21.9 C
Aşkabat
17.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň on aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine hem-de geljek ýyl üçin Döwlet býujetiniň we taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna seredildi. Şeýle hem mähriban halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen döwletimiziň içeri we daşary syýasatyna degişli käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer 2019-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.

Şol görkezijiler bolsa ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň durnukly ösýändigine şaýatlyk edýär. Hasabat döwründe oňyn netijeler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, ýurdumyzyň ykdysadyýetini okgunly ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler netijesinde gazanyldy.

Şu ýylyň on aýynda jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 6,9 göterim ýokarlandy.

Ýanwar — oktýabr aýlarynda bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 19,1 göterim artdy, Daşary söwda dolanyşygy bolsa 4,2 göterim ýokarlandy.

Hasabat döwründe Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 15,7 milliard manada we çykdajy bölegi 15,6 milliard manada deň boldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky 2018-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 9,6 göterim ýokarlandy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.

Rejelenen görnüşindäki Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde, ýurdumyz boýunça durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň 92-siniň, suw we lagym arassalaýjy desgalaryň 35-siniň gurluşyk işleri alnyp baryldy.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamalary, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna», hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 10-njy maýyndaky Kararyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlary hem-de Türkmenistanyň maýa goýum maksatnamasy barada habar berdi. Resminamalar işlenip taýýarlanylanda, milli Liderimiziň ykdysady strategiýasynyň esasy wezipeleri hem-de maslahatlary göz öňünde tutuldy.

Ýurdumyzyň geljek ýyl üçin esasy maliýe meýilnamasynda serişdeleriň 75 göterimden gowragynyň durmuş ulgamyny ösdürmäge hem-de zähmet haklaryny, pensiýalary, döwlet kömek pullaryny, talyplaryň we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmaga gönükdirmek göz öňünde tutuldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň on aýynda ykdysadyýetimiziň görkezijileriniň, sebitiň we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen deňeşdirilende, umuman, erbet bolmandygyny belledi. Has takygy bolsa, ýurdumyzda özüniň seljeriş işlerini geçirýän halkara pul gaznasy maglumatyny berer. Ýöne, gazanylan bu netijeler bizi kanagatlandyrmaly däldir diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Ýurdumyzda mähriban halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ulanyp boljak örän köp mümkinçilikler we şertler bar. Şolar doly derejede ulanylmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň gözegçilik edýän edaralarynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeler barada aýdyp, ykdysadyýetiň pudaklarynyň has netijeli işlemegi, bar bolan mümkinçilikleri doly ulanmak üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýolbaşçy işgärleri, aýratyn-da, ykdysadyýet we maliýe ulgamynyň işgärlerini taýýarlamagy ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda görkezip, bu babatda anyk görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň daşary ýurtlaryň degişli edaralarynda okuwlara we tejribe alyşmaga gatnaşmagynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýerler G.Myradowa, P.Agamyradowa ýüzlenip, hünärmenleriň tejribe alyşmaklarynyň gerimini has-da giňeltmegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu ugurda dünýäde öňdäki orunlary eýeleýän ýurtlaryň wekilleri bilen gepleşikleri geçirmek mümkinçiligini mysal hökmünde görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu baradaky gürrüňi dowam edip, sanly ykdysadyýetiň esaslaryny öwrenmek üçin ykdysatçylaryň we maliýe işgärleriniň toparyny okuwlara ibermek ýa-da degişli hünärmenleri daşary ýurtlardan çagyryp, ýolbaşçylarymyzy hem-de hünärmenlerimizi özümizde okatmak bilen bagly meseleleriň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň golaýynda iň täze Tehnologiýalar toplumyny gurmagy ýakyn geljek üçin wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Hormatly Prezidentimiz geljek ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy çaltlandyrmagy işiň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde görkezdi. Bu Maksatnama berk maýa goýum binýadyna esaslanmalydyr.

Milli Liderimiz gurluşyk meýilnamasyna, jemi içerki önümiň ösüş depginini ýokary derejede saklamaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz bu Maksatnama Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde gutarnykly serediljekdigini aýdyp, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra mejlise çagyrylan Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy G.Müşşikow ýurdumyzyň banklarynda «Cash back» bank hyzmatlaryny ornaşdyrmak boýunça geçirilen seljermäniň netijeleri barada hasabat berdi.

