27.9 C
Aşkabat
03.05.2024
DÜNÝÄ

Eýranda 130 dalaşgär ikinji tapgyrda bäsleşer.

Eýranda anna gün geçirlen umumy saýlawlarda mejlisiñ 65 kürsüsi üçin 130 dalaşgär ikinji tapgyrda bäsleşer.

Eýranyñ içeri işler ministri Mustafa Muhammed Nejjar 290 kürsüli mejlisiñ 225 agzasynyñ birinji tapgyrda saýlanandygyny galan 65 agza üçin bolsa birinji tapgyrda iñ köp ses alan 130 adalaşgäriñ ikinji tapgyrda bäsleşjekdigini aýtdy.

Nejjar saýlawlaryñ ikinji tapgyrynyñ iki aýa çenli geçirilmegine garaşylýandygyny ýatlatdy.

Beýleki tarapdan saýlawlarda dini lider Ali Hamaneýden az ses alan Prezident Mahmud Ahmedinežadyñ täze mejlisde agyr günleri başdan geçirmegine garaşylýar.

Halk deputatlary Ahmedinežadyñ baştutanlygyndaky hökümetden nebitiñ satuwyndan soñ gazna berilmedik 4 milliard dollaryñ hasabyny soraýar.

Mejlisde jemlenşen bujet komissiýasy berlen maglumatlar kanagatlanarly bolman halatynda kaziýet işiniñ gozgaljakdygy barada duýduryş berdi. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Bütindünýä Söwda Guramasy (BSG) Bilen Hyzmatdaşlyk Işjeňleşdirilýär

turkmenhabargullugy

Braziliýanyň hökümetiniň wekiliniň sapary

syrach

Nazarbaýew: “Täze Pul Birligi Çykarylmaly”

syrach