22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
SPORT

Dzýudoçylar halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görýärler.

„Aşgabat“ bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda dzýudo boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Sport baradaky döwlet komitetiniň we Dzýudo milli merkezi ratapyndan guralan bu ýaryşa welaýatlaryň ählisinden we paýtagtyň toparlarynyň türgenleriniň-wekileriniň 300-si golaýy ýygnandy.

Zenanlar toparynda jemleýji duşuşygyň hatarynda 57 kilograma çenli agram derjedäki tutluşygy görkezmek bolar. Bu ýerde çempion diýen ady almak ugrunda Jennet Geldibaýewa we Maýa Hydyrowa bäsleşdi. Bu türgenleriň ikisiniň hem milli we halkara derejelerinde geçirilen bäsleşiklerde çykyş etmekde baý tejribeleri bar. Özi hem diňe bir düýudo boýunça däl, eýsem sambo boýunça hem tejribeleri baýdyr.

Meselem, Jennet 2010-njy ýylda Singapurda geçirilen birinji Bütindünýä ýaşlar olimpiýa oýunlarynda kümüş medaly eýelemegi başardy. Şu ýylyň başynda Gazagystanda sambo boýunça Dünýäniň kubogyny almak ugrunda geçirilen ýaryşda alan bürünç medaly Maýanyň iň uly baýragydyr. Köp sanly janköýerleriň gyzgyn goldamagy netijesinde olaryň tutluşygy çeýe häsiýete eýe boldy. Bäsleşigiň netijesinde 19 ýaşly halkara derejele sport ussady Jennet Geldibaýewa ýeňiş gazandy.

Erkekleriň arasynda jemleýji duşuşyk 73 kilograma çenli agramda çykyş edenler Arslan Nurmuhammedowyň we Kasym Populowyň tutluşygy aýratyn gyzyklanma döretdi. Arslan Stamulda geçirilen açyk Ýewreopanyň Kubogy – 2011-ň bürünç medalynyň eýesidir hem-de birnäçe dünýä çempionatyna we beýleki iri halkara bäsleşiklerine gatnaşyjydyr. Mundan hem başga ol öz dogany halkara derejeli sport ussady – Pekinde geçirilen Olimpiada – 2008-ne gatnaşyjy Guwanç Numuhammedowyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär.

Bu bäsleşigiň ýeňijileriniň köpüsine golaý wagtda sambo boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatynyň medaly ugrunda göreşmek garaşýar. Bu bäsleşik däp boýunça mart aýynyň birinji on günlüginde Aşgabadyň „Galkynyş“ köp ugurly sport toplumynyň binýadynda geçiriler. Şu ýylyň iýun aýynda bolsa, türkmen ýygyndy topary Tatarystanyň paýtagty Kazan şäherinde geçiriljek Bütindünýä unwersiadadsynda çykyş eder.

Degişli makalalar

Ashgabat 2017 5th Asian Indoor and Martial Arts Games (AIMAG) Video

“Aşgabat 2017” Oýunlarynyň Nyşany Dünýäniň Iň Beýik Depeleriniň Biri – Abu Ali İbn Sina Nokadyna Çykaryldy

«Altyn Top» Ýaryşy

turkmenhabargullugy