Häzirki zaman şertlerinde pul-karz ulgamyny ösdürmek, awtomatlaşdyrmak işi, bank önümlerini bazarlarda ilerletmek boýunça iň täze tehniki serişdeler hem-de öňdebaryjy tehnologiýalar bilen baglanyşyklydyr. Şunda karz edaralarynyň hyzmatlarynyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmak boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyny ýerine ýetirmek bilen baglylykda, netijeli gurallaryň gözlegine uly ähmiýet berilýär.

Türkmen döwletiniň ösüşiniň häzirki tapgyrynda bu ulgamda innowasion işläp taýýarlamalary işjeň ulanmagyň uly geljegi bardyr. Milli Liderimiz «Cash back» hyzmatlarynyň ýurdumyzyň banklarynyň tejribesine ornaşdyrylmagynyň olaryň bäsdeşlik artykmaçlyklaryny pugtalandyrmaga, töleg kartlaryny ulanyjylary giňden çekmäge ýardam etmelidigini aýdyp, degişli ýolbaşçylara şu hyzmatlary hödürlemekde ýüze çykýan gatnaşyklaryň kanunçylyk taýdan kadalaşdyrylmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra ýokary gözegçilik edarasynyň ýolbaşçysy «Türkmenistanda iş üpjünçilik ulgamyny kämilleşdirmegiň hem-de täze iş orunlaryny döretmegiň 2015 — 2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasynda» bellenilen çäreleriň ýerine ýetirilişi hem-de ýurdumyzda ilatyň iş bilen üpjünçiligi babatda geçirilýän işler, zähmet kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini guramak boýunça geçirilen seljermeleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, bu ulgamda görülýän çäreleriň raýatlaryň zähmete, hünäri we iş ýerini seçip almaga bolan konstitusion hukuklaryny amala aşyrmak üçin zerur kepillikleri döretmäge, zähmet gatnaşyklarynyň taraplarynyň arasyndaky durmuş hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläniň ileri tutulýandygyny aýdyp, wise-premýerlere Ýokary gözegçilik edarasynyň maglumatlaryny düýpli seljermegi hem-de ýol berlen kemçilikleri düzetmek üçin zerur çäreleri görmegiň wajypdygyny belledi hem-de Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisinde edilen işler barada hasabat bermeklerini tabşyrdy.

Mejlise çagyrylan Baş prokuror B.Atdaýewe bolsa halkymyzyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmak bilen berk bagly bu wajyp wezipeleriň çözülişine prokuror gözegçiligini amala aşyrmak barada görkezme berildi.

Soňra Döwlet Baştutanymyz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy M.Sylabowa käýinç yglan etdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Nebiti gaz kondensaty bilen çykarmak, tebigy we ugurdaş gazy almak, şeýle hem «mawy ýangyjyň» eksport edilişi we maýa goýumlarynyň özleşdirilişi babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada habar berildi. Hasabat döwründe nebiti gaýtadan işlemek boýunça meýilnama 101,8 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 103,5 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň işini has-da kämilleşdirmek boýunça birnäçe wezipeleri kesgitledi we wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Hususan-da, döwlet Baştutanymyz geçen on aýyň jemleri boýunça nebitgaz toplumynyň önümçilik görkezijileriniň ýyllyk meýilnamadan yza galmagynyň dowam edýändigini belledi.

Milli Liderimiz häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmagyň pes bolmagynda galýandygyny belläp, öndürilýän önümleriň ýokary hilli nebit önümlerini hem-de polipropilen örtügini dünýä bazaryna ýerlemek işleriniň ýeterlik derejede alnyp barylmaýandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy häzirki zaman tehnologiýalaryny önümçilige ornaşdyrmagyň depginini işjeňleşdirmegi, guýularda düýpli abatlaýyş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagy, täze açylan känleri özleşdirmek, çylşyrymly tehnologiýalary talap edýän gatlaklardan nebit çykarmak işlerini artdyrmak üçin öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalaryny çekmegi talap etdi.

