16.04.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Eýran lazer ýarag synagyndan soň harby türgenleşik geçirýär.

Eýran ABŞ-nyň lazer ýarag synagyndan soň harby türgenleşik geçirýär
ABŞ-nyň geçen hepde lazer ýarag synagyny geçirmeginden soň Eýran hem harby türgenleşik geçirýär
Eýran gara altynyň eksport edilmeginde esasy geçelgelerden biri bolan Ormuz bogazynda we töwereklerinde giň gerimli harby türgenleşige başlady.
Eýranyň ýaragly güýçlerine we ynkylap goragçylaryna degişli gury ýer, deňiz we howa güýçleriniň gatnaşmagyndaky “Muhammed Resulullah” türgenleşigi bogazyň gündogarynda başlady.
Harby ýolbaşçylar türgenleşigiň Eýranly serkerdeleriň harby ukuplaryny ýaş esgerleer görkezmegi maksat edinýändigini nygtady.
Giň gerimli türgenleşigiň bir hepde dowam etjekdigi bellenildi.
ABŞ kiçi nyşanalary bombalap bilýän lazer ýaragyny geçen hepde Ormuz bogazyndaky harby gämisinde synagdan geçiripdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanda Harby-deňiz güýçleriniň güni bellenilip geçildi

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi Tarapyndan “Tegelek Stoluň” Başynda Duşuşyk Geçirildi

syrach