20.9 C
Aşkabat
25.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Dünýä Metbugatynyň Sahypalarynda

Türkmenistan Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary bilen strategiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa we Sloweniýa bolan resmi saparlarynyň netijeleri boýunça dünýä metbugaty şeýle netijä geldi.

Ilki Wenada, biraz soňra Lýublýanada uly üstünlige beslenen ýokary derejedäki gepleşikler biziň ýurdumyz bilen Awstriýa we Sloweniýanyň arasyndaky diňe bir ikitaraplaýyn döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli waka diýlip ykrar edilmän, eýsem-de, Türkmenistan — ÝB gatnaşyklarynyň soňky ýyllarda barha işjeňleşendigini alamatlandyrdy.

Bu sözlere dünýäniň esasy köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ilkinji nobatda, Ýewropanyň öz köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan bildirilen uly gyzyklanma aýdyň subutnama bolup biler. Köp sanly gazetler we žurnallar öz sahypalarynda owadan suratlar bilen bezelen, parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgesine yzygiderli eýerýän, häzir   okgunly ösýän Türkmenistana bagyşlanan uly makalalary we aýry-aýry habarlary ýerleşdiripdirler. 

Ýokary derejedäki türkmen-awstriýa we türkmen-sloweniýa duşuşyklary baradaky netijelilik hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge gönükdirilen mazmundaky habarlara halkara habarlar agentlikleriniň we bütin dünýädäki köp millionly okyjylaryň arasynda meşhurlykdan peýdalanýan iri elektron neşirleriniň täzelikler sahypalarynda esasy orun berildi. 

Synçylara ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerinde däp bolan özara gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etmäge gönükdirilen ylalaşyklaryň wajypdygyny belläp, hakyky özara gyzyklanmany hem-de iki döwletiň Liderleriniň ählumumy bähbitleriň hatyrasyna doly möçberli, köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ýola goýmaga we ösdürmäge gönükdirilen ugurlaryny aýratyn nygtadylar. 

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna saparyň möhüm netijeleri hökmünde garadylar. Şol resminamalar birnäçe esasy ugurlarda özara gatnaşyklary kadaly ýerine ýetirmäge hem-de Türkmenistanyň Ýewropanyň şu ýurtlary bilen hyzmatdaşlygynyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Metbugat energetika ulgamynda özara gatnaşyk etmek ýaly möhüm ugra aýratyn üns berdi. Türkmenistanyň bu babatda durmuşa geçirýän energiýa serişdeleriniň eksport ugurlarynyň bütinleý diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen syýasatyny goldaýandyklaryny beýan edip, Awstriýanyň we Sloweniýäniň ýokary ýolbaşçylygy Ýewropa ýurtlarynyň “mawy ýangyjy” dünýä bazarlaryna iberýän iri ýurtlaryň biri bolup durýan Türkmenistandan tebigy gazyň ýetirilmegine uly gyzyklanma bildirýändiklerini bellediler. 

Žurnalistler gepleşikleriň netijeleri boýunça kabul edilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak hakyndaky Türkmenistanyň  we Awstriýa Respublikasynyň arasyndaky Bilelikdäki Beýannama salgylanyp,   taraplaryň gatnaşyklary has-da giňeltmäge hem-de özara netijeli hyzmatdaşlygy, şol sanda energetika pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändigini bellediler. Şu babatda halkara energetika howpsuzlygyny berkitmek üçin köpugurly turba geçirijiler düzüminiň toruny giňeltmegiň wajypdygy nygtaldy.

“Taraplar häzir dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan möhüm wezipeleriň biriniň halkara energetika howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagy bolup durýandygyny ykrar edýärler, şunuň bilen baglylykda,  dünýä energetikasynyň sazlaşyklylygyny üpjün etmekde kesgitleýji ýagdaý bolan  energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň gözbaşlaryny has-da ösdürmek we ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatda pikirlerini aýtdylar” diýip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri beýleki bir möhüm resminama bolan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pohoryň Bilelikdäki Beýannamasyndan alnan sözleri getirdiler. 