Şunuň bilen bir hatarda, nebiti gaýtadan işlemek we esasy nebit önümlerini öndürmek, bu önümleri hem-de polipropilen örtügini dünýä bazarlaryna ýerlemek meselelerine aýratyn üns berildi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň görkezijilerini kabul edilen meýilnamalarda bellenilen derejä ýetirmek we geçen ýyla garanyňda ösüş depginini gazanmak üçin, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmegiň hasabyna häzirki zaman täze tehnologiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmalydygyny nygtady. Şunda tejribeli daşary ýurt kompaniýalaryny hyzmat işlerine çekip, hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň kesgitlenilmelidigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz gazhimiýa önümleriniň öndürilişini hem ýokarlandyrmalydygyny we täze bazarlara çykmagyň logistika mümkinçiliklerini öwrenmelidigini, tebigy gazdan ekologiýa taýdan arassa benzin öndürýän zawodyň önümçiligini talabalaýyk ýola goýmalydygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň işini köpugurly esasda ösdürip hem-de öwrenip, önümçiligi dolandyrmagyň täze usullaryny ulanmalydygyny tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz önümçilige sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, nebit we nebithimiýa önümleriniň görnüşlerini artdyrmak hem-de hilini ýokarlandyrmak üçin zerur çäreleri görmegi, şeýle hem bu önümleri dünýä bazarlaryna ýerlemek boýunça degişli işleri dowam etmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, bu meseleler boýunça toplumda ýakyn günlerde duşuşyk geçirip, bular boýunça jikme-jik serediljekdigini aýtdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda Türkmenistanyň senagat we kommunikasiýa toplumyna degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat bilen çykyş etdi. Olar önümçilik meýilnamasyny degişli döwürde 120 göterim ýerine ýetirdiler.

Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm öndürmekde 145,3 göterim ösüş gazanyldy.

Seredilýän döwürde «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanalary boýunça mineral dökünlerini öndürmegiň ösüş depgini 160,8 göterime deň bolup, tehniki ýoduň meýilnamasy 113,1 göterim ýerine ýetirildi.

Senagat we kommunikasiýa ministrligi boýunça önüm öndürmegiň we hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 108,2 göterime deň boldy.

«Türkmensenagat» agentligi boýunça bu görkeziji 108,6 göterime, «Türkmenawtoulaglary» agentligi boýunça — 127,1 göterime, «Türkmendemirýollary» agentligi boýunça —100 göterime, «Türkmenhowaýollary» agentligi boýunça — 103,5 göterime, «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi boýunça — 194,4 göterime, «Türkmenaragatnaşyk» agentligi boýunça — 106,2 göterime deň boldy.

Awtomobil, demir ýol, howa we deňiz ýollary boýunça ýük hem-de ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini degişlilikde 103,2 göterime we 100,5 göterime deň boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýüzlenip, ýurdumyzda iň öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan senagat we kommunikasiýa toplumynyň bardygyny belledi. Bu toplum köp babatda ykdysadyýetiň ösüşini kesgitleýär. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiziň garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, şol sanda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň tabşyryklary ýerine ýetirip bilmeýändigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.

Döwlet Baştutanymyz «Türkmensenagat» agentliginiň işine ünsi çekip, alnyp barylýan gurluşyklary üçin zerur materiallar bilen öz wagtynda üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy we wise-premýere gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň işini has-da gowulandyrmak meselesine aýratyn üns bermegi talap etdi. Pudaklar netijeli işlemelidir hem-de döwlete girdeji getirmelidir. Telekeçileri giňden çekmegiň hasabyna senagat pudagyny has-da ösdürmeli diýip, milli Liderimiz bu ýerde gürrüňiň bäsdeşlige ukyply, innowasiýalara esaslanýan senagat pudagyny we onuň üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek barada barýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz bularyň ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ösdürmekde, aýratyn-da, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde berk binýatdygyny aýtdy.

