18.9 C
Aşkabat
04.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Dünýäniň dokma önümlerini öndürijileriň forumy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy innowasion ösüş ýolunda atly sergisi öz işine başlady. Ol milli senenamamyzdaky şanly senä — Dokma senagatynyň işgärleriniň gününe gabat geldi. Her ýyl geçirilýän pudaklaýyn sergini Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy guradylar. 

Aşgabatda geçirilýän sergi sebitde örän abraýly dokma forumlarynyň biri bolup, ýurdumyzyň dokma pudagynyň gazanan üstünliklerini, pudagyň ýokary kuwwatyny görkezýän netijeli çäre bolup durýar. Dokma pudagy bu gün Türkmenistana halkara giňişliginde ynamly wekilçilik edýär. 



Sergä gatnaşyjylaryň – dünýäniň dokma işewürliginiň wekilleriniň ägirt uly düzümi daşary ýurtlaryň işewür toparlarynyň ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hasaplanýan türkmen önüm öndürijileri bilen uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga we giňeltmäge artýan gyzyklanmasyny tassyklaýar. Ine, bu gezek hem foruma Beýik Britaniýadan, Germaniýadan, Italiýadan, Şweýsariýadan, Belgiýadan, Türkiýeden, Koreýadan, Russiýadan, Hytaýdan, Hindistandan, Lýuksemburgdan we beýleki döwletlerden iri kompaniýalaryň we firmalaryň wekilleriniň 135-den gowragy, şol sanda öňden gelýän we täze hyzmatdaşlar geldiler. Myhmanlaryň arasynda ilkinji gezek moda senagatynyň ajaýyp wekili, türk dizaýneri Muammer Ketençini görmek bolýar. 

Sergi köşgüniň baýramçylyk ruhunda bezelen belent zallarynda “Dokmaçylar” döredijilik-etnografiki topary myhmanlary tansly çykyşlary bilen garşylady. Paýtagtymyzyň çagalar sungat mekdebiniň “Altyn serpaý” skripkaçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýaňlanýar. 

Serginiň açylyş dabarasyna ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, daşary ýurtly işewürler, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. 

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä we maslahata gatnaşyjylara iberen gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Döwlet Baştutanymyz pudagyň işgärlerini we sergä gatnaşyjylary gutlamak bilen, “Türkmenistanyň Dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli geçirilýän sergi we maslahat ykdysadyýetimiziň dokma senagatynda gazanylan üstünlikler bilen giň jemgyýetçiligi, ýurdumyzyň myhmanlaryny we daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzy tanyşdyrmaga mümkinçilik berýän ähmiýetli çäredir. Sergi öz önümlerini görkezýän we hyzmatlaryny hödürleýän kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň wekillerine, hususyýetçilere özara duşuşmaga, gyzyklandyrýan meseleler boýunça pikir alyşmaga, işiň barşynda ýüze çykýan meseleleriň çözgütlerini bilelikde gözlemäge, giňişleýin we netijeli hyzmatdaşlyk etmäge oňyn mümkinçilikleri döredýär” diýip belledi. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyp, ägirt uly serişdeler kuwwatyny we dokma pudagynyň mümkinçiliklerini doly ulanmagy, halkara standartlarynyň ähli talaplaryna gabat gelýän önümleri öndürmegi ugur edinmek bilen, pudagyň ähli ugurlaryny yzygiderli ösdürmegi ileri tutulýan wezipe hökmünde kesgitledi. Bu wezipe pudagy ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasynyň çäklerinde üstünlikli çözülýär. Şol maksatnama pudaklaýyn düzümiň doly döwrebaplaşdyrylmagyny, ähli welaýatlarda pagtany gaýtadan işleýän ýokary tehnologiýaly we ekologik taýdan arassa önümçilikleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Şol sebitlerde ýurdumyzyň dokma senagaty üçin däbe öwrülen çig mal ösdürilip ýetişdirilýär. Häzir pudagyň düzümine täze tehnikalar, şol sanda diňe içerki bazaryň günsaýyn artýan zerurlyklaryny doly üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň dokma işewürliginiň öňdebaryjylarynyň hatarynda durup, eksport ugurda işleýän kärhanalaryň onlarçasy girýär. 

Soňky ýyllarda ulanmaga berlen kärhanalaryň hatarynda Berekediň tikinçilik fabrigi, Gökdepe, Daşoguz, Türkmenabat şäherlerindäki pagta egriji fabrikler bar. 2012-nji ýylda sebitde iri nah ýüplügini öndürýän Abadan fabriginiň täze ulgamy açyldy, trikotaž matalaryny we şondan tikilýän taýýar önümleri öndürýän Gökdepäniň dokma toplumynyň durky doly täzelendi. Ruhabat etrabynda garyşyk matalary öndürýän dokma we boýag fabrikler toplumy doly önümçilik kuwwatyna çykyp, ýokary hilli we dürli taýýar önümleri çykarmak üçin tikinçilik kärhanalaryny çig mal bilen üpjün etdi. 