Şu günler peýda bolan görnükli jemgyýetçilik işgärleriniň hem-de hünärmenleriň metbugatda peýda bolan oňyn häsiýetli synlary, teswirlemeleri Türkmenistana Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary tarapyndan energiýa serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan we şonuň üçin hem olaryň günbatar ugra durnukly hem-de uzakmöhletli iberilmegini üpjün etmäge ukyply bolan geljegi uly we ygtybarly hyzmatdaş hökmünde baha berilýändigine şaýatlyk edýär. Daşary ýurtly synçylaryň köpüsi ýurduň gury ýerdäki ýataklardan başga-da, Hazar deňziniň türkmen böleginde energiýa serişdeleriniň, şol sanda Ýewropa taslamalaryny üpjün etmek üçin ýangyç-çig malynyň ýeterlik goruna eýedigini ýatlamagy unutmadylar.  

“Awstriýa gaz ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny we syýasatlaşdyrylmazlygyny üpjün edýän taslamalary goldaýar. Bu hem Türkmenistanyň ýörelgesine laýyk gelýär” diýip,  Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti Haýns Fişer beýan etdi hem-de energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ýygjamlaşdyrmak babatda özara düşünişmek hakynda 2011-nji ýylda gol çekilen türkmen-awstriýa Ähtnamanyň degişli şertnama-hukuk binýadyny döretmek boýunça ilkinji ädimleriň biri bolandygyny belledi. Awstriýanyň hem, Sloweniýanyň hem şu ýyllarda Türkmenistanyň halkara başlangyçlarynyň öňe ilerlemegine hemmetaraplaýyn goldaw berýändigini bellemek gerek. Olaryň  BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2008-nji we 2013-nji ýyllarda kabul edilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de durnukly ösüşi we halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde onuň hyzmaty” diýen kararnamany goldaklary aýdyň subutnamadyr. 

“Durnukly energetika babatda biziň halkara başlangyçlarymyzyň goldanylmagy dünýä derejesindäki bu meselä ýurtlarymyzyň çemeleşmeleriniň ýakynlygyna şaýatlyk edýär” diýip, türkmen döwletiniň Baştutany gepleşikleriň çäklerinde aýtdy hem-de häzir esasy ýagdaýyň energetika akymlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, hususan-da, Türkmenistandan günbatar ugra tarap täze ugurlaryň döredilmegi bolup durýan dünýä energetika howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň halkara syýasy we ykdysady aragatnaşyklar ulgamlarynyň durnuklylygynyň möhüm alamaty bolup çykyş edýändigini belledi. 

Lýublýanada türkmen-slowen gepleşikleriniň netijeleri boýunça geçirilen metbugat maslahatynda POP-TW teleradiokompaniýasynyň habarçysy hanym Tei Sentýutsyň beren sowalyna jogap berip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň kuwwaty halkara bilermenleri tarapyndan tassyklanan ägirt uly uglewodorod serişdelerine eýe bolan gaz ýurdudygyny aýratyn nygtady. “Gaffney, Cline and Associates” britan kompaniýasynyň geçiren seljermesiniň netijeleri boýunça diňe bir “Galkynyş” gaz käninde bu görkeziji 26,2 trillion  kub metre barabardyr. Bu bolsa türkmen döwletiniň eýe bolan ägirt uly kuwwatyndan habar berýär. 

Kuwwatly serişdeler binýady energiýa serişdeleriniň durnukly iberilmegine uzakmöhletleýin şertnamalary baglaşmaga esas berýär. Häzirki wagtda şeýle ylalaşyklar üç ugur boýunça: Türkmenistan — Russiýa, Türkmenistan — Hytaý we Türkmenistan — Eýran ugurlary boýunça hereket edýär.          
 
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyna hem türkmen energiýa akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň geljegi uly ugry hökmünde garalýar. Häzir bu taslama iş ýüzünde durmuşa geçirmäge girişmek tapgyrynda dur. 

Milli Liderimiz Türkmenistanyň energetika syýasatynyň gün tertibinde tebigy serişdeleri Ýewropa ugruna eksport etmek meselesi aýratyn orun tutýar diýip aýtdy hem-de ýakynda Aşgabatda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň, Türkiýäniň we Ýewropa Bileleşiginiň energetika edaralarynyň ministrleri derejesinde geçirilen dörttaraplaýyn duşuşygynyň ähmiýetini nygtady.

Gepleşikleriň çäklerinde türkmen tebigy gazyny Ýewropa ibermek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bolsa transmilli gaz geçirijileriniň köp görnüşli düzümini bilelikde giňeltmegi göz öňünde tutýar.