Şeýle hem halkara ýük gatnawlary bilen bagly meseleleri düýpli öwrenilmelidir. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly ulgama geçirmek boýunça maksatnamalary we bu ugurda degişli hünärmenleri taýýarlamagyň üstünde işlemeli diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Telewideniýäni we aragatnaşyk serişdelerini mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň demir ýollarynyň durkuny täzelemek boýunça hem zerur işleriň alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, wise-premýere garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işini düýpli seljermek hem-de olaryň işini talabalaýyk ýola goýmak üçin zerur çäreleri görmek barada wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde biz bu meselelere ýene-de serederis diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Biziň öňümizde uly döwlet maksatnamasy, ýagny 2030-njy ýyla çenli ýurdumyzy senagatlaşdyrmak meselesi bar. Şonuň esasynda ýakyn günlerde bu ugurdaky wajyp wezipeleri anyk seljermek üçin duşuşyk geçireris diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, Agentlik boýunça bellenen tabşyryklaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmändigi üçin, Türkmenistanyň Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmensenagat» agentliginiň başlygy R.Öwezowa käýinç yglan etdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk, energetika we jemagat hojalygynyň hem-de paýtagtymyzyň häkimliginiň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça ösüş depgini 118,9 göterime deň bolup, meýilnama 105,3 göterim ýerine ýetirildi.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işler we hyzmatlar boýunça on aýyň meýilnamasy 100,3 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 105,5 göterime deň boldy.

Energetika ministrligi boýunça öndürilen önümleriň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 95,5 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere gurluşyk toplumynda geçirilýän özgertmeleriň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz bu ugurdan zerur hünärmenleri taýýarlamagyň, täze gurluşyk, tehnologik kompaniýalary döretmegiň zerurdygyna ünsi çekip, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Döwletimiziň çäklerinden daşarda iş alyp baryp, daşary ýurt pulunda girdeji gazanmaly diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Milli Liderimiz wise-premýeriň hem-de energetika ministri M.Artykowyň alyp barýan işinden nägiledigini aýdyp, Energetika ministrliginiň bellenen tabşyryklary ýerine ýetirip bilmeýändigine ünsi çekdi. Bar bolan mümkinçiliklere garamazdan, elektrik energiýasynyň daşary ýurtlara iberilýän möçberi az bolmagynda galýar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýerden bu ugurda işleriň ýagdaýyny düýpli seljermegi hem-de zerur çäreleri görmegi talap etdi.

Energetika pudagyny ösdürmäge köp serişde goýulýar. Şoňa görä, ondan girdeji hem almalydyrys diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we wise-premýere Ministrler Kabinetiniň indiki mejlisinde bu ugurda geçiren işleriniň netijeleri barada hasabat bermegi tabşyrdy. Mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk, energetika we jemagat hojalygy meseleleri boýunça orunbasarynyň wezipe borçlaryny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ykdysadyýetiň söwda we hususy ulgamyny ösdürmek boýunça 2019-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça on aýyň dowamynda söwda dolanyşygynyň umumy möçberi geçen ýylyň döwri bilen deňeşdirilende, 28,5 göterim artdy. Şunda bölek satuw haryt dolanyşygynyň möçberi 12,8 göterim, lomaý-haryt dolanyşygynyň möçberi bolsa 40,7 göterim, öndürilen önümiň möçberi 12,3 göterim ýokarlandy.

Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça hasabat döwründe birža söwdalarynyň 209-sy geçirildi we 25 müň 448 şertnama hasaba alyndy. Umumy girdejiniň möçberi 41 göterim artdy.

Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen hyzmat işleriniň möçberi 54,8 göterim artdy. Ýanwar — oktýabr aýlarynda sergileriň 17-si we maslahatlaryň 23-si geçirildi.

Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleri 10,2 göterim, oba hojalyk we azyk önümleri 16,1 göterim köp öndürildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, halkara söwdasyny has-da artdyrmak meselesiniň üstünde işlemegiň wajypdygyna ünsi çekip, ýurdumyzda eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmaga aýratyn üns bermegiň wajypdygyny nygtady. Milli Liderimiz bu harytlary daşary ýurtlarda mahabatlandyrmak işleriniň gerimini giňeltmek hem-de Döwlet haryt-çig mal biržasynyň işini has-da gowulandyrmak boýunça hem zerur çäreleri görmegiň zerurdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz gyş paslynyň ýetip gelýändigini aýdyp, ýurdumyzyň bazarlarynyň we dükanlarynyň dürli harytlar bilen bolelin üpjün edilmegini hemişe gözegçilikde saklamagyň wajypdygyna ünsi çekip, bu babatda wise-premýere hem-de mejlise çagyrylan söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri O.Gurbannazarowa birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň işini güýçlendirmegiň möhümdigini aýdyp, hususy ulgamyň döwlet tarapyndan mundan beýläk-de goldanyljakdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz soňky döwürde ýurdumyzyň işewür düzümleriniň wekillerine örän iri taslamalaryň birnäçesiniň ynanylandygyny aýdyp, şolaryň öz wagtynda hem-de ýokary hilli durmuşa geçirilmelidigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa gözegçilik edýän pudaklarynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri, welaýatlarda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Umuman, obasenagat toplumy boýunça önüm öndürilişiniň, ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň mukdary 107,1 göterime deň boldy. Bu görkeziji Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi boýunça 106,4 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti boýunça 114,2 göterime, «Türkmen atlary» döwlet birleşigi boýunça 106,6 göterime ýetdi. Maýa goýumlaryny özleşdirmek baradaky meýilnama 108,3 göterim berjaý edildi.

Şu günler welaýatlarda pagtaçylar tarapyndan ýetişdirilen gowaça hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak boýunça işler alnyp barylýar. Agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, bugdaý ekilen meýdanlarda gallaçy babadaýhanlarymyz tarapyndan birinji ösüş suwuny tutmak hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär.

Ýer meseleleri boýunça welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň we Döwlet toparlarynyň agzalary tarapyndan seljerilip taýýarlanan döwlet edaralaryna hem-de kärhanalara gurluşyk we önümçilik maksatlary üçin ýer böleklerini peýdalanmaga bermek baradaky Buýrugyň taslamasy hormatly Prezidentimiziň garamagyna hödürlenildi. Mundan başga-da, oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de önümçilik desgalaryny gurmak üçin Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ýer böleklerini bermek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýyl galla we pagta taýýarlamak boýunça döwlet tabşyryklarynyň doly ýerine ýetirilendigine garamazdan, obasenagat toplumynyň ýolbaşçylarynyň öňünde uly wezipeleriň durýandygyny, bu wezipeleriň çözülişiniň çaltlandyrylmalydygyny belledi.

Birinjiden, bugdaý ekilýän meýdanlaryň möçberini azaldyp, gowaça meýdanlaryny artdyrmak barada karara gelindi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, munuň özi ilatymyzyň azyk howpsuzlygyny üpjün etmek bilen gönüden-göni baglydyr. Ikinji mesele — oba hojalygynda işewürlik üçin oňaýly şertleri döretmeli hem-de döwletiň ornuny azaltmaly. Üçünji mesele — tebigy serişdelerimizi rejeli peýdalanmagy üpjün etmeli. Daşky gurşawy goramaga aýratyn üns bermeli.

Dördünji mesele oba hojalyk pudagyny sanly ulgama geçirmek bilen baglanyşyklydyr diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi hem-de şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk bilimini we ylmyny mundan beýläk-de ösdürmelidigini, maglumat hem-de maslahat beriş hyzmatlaryny has-da giňeltmelidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz bu ugurda alnyp barylýan işleri işjeň alyp barmalydygyny ýene-de bir gezek nygtap, şu babatda edilen işleriň netijeleri baradaky degişli hasabaty Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek mejlisinde bermegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berip, döwlet edaralaryna we kärhanalaryna hem-de TSTB-niň agzalaryna ýer böleklerini peýdalanmaga bermek hakyndaky Buýruga gol çekdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Abdyýewa gözegçilik edýän ulgamynda şu ýylyň on aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi.

Ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynda göz öňünde tutulan dürli medeni çäreler geçirildi.

Paýtagtymyzda we Mary şäherinde Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri, Eýranda, Türkiýede, Belarusda we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda ýurdumyzyň Medeniýet günleri guraldy.

Maý aýynyň ikinji ongünlüginde Aşgabatda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy hem-de IV Wena baly we türkmen-awstriýa bilelikdäki «Galkynyş» simfoniki orkestriniň konserti guraldy.