Ýakyn wagtda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan täze desgalar pudagy has-da giňeltmegiň we ösdürmegiň zerurlyklaryny, eksport ugurly taýýar dokma önümleriniň möçberlerini ep-esli artdyrmaga ýardam eder. Olar Aşgabat dokma toplumynyň 2-nji nobatdakysy hem-de Lebap welaýatynyň Seýdi şäherindäki we Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabyndaky pagta egriji fabriklerdir. 

Häzirki wagtda pudagyň kärhanalarynda öndürilýän ähli önümleriň, şol sanda dünýä belli “Cosco”, “Miss Erika”, “Bonton”, “Ikea”, “Sears”, “Wal-Mart”, “Puma” , “Polo”, “JC Penny”, “Bershka”, “Nautika”, “Vespolino” söwda nyşanlary bilen çykarylýan egin-eşikleriň we öý-dokma önümleriniň 80 göterime golaýy dünýäniň 70-den gowrak ýurdunda alyjylaryň uly isleginden peýdalanýar. Bu bolsa biziň dokmaçylarymyzyň dürli forumlara we sergilere üstünlikli gatnaşyp, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we firmalarynyň—dokma enjamlaryny we täze tehnologiýalary öndürijileriň we iberijileriň ünsüni özüne çekmegi bilen tassyklanylýar. Olaryň arasynda pagta egirme, boýama, tikin önümçiligi babatda täze tehnologik işleri we netijeli çözgütleri, moda ulgamynda täze teklipleri bilen çykyş edýän Aşgabat sergisine gatnaşyjylar we onuň myhmanlary bar. 

Pudagyň ösüşine “Kotam Enterpraýzis”, “Engin grupp”, “Norsel International” türk gurluşyk kompaniýalary hem öz goşandyny goşýarlar. Olar diwarlyklaryny özleriniň ýardam bermeginde gurlan dokma kärhanalarynyň önümleriniň görkezilýän ýeriniň golaýynda tötänden ýerleşdirmediler. Dokma enjamlaryny abatlamak we olary getirmek boýunça “Demteks Turkmenistan” hyzmat ediş merkeziniň birleşen sergisinde öz täze önümlerini “Trutzschler”, “Schlafhorst”, “Their”, “Oerlikon”, “Volkmann”, “Terrot” (Germaniýa) we “Bonas”, “Matthys group”, “Wan de Wiele”, şeýle hem “Bejimac” (Lýuksemburg) hödürleýär. Pagta egriji täze tehnologiýalar we kämilleşdirilen enjamlar hakynda “Rieter” şweýsar kompaniýasynyň diwarlygy gürrüň berýär. “MCS”, “Unitech”, “Savio”, “Marzoli we beýleki italýan önüm öndürijileriniň hyzmat ediş merkezine wekilçilik edýän “Türkmen belent” hususy kärhanasynyň sergi meýdançasy ýurdumyzyň hususy telekeçiliginiň pudagy döwrebaplaşdyrmak wezipelerini çözmäge işjeň gatnaşmagynyň mysaly bolup durýar. 

Dokma senagatynda ulanylýan boýaglary we beýleki himiýa önümlerini, dokalýan matalary boýamak üçin tehnologik enjamlary öndürmekde ýokary tehnologiýalary birnäçe koreý kompaniýalary, şeýle hem “Bezema” (Şweýsariýa) we “Globalhim” (Russiýa) ýaly belli firmalar hödürleýär. 

Ýurdumyzyň önüm öndürijileri sergä esasy gatnaşyjylar bolup, olaryň sergi merkeziniň birinji gatynda ýerleşdirilen köpsanly diwarlyklary Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň ýurtlaryna üstünlikli iberilýän önümleriň dürli görnüşlerini, hilini we dünýä isleglerine gabat gelýän dizaýnyny görkezýär. Öňdebaryjy kärhanalaryň hatarynda Gökdepäniň, Gypjagyň, Baýramalynyň, Baharlynyň we paýtagtymyzyň dokma toplumlary, Ruhabadyň jinsi toplumy we boýalan garyşyk matalary öndürýän toplum, “Ahal”, “Bahar”, Marynyň “Ýeňiş”, Ýolöteniň “Bezeg” pagta egriji we tikinçilik fabrikleri, Türkmenabadyň ýaglyk kärhanasy, ýüpekçilik pudagynyň kärhanalary bar. 

