15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DURMUŞ

Ekin Meýdanlary Ekişe Taýýarlanylýar

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary şu aýyň ahyrynda başlanýan ekiş möwsümine şaly ekiljek meýdanlary taýýarlamak işlerini ahyrlap barýarlar. Sürüm, tekizlemek, keş çekmek işleri alnyp barylýar. 

Ýurduň demirgazyk sebtindde şaly Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrapda 8 müň 100 gektar meýdana ekilýär. Ekişiň öňisyrasynda – 20-nji aprelde etrapda ekiş möwsümi mynasibetli oba hojalyk işgärleriniň, pudaklaýyn edaralaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda okuw maslahaty geçiriler. 

Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk, Serdarabat, Saýat, Garabekewül we Halaç etraplarynda hem şaly ekmek üçin 10 müň 200 gektar ýer bölünip berildi. Bu ýerde şaly ekişine şu ýylyň iýun aýynda bugdaýdan boşan meýdanlarda badalga berildi. Toprak-howa şertlerini nazara almak bilen bu suwy gowy görýän ekin ýurduň diňe iki sebtinde ekilýär. 

Şeýlelik bilen, ýurduň şaly ekiljek meýdany umumylykda 18 müň 300 gektar meýdany eýelär. Ekerançylar şunça meýdandan şu ýyl 81 müň 200 tonna şaly hasylyny almagy maksat edinýärler. Şalynyň önümçiliginiň möçberi we ekiljek meýdanyň mukdary ýurduň Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan tassyklandy. 

Umumy, öňde duran şaly ekişi üçin dört müň tonnadan sowrak saýlama tohum taýýarlanyldy. Köp ýyllaryň dowamynda toplanan tejribe netijesinde ýokary hasyllylygy we kesellere garşy durnuklylygy bilen özüni görkezen şalynyň “Nukus-2” görnüşi ekiş üçin saýlanyp alyndy. Geçen ýylda russiýanyň “Flagman” görnüşi senagat taýdan üstünlikli özleşdirildi. 

Daşoguz welaýatynda ekiş möwsümine 40-dan gowrak seýalkalar, traktorlaryň 100-si, kömekçi we hyzmat ediş tehnikalary taýýarlyk hatarynda goýuldy. Ýurduň demirgazyk sebtinde şaly ekişini maý aýynyň üçünji ongünlüginde, lebap welaýatynda bolsa – iýun aýynyň ahyrynda tamamlamak göz öňünde tutulýar.

Degişli makalalar

Türkmen Döwlet Ulag we Aragatnaşyk Institutynda Belarus Respublikasynyň „Bilimler Ýarmarkasy“ Geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Ýolbaşçylaryna Gynanç Bildirdi

Türkmen-Fransuz diplomatik Gatnaşyklarynyň Ýola Goýulmagynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Aşgabatly Sungat Muşdaklarynyň Öňünde „Arar“ Dueti Çykyş Etdi