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň maliýe-hojalyk işi boýunça maglumatlary beýan etmek bilen, wise-premýer meýilnamanyň 132,1 göterim ýerine ýetirilendigini habar berdi.

Ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri dürli ulgamlarda gazanylan üstünlikleri beýan edip, amala aşyrylýan özgertmeleriň many-mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça işleri alyp bardylar. Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan dürli kino önümlerini öndürmek boýunça işler dowam edip, dürli žanrlardaky kinolaryň birnäçesi köpçülige hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň ýagdaýyny berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Teatrlaryň nähili işleýändigini, olarda haýsy sahna eserleriniň goýulýandygyny üns merkezinde saklamaly.

Şeýle hem kitaphanalardyr muzeýleriň ýagdaýyny gözden geçirmeli. Biziň aýdymçylarymyzdyr sazandalarymyzyň hem-de aýdym-saz toparlarymyzyň nirelerde çykyş edýändiklerini öwrenmeli. Goý, olar özleriniň sungat we döredijilik ussatlyklaryny has hem halkymyzyň arasynda giňden ýaýsynlar diýip, milli Liderimiz belledi.

Hökümetiň mejlisine çagyrylan medeniýet ministri A.Şamyradowa birnäçe tabşyryklar berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, milli medeniýet estetiki taýdan ösmek, ruhy-ahlak we watançylyk terbiýesini bermek babatda egsilmez mümkinçilikleri bolan çäksiz ummandyr. Biziň bahasyna ýetip bolmajak taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak we öwrenmek, dünýä ýüzüne giňden ýaýmak medeniýet ulgamynyň işgärleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir.

Hormatly Prezidentimiz bular barada aýdyp, bu işe täze itergi we innowasion häsiýet bermegiň, milli mirasymyzy aýawly saklamak, öwrenmek hem-de artdyrmak, giň gerimli döredijilik işi üçin ähli şertleri döretmek boýunça görülýän çäreleri işjeňleşdirmegiň wajypdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini geçirmegiň, olaryň gözýetimini giňeltmegiň hem-de döredijilik ukyplaryny ösdürmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Täze ýyl dabaralaryna taýýarlyk görmek boýunça aýratyn tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow 2019-njy ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berip, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň» çäklerinde hem-de Halk Maslahatynyň çözgütlerine laýyklykda bilim, ylym we saglygy goraýyş ulgamlarynda özgertmeleriň dowam edýändigini habar berdi.

Mekdep okuwçylary halkara ders we taslama bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, geçen dokuz aýyň içinde 140 medala, şol sanda, 37 sany altyn, 31 sany kümüş, 72 sany bürünç medallara mynasyp boldular. Halkara ders olimpiadalarynda Türkmenistana wekilçilik eden talyplar bolsa, 36 medala, şol sanda 9 sany altyn, 11 sany kümüş, 16 sany bürünç medallara mynasyp boldular.

Hasabatyň çäklerinde ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynda hem-de ýokary okuw mekdeplerinde ylmy işleriň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

«Saglyk» döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynda özgertmeler dowam edýär. Bu ulgamda halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde giň gerimli işler alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bildirýän talaplaryna laýyklykda, lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşleri artdyrylýar hem-de hili ýokarlandyrylýar, öňdebaryjy usullar ornaşdyrylýar.

Şeýle hem ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty, olimpiýa hereketini ösdürmek, bu ugurda özara gatnaşyklary giňeltmek boýunça uly işler geçirilýär.

2020-nji ýylda geçiriljek Türkmenistanda sambo boýunça dünýä çempionatyna hem-de 2021-nji ýylda welotrek boýunça dünýä çempionatyna hem-de Futzal boýunça Aziýa çempionatyna düýpli taýýarlyk görmek işleri dowam etdirildi.

Milli ýygyndy toparymyz 2020-nji ýylda Tokioda geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna taýýarlyk görmek üçin okuw-türgenleşik işlerini dowam edýär.

