15.01.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Dünýäniň ýaşajyk çempiony.

6-15-nji maý aralygynda Gresiýanyň Halkidiki şäherinde 17 ýaşa çenli mekdep okuwçylarynyň arasynda küşt boýunça geçirilen dünýä çempionatynda ajaýyp ýeňiş gazanan 6 ýaşly Bägül Ezizowany Aşgabatda sarpalamak dabarasy boldy.

Şäher sport komitetiniň küşt mekdebinde tälim alýan küştçi gyzjagazyň bu üstünligi şunuň ýaly ýaryşlarda çykyş edýänleriň 7 ýaşa çenli toparynda Türkmenistanyň türgenleriniň ilkinji gezek alan altyn medalydyr.

Bägül halkara reýtingine tarap nobatdaky ädimini indiki aýyň içinde amala aşyryp biler: ol ýetginjekleriň arasyndaky Aziýanyň çempionatynda çykyş eder. Şol ýaryş 19-27-nji iýunda Eýranyň Sary şäherinde geçiriler. 

Degişli makalalar

Türkmen-Italýan Gatnaşyklary

syrach

Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň Daşary Işler Ministrlikleriniň Arasyndaky Syýasy Geňeşmeler

syrach

Aşgabatda KHBS-niň Hukuk Binýadyny Kämilleşdirmegiň Meselelerine Garaldy

turkmenhabargullugy