Şunuň bilen baglylykda, şu günler Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň birnäçesinde peýda bolan köpsanly habarlary ýatlaman geçmek mümkin däl. Ine, APA habarlar agentligi ÝB-niň Azerbaýjandaky wekilhanasynyň baştutany Malen Mardyň beýannamasyna salgylanyp, Ýewropa Bileleşiginiň türkmen gazynyň ýewropaly sarp edijilere iberilmegine gyzyklanýandygyny tassyklaýar. 

Ýewropa Bileleşigi we Hazar sebitiniň ýurtlary (Azerbaýjan, Türkmenistan we Türkiýe) gazy Hazar sebitinden Ýewropa iberilmegini ara alyp maslahatlaşmak üçin hemişelik iş toparyny döretmek barada ylalaşdylar. Bu barada RIA-nowosti agentligi hem habar berip, Azerbaýjanyň energetika ministri Natig Aliýewiň Ýewropa Bileleşiginiň Hazarüsti turba geçirijisi arkaly türkmen gazyny import etmek maksady bilen, Ýewropanyň esasy energetika kompaniýalaryny çekip, konsorsiumy döretmek meýli barada gürrüň berendigini aýtdy. 

Syýasatçylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan — gaz ýurdy” diýip, Sloweniýanyň paýtagtynda geçirilen metbugat maslahatynda aýdan sözleriniň üstünde aýratyn durup geçip,  bu tassyklamany ýurtdaky tebigy gazyň gorlary barada türkmen Lideriniň aýdan täsirli görkezijileri bilen däl, eýsem-de, olaryň pikirine görä, 9-njy maýda “Westi-24” rus teleýaýlymy boýunça görkezilen ajaýyp pursatlar bilen berkitmegi ýerlikli hasapladylar. 1941—1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 70 ýyllygynyň hormatyna guralan dabaralara gelýän onlarça döwletleriň Baştutanlarynyň Kremldäki resmi duşuşyk dabarasyny göni teleýaýlymda bütin dünýä görkezip, alypbaryjy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň diňe bir dostlukly görüşmek bilen çäklenmän, biraz saklanyp, nämedir bir zatlar hakynda gürrüň edendiklerine ünsi çekip, bu ýagdaýy  “dünýäde tebigy gazyň ägirt uly goruna eýe bolan kuwwatly iki döwletiň Baştutanlary duşuşdylar” diýip teswirledi. 

Žurnalistler Awstriýada we Sloweniýada ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda gozgalan has wajyp meseleleri seljermek bilen, Türkmenistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli  hyzmatdaşlyk strategiýasynyň diňe bir çig maly ibermek bähbidinde guralmaýandygyny hem bellediler.  

Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri gaz eksport ugurlarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň hem-de ýurduň tutuş halk hojalyk toplumynyň çig mal ibermekden taýýar önümleri öndürmäge tarap ugrunyň üýtgedilmeginiň we eksportuň artdyrylmagynyň häzirki wagtda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biridigine ünsi çekdiler hem-de bu wezipeleriň çözülmeginiň ýakyn geljekde, bir tarapdan,  Türkmenistanyň ähli ykdysady ulgamynyň ösmegine kuwwatly itergi berjekdigine, beýleki tarapdan bolsa, tebigy baýlyklaryň geljekki nesillerimiz üçin saklanyp galjakdygyna ynam bildirdiler. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Türkmenistanda nebiti we gazy gaýtadan işleýän döwrebap önümçilikleriň gurluşygy üçin anyk işleriň bitirilýändigini nygtady. Şol önümçilikler iň täze tehnologiýalar esasynda dünýä bazarynda isleg bildirilýän önümleriň giň görnüşlerini çykarar. Şeýlelik bilen, ýakyn wagtda uglewodorod çig malynyň häzirki eksport möçberlerini artdyrmakdan onuň içerki gaýtadan işlenilişiniň kuwwatlaryny giňeltmäge hem-de ýokary tehnologik we degişlilikde, has bähbitli eksport ugurly harytlary öndürmäge geçmek mümkin bolar. Munuň özi türkmen ykdysadyýetini ösüşiň senagat ýoluna geçirmek boýunça öňde goýan wezipelerimizi üstünlikli çözmäge mümkinçilik berer.   