Hasabat döwründe ýurdumyzda içerki ýaryşlaryň 136-sy, köpçülikleýin sport çäreleriniň 87-si geçirildi. Türgenlerimiz 161 sany halkara sport ýaryşyna, ýagny, dünýä çempionatlarynyň 28-sine, Aziýa çempionatlarynyň 35-sine we halkara ýaryşlarynyň 98-sine gatnaşyp, jemi 258 sany medal, şol sanda 85 sany altyn, 85 sany kümüş we 88 sany bürünç medal gazandylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sport desgalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň we Aziadany geçirmek boýunça toplanan tejribäniň ulanylyşyndan örän nägiledigini aýtdy. Biz sebitde deňi-taýy bolmadyk sport desgalaryny gurduk diýip, milli Liderimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň gözegçilik edýän edaralaryny sanly ulgama geçirmek boýunça işleriň hem haýal alnyp barylýandygyna ünsi çekip, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynyň ähli basgançaklarynyň maddy-enjamlaýyn we ylmy-usulyýet binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen baglylykda, şu ýylyň on aýynda ministrlik tarapyndan alnyp barlan işleriň netijeleri hem-de döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň döwletara derejesinde dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hem-de abraýly halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigi bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki saparlara we gepleşiklere aýratyn orun berilýär. Şu ýylda milli Liderimiziň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna, Singapur Respublikasyna, Ýaponiýa, Azerbaýjan Respublikasyna, Italiýa Respublikasyna saparlary hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň, Bahreýniň Patyşasynyň, Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň, Malaýziýanyň Premýer-ministriniň Türkmenistana saparlary boldy.

Şolaryň netijeleri boýunça gazanylan möhüm ylalaşyklar we gol çekilen resminamalar umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge täze itergi berdi.

Şu ýyl Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň hem-de GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleri geçirildi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy maslahatlaşmalar yzygiderli geçirilýär.

Netijeli söwda-ykdysady we ynsanperwer-medeni hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, ýylyň başyndan bäri bilelikdäki Hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 14-si geçirildi. Şunuň bilen birlikde, ýanwar — oktýabr aýlarynda ikitaraplaýyn işewürler maslahatlarynyň 13-si guraldy.

Hasabatyň çäklerinde 2020-nji ýylda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň Halkara maslahatyny geçirmäge degişli mesele barada habar berildi. Mälim bolşy ýaly, degişli teklip ýurdumyz tarapyndan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji maslahatynyň barşynda beýan edildi.

Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda yzygiderli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi. Milli Liderimiziň bu ugurda öňe süren möhüm başlangyçlary dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň birnäçesiniň kabul edilmegi hem-de türkmen paýtagtynda 2016-njy ýylyň noýabrynda BMG-niň howandarlygynda Durnukly ulag boýunça birinji Ählumumy maslahatyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol maslahatda Aşgabat beýannamasy kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp we deňze çykalgasy bolmadyk ösýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň 2020-nji ýylda Halkara maslahatyny geçirmek baradaky meselä degip geçip, strategiki ulag-kommunikasiýa ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini nygtady. Häzirki zaman şertlerinde bu ulgam dünýä ykdysadyýetiniň hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna hem-de deňagramlylygyna gönüden-göni täsir edýän esasy ugur bolup durýar.

Milli Liderimiz bular barada aýtmak bilen, öňümizdäki foruma ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu forum Aşgabatda geçirilen BMG-niň durnukly ulag boýunça birinji Ählumumy maslahatynyň barşynda başlanan işi ösdürmegiň esasy tapgyrlarynyň birine öwrülmelidir.

Döwlet Baştutanymyz geljek ýylda geçiriljek halkara çäreleriniň, ýurdumyzyň wekiliýetiniň beýleki döwletlere, daşary ýurt wekiliýetleriniň hem biziň ýurdumyza boljak saparlarynyň, halkara maslahatlarynyň hem-de geçiriljek duşuşyklaryň meýilnamasyny häzirden taýýarlap başlamagy tabşyrdy hem-de muňa ýylyň ahyrynda serediljekdigini aýtdy.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa geçen on aýda milli parlamentiň alyp baran işleri barada habar berdi.

