenistan döwletleriň arasynda söwda we ykdysady gatnaşyklaryň, ulag gatnawlarynyň durnuklylygyny saklamagyň şertleri barada çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow onlaýn görnüşinde halkara maslahatlaryň, wideoforumlaryň işjeň guralýandygy üçin türk hyzmatdaşlara minnetdarlyk bildirdi. Munuň özi pandemiýa garşy göreşmekde ähli ýurtlaryň jebisleşmegi boýunça Türkmenistanyň teklip edýän usullarynyň bir görnüşi hökmünde ylmy diplomatiýany ilerletmäge mümkinçilik berýär. Döwlet Baştutanymyz koronawirus ýokanjyny anyklamagyň we bejermegiň usullaryny kämilleşdirmekde Türkiýäniň oňyn tejribesini belläp, öz kärdeşini bu ugurda gazanylan üstünlikler bilen gutlady.

Rejep Taýyp Ärdogan öz nobatynda, hormatly Prezidentimizi Aşgabat şäheriniň güni bilen gutlady. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar bar bolan kynçylyklara garamazdan, ýurtlarymyzyň ulag gatnawlaryny, hususan-da, Lazurit üstaşyr geçelgesi boýunça gatnawlaryň dowam edýändigini bellediler hem-de gatnaşyklary has-da ösdürmek, aýratyn-da, söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna tabşyryklary bermek barada ylalaşdylar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda iki döwletiň Baştutanlary türkmen-türk gatnaşyklarynyň geljekde hem ynanyşmagyň, açyklygyň we özara düşünişmegiň esasynda ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk hem-de döwlet işinde täze üstünlikleri, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşlik türk tarapynyň başlangyjy boýunça geçirildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Merkezi Aziýa-Hytaý Gaz Geçirijisi Boýunça 304,6 Mlrd Kub Metr «Mawy Ýangyç» Iberildi

Türkmenistanyň Prezidenti YHG-ny Syýasylaşdyrman, Onuň Işine Täzeçe Çemeleşmeleri Işläp Taýýarlamaga Çagyrdy

turkmenhabargullugy