Şeýlelik bilen, ýokary derejede geçirilen türkmen-awstriýa hem-de türkmen-slowen gepleşikleriniň barşynda dünýä ykdysadyýetiniň hakyky sarp edijiligini nazarda tutmak bilen, energiýa howpsuzlygy we durnukly energetika meseleleri boýunça giň köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň zerurlygyna esaslanan çemeleşmeleriň ýakynlygy tassyklandy diýip, daşary ýurt metbugaty nygtaýar.

Şeýle hem dostlukly ýurtlaryň dünýädäki hem-de sebitdäki ýagdaýlaryň geljekki ösüşine garaýyşlarynyň ýakynlygy we özara düşünişilmek nygtaldy. Köp sanly neşirlerde Türkmenistanyň we hyzmatdaş ýurtlaryň dünýä derejeli strategiki durnuklylygyň hem-de howpsuzlygyň saklanmagy we pugtalanmagy ugrunda çykyş edip, ähli halkara jedelleriň hem-de meseleleriň parahatçylykly, syýasy ýollar bilen çözülmegine, halkara hukugynyň kadalaryna we BMG-niň Düzgünnamasyna gyşarnyksyz eýerilmegine pugta ygrarlylygy beýan edilýär. 

Halkara synçylary ýokary derejedäki duşuşyklaryň netijelerini teswirläp, syýasy gepleşikleriň aýdyň üstünliginiň söwda-ykdysady aragatnaşyklaryny ösdürmek üçin oňat esasa öwrülendigini nygtadylar. Gepleşikleriň barşynda Gündogar — Günbatar ugry boýunça Ýewraziýa ulag-üstaşyr geçelgesini çekmek üçin açylýan mümkinçilikleri göz öňünde tutup, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegine uly üns berildi. Bu hem geljegi uly we ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki wagt ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. 

Trend habarlar agentliginiň “Altyn asyr: Türkmenistan”  milli teleradioýaýlymyna salgylanyp habar berşi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Sloweniýa resmi saparynyň çäklerinde  ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine, şol sanda ulag ulgamynda hökümetara ylalaşyklaryna gol çekildi. Taraplar ulag we üstaşyr mümkinçiligi pugtalandyrmaga, ýaýbaňlandyrylan ulag düzüminiň ösdürilmegine, ýükleriň Ýewropadan Aziýa hem-de yzyna daşalmagynyň has oňaýly ugurlaryny üpjün edýän halkara ulag geçelgeleriniň kemala getirilmegine hemmetaraplaýyn ýardam etmegi ylalaşdylar. 

Möhüm ylalaşyklaryň arasynda işewür aragatnaşyklary höweslendirmek, eksport-import mümkinçiliklerini öwrenmek we ýygjam ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak, türkmen-awstriýa we türkmen-slowen bilelikdäki hökümetara toparlarynyň işine gönüden-göni ýardam berjek täze görnüşleri tapmak boýunça tagallalary birleşdirmek hakyndaky resminamalar bar. 

Daşary ýurt metbugaty saparlaryň barşynda Türkmenistanyň Baştutanynyň geçiren möhüm ikitaraplaýyn duşuşyklarynyň birnäçesini, şol sanda Awstriýa Respublikasynyň Federal Kansleri jenap Werner Faýman bilen geçiren duşuşygyny hem ünssüz galdyrmady. Onuň bilen döwletara gatnaşyklarynyň wajyp meseleleri boýunça özara gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň iri guramalaryň Awstriýanyň paýtagty Wenada resmi taýdan bellenen ýolbaşçylary – Atom energiýasy boýunça Halkara agentliginiň (AEHA) baş direktory Ýukiýa Amano hem-de ÝHHG-niň Baş sekretary Lamberto Zanýer bilen duşuşyklary baradaky habarlar köp sanly okyjylar köpçüliginde  uly gyzyklanma döretdi. Bu guramalaryň Ýolbaşçylary Bitarap Türkmenistanyň netijeli daşary syýasat ýörelgesine hem-de onuň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmekdäki umumy tagallalara goşýan uly goşandyna ýokary baha berdiler.  

Degişli makalalar

Biometriki maglumatly pasport.

syrach

Awiaýolagçylar üçin täze žurnal.

syrach

6 ýyl soň ilkinji duşuşyk geçirildi.

syrach