Milli parlamentiň altynjy çagyrylyşynyň ýylyň başyndan bäri geçirilen mejlisleriniň üçüsinde Türkmenistanyň Kanunlarynyň 50-siniň hem-de Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlarynyň 30-synyň kabul edilendigi bellenildi. Şol resminamalar milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşini kanunçylyk taýdan üpjün etmäge, durmuş syýasatynyň, ähli ulgamlarda giň gerimli özgertmelerde durmuşa geçirilmegine, döwletimiziň demokratik we hukuk esaslaryny pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Halkara hyzmatdaşlygyny we parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmek, kanunçykaryjylygyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmek maksady bilen, daşary ýurtlara iş saparlary guraldy.

Mejlisiň deputatlary Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň, GDA-nyň Parlamentara Assambleýasynyň, Parlamentara Bileleşiginiň mejlislerine, şeýle hem daşary ýurtlaryň birnäçesinde gender deňligi, howanyň üýtgemegi, saglygy goraýyş, administratiw önümçilik baradaky we beýleki meselelere bagyşlanyp geçirilen çärelere hem-de okuw maslahatlaryna gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisiniň çözgütlerinden gelip çykýan wezipeleri iş ýüzünde durmuşa geçirmek, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek maksady bilen parlament ulgamyny hem-de Halk Maslahatynyň hukuk derejesini kämilleşdirmek boýunça işler geçirilýär.

Deputatlar alnyp barylýan daşary we içeri syýasatyň, kabul edilýän kanunçylyk resminamalaryň mazmunyny we ähmiýetini düşündirmek boýunça işleri işjeň alyp barýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp, ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek, Halk Maslahatynyň mejlisinde kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek boýunça Mejlisiň mundan beýläkki işleriň ähmiýetini nygtady.

Ýakyn wagtda biz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň mejlisini geçireris diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, parlamentiň ýolbaşçysyna bu mejlise degişli resminamalary taýýarlamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň jemini jemläp hem-de Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, şu ýylyň 10 aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijeleriniň ýurdumyzyň amala aşyrýan daşary we içeri syýasatynyň Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk kadalaryna berk eýermek esasynda alnyp barylýandygyny görkezýändigini belledi.

Biz ykdysadyýetde, ozalkysy ýaly, ýokary ösüş depginini gazanýarys. Halk hojalygynyň ähli pudaklarynda diýen ýaly önümçiligiň möçberiniň ösüşi bellenen tabşyryklaryň çäklerinde üpjün edildi.

Zähmet haklarynyň, pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi artdyryldy. Köpsanly önümçilik we durmuş maksatly desgalar gurlup, ulanylmaga berildi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Häzirki döwür bizden ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün edip, onuň depginini çaltlandyrmak, dünýä ykdysadyýetinde bolup geçýän üýtgeşmelere garamazdan, öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek üçin gyssagly çäreleri görmegi talap edýär.

Biziň öňümizde şu ýyl gazanylan gowy netijeleri ýylyň ahyryna çenli saklap galmak we geljek ýylda artdyrmak wezipesi durýar. Ýylyň ahyryna çenli bir ýarym aý wagt galdy. Şoňa görä-de, şu döwrüň içinde biz ýyly gowy netijeler bilen üstünlikli tamamlap, täze — 2020-nji ýyla ynamly gadam basmak üçin, köp meseleleri çözmelidiris diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna 2020-nji ýylyň Döwlet býujetiniň taslamasyna ýene bir gezek seretmegi tabşyryp, halkymyzyň abadançylygyny has-da ýokarlandyrmaga degişli meseleleriň üstünde içgin işlemegiň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň esasy maliýe resminamasynyň taslamasy hökümetiň indiki geçiriljek mejlisinde gutarnykly ara alnyp maslahatlaşylar hem-de makullanylandan soň, seretmek üçin Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna iberiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

WECOOP “Ýewropa Bileleşigi-Merkezi Aziýa: Daşky Gurşaw we Howanyň Üýtgemegi” Taslamasynyň Sebitleýin Ýolbaşçylary Bilen Wideo Konferensiýa

Ylham gudratynyň seýilgähi

syrach

Daşoguz Welaýatynda Tut Agaçlarynyň Meýdany Giňeldilýär