Milli nusgada owadan we özboluşly bezelen diwarlyklarda dokma önümçiliginiň ähli ugurlary, sap çig maldan ýokary hilli ýüplügi işläp taýýarlamakdan pagtadan we ýüpekden taýýar önümleriň çykarylmagyna çenli ähli ugurlar bilen tanyşdyrylýar. Şol önümler dünýä bazarynda daşary ýurtly önüm öndürijileriň önümleriniň hili we bezelişi bilen bäsleşmäge ukyplydyr. Bu ýerde nah ýüplügiň we matalaryň nusgalary, olardan tikilen taýýar egin-eşikler—erkekler üçin köýnekler, çagalar we ulular üçin trikotaž toplumlarynyň dürli görnüşleri, şol sanda häzirki zaman modasyna laýyklykda işlenip taýýarlanan sport we dynç alyş wagtynda geýmek üçin niýetlenen ajaýyp jinsi önümleri görkezilýär. 

Öý dokma önümleriniň dürli görnüşleri: ýorgan-düşek daşlyklary, aşhana esbaplary, tüýjümek matadan önümler, şeýle hem lukmançylyk pamygynyň we kosmetiki pagta serişdeleriniň nusgalary giňden görkezilýär. Panbarhat, keteni matalaryndan taýýarlanan önümler sergä gelenleriň ünsüni özüne çekýär. Bu ýerde şeýle hem elde dokalan halylar we ýüpekçilik pudagy üçin esasy çig mal bolan ýüpek pileleri, zenanlaryň gadymy we häzirki zaman egin-eşikleri, milli nagyşlar salnan keşdeler, şeýle hem ýadygärlik önümleri we sowgatlyklary görkezilýär. 

Gadymy däpleriň esasynda taýýarlanan we Sergi köşgüniň 1-nji gatynyň merkezinde goýlan taralar daşary ýurtly myhmanlar üçin hakyky sowgat boldy. Olaryň başynda oturan ussat gelin-gyzlar elde dokalan keteni matasyny taýýarlamak sungatyny görkezýärdiler. 

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň “Altyn asyr” marketing merkeziniň taýýarlan egin-eşikleriniň toplumy bu sergä özboluşly ýarmarka meýdançasy hökmünde goşmaça bolup, bu ýerde her bir adam göwnüne ýaran egin-eşigini diňe synlap däl-de, eýsem, satyn alyp bildi. 

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Modeller öýüniň, “Gülzaman” modalar öýüniň türkmen dizaýnerleri tarapyndan işlenip taýýarlanan egin-eşikleriň täze toplumlary serginiň açylyş dabarasynyň resmi bölegini çalyşdy. Ruhabadyň dokma toplumynda çylşyrymly tehnologiýa boýunça milli nusgada boýalan ajaýyp ýüpek matalar hem-de panbarhat nagyşly ýuka şifon serginiň aýratynlygy boldy. Trikotaždan tikilen ajaýyp çagalar egin-eşikleri, ýüpekden, mahmaldan we keteniden taýýarlanan we milli nagyşlar salnan lybaslar, şeýle hem Swarow daşlary bilen bezelen agşamky we toý lybaslarynyň görnüşleri hakyky ajaýyplygyň muşdaklary bolan tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. 

Iňlis dizaýnerleriniň “Fashion сapital” ýüpek köýnekleriniň toplumy bilen Aşgabat sergisinde ilkinji gezek dünýä belli “Belles of London” brendiniň kompaniýasy tanyşdyrdy. Bu kompaniýanyň wekilleri türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmak mümkinçiligine gyzyklanma bildirip, sergä gatnaşmak üçin ýörite geldiler. Olar özünde häzirki döwrüň moda meýilleriniň hem-de gadymy zenan egin-eşikleriniň milli öwüşgininiň sazlaşygyny özünde utgaşdyrýan türkmen modasynyň täsin medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmak isleýärler. 

Tanymal türk dizaýneri Muammer Ketençiniň nusgalarynyň görkezilişi çäräniň jemlenmesine öwrülip, ol orta asyr döwrüniň zenan lybaslarynyň şa gözelligini we baýlygyny açyp görkezdi. 

Sergi merkeziniň giň gerimli ekspozisiýasy dünýä bazarynda öňdebaryjy orunlary ynamly eýeleýän ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň, şeýle hem Türkmenistan bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň giň mümkinçilikleriniň açylmagyna ýokary baha berýän daşary ýurtly sergä gatnaşyjylaryň önümlerini dürli öwüşginde görkezdi. 

Forumyň çäklerinde pudagyň tapawutlanan işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 

Paýtagtymyzyň Sergi köşgündäki sergi 3-nji iýuna çenli dowam eder. Onuň çäklerinde ertir, 2-nji iýunda Dokma senagaty ministrliginiň maslahatlar zalynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe dokma senagaty pudagy innowasion ösüş ýolunda” atly ylmy maslahat geçiriler.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Alžir Halk Demokratik Respulikasynyň Ilçisi Işe Başlady

syrach

Foruma Gatnaşyjylara Söz Berýäris

turkmenhabargullugy

Baýramçylyk desterhanyna sowgat,,,,,,,

syrach