18.9 C
Aşkabat
19.05.2024
YLYM

Ýerasty baýlyklar we onuň taryhy.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Geologiki muzeýiniň sergileriniň arasynda ajaýyp “Galkynyş” ýatagyna bagyşlanan ekspozisiýasy aýratyn orun eýeleýär. Bu ilkinji nobatda – giň gaz ýatagynyň gurluş kartasy, şeýle hem bu we beýleki ýataklaryň önümli gatlaklarynyň nusgalarydyr. Günorta Ýolöteni we Osman meýdançalaryny öz içine laýan ýokary öýjükli hek gatlaklary aýdyň görkezilýär. 

Tebigy gazyň halkara auditi tarapyndan tebigy gazyň häzirki wagta çenli hasaba alnan ätiýäçlyk hasaplamasyy “Galkynyş” ýatagyny ajýyp topara degişli etmäge mümkinçilik berýär. Hut şunuň ýaly iri ýatak gaz senagatyny ösdürmek üçin binýat bolup durýar we uglewodorodlaryň gazylyp alynşynyň ösüşini hem-de onuň uzak möhletlere durnukly saklanyp galmagyny üpjün edýär. Bu ýerasty baýlygyň açylmagy – türkmen geologlarynyň gazanan ajýyp üstünlikleriniň biridir. 



Bu ajaýyp ýataga bagyşlanan ekspozisiýa “Nebit we gaz” bölüminde görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde uglewodorodlaryň esasy känleri, nebtiň we tebigy gazyň ägirt uly ätiýaçlyklarynyň ýüze çykarylan gurluşlarynyň maýasy, häzirki işleýän, gurulýan we raslamasy düzülýän gaz geçirileri, dürli nebit ýataklarynyň nusgalary görkezilýär. Uglesodorodlara bagyşlanan bölümiň üstüni soňky ýyllarda döwrebeplaşdyrmagyň netijesinde önümiň görnüşlerini epesli köpelden Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) öndürýän önümleriniň nusgalary ýetirýär. 

 

Ýurduň belli tebigy-ylmy muzeýleriniň biriniň kolleksiýasy türkmen geologlarynyň tagallalary bilen geçen asyryň birinji ýarymynda döredildi. 2011-nji ýylyň birinji aprelinden başlap, bu muzeý Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeleri ministrliginiň Ylmy-önümçilik toplumynyň iň häzirki zaman binasynyň birinji gatynda 600 inedördül metr beýdany eýeleýär. Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň Geologiki muzeýiniň müdiri Gaýypmyrat Tegelekowyň belleýşi ýaly, bu ýerdäki ekspozisiýalar mezeýe gelýänlere Türkmenistanyň çäklerindäki geologiki gurluşlaryň, onuň ýerasty baýlykalrynyň taryhy, onuň nenitgaz toplumynyň we himiýa senagatynyň mümkinçilikleri bilen tanyşmaklaryna mümkinçilik berýär. Şeýle hem bu ýerde geologiki kartalar, geologiki ýerleriň shemasy we fotomateriallar görkezilýär 

Gadymy geologiki gatlaklaryň jynslarynyň ýyl ýazgysyny edil kitap ýaly sahypa yzyna sahypany okap, geçen eýýamlaryň syrlaryny bilip oturmaly. Taryhy eýýama çenli ýaşan haýwanlar gaty jynslarda “doňup” galypdyrlar, millionlarça ýyllaryň dowamynda olar daşa öwrülipdirler. Bu doňup galan haýwanlaryň görnüşlerini indi daşda saýgaryp bolýar. Meselem, 100-150 million ýyl mundan ozal ýaşap geçen kellesi aýakly molýuskalar – ammonitle, şeýle hem beýleki gadymy deňiz jandarlary – belemnitler, deňiz kirpileri we liliýalar ýokary ýura we hek döwrüne gabat gelýärler. 

Ynha, ýaşy 280 million ýyldan gowrak bolan, ýurduň demirgazyk-günbatarsynda ýerleşýän Tüwegyrdan tapylan bagyň gadymy daşa öwrülen sütüniniň bölegi. Uly Balkandan tapylan ýaşy 150 million ýyldan hem gowrak bolan uly bagyň daşa öwrülenuly gozasy, 65 million ýyl mundan ozal gadymy Tetis derýasynda ýaşan akulalaryň dişleri we beýlekiler ajaýyp eksponat bolup durýarlar. 

Türkmenistanyň ýerasty suwlary kartasynda agyz suwy, mineral, termal we senagat suwlarynyň ýataklarynyň 260-sy hasaba alnandyr. Bu ätiýaçlyk suwlar halk hojalygynda şäherleriň we obalaryň ilatyny agyz suwy bilen üpjün etmekde, oba hojalyk ekinlerini suwarmakda, şeýle hem senagatda, meselem, ýody we bromy çykarmakda ulanylýar. Bu günki gün Arçman, Mollagara, Ýyly suw, Baýramaly ýali şypahanalaryň birnäesinde mineral suwlary bilen ynsan saglygyna ýakyndan ýardam berilýär. 

Ondan soňra peýdaly gazylyp alynaýan magdanlar – düzüminde demir gürşun, demir, magienes we mis magdanlary görkezilýär. Göwrümi boýunça uly bolmadyk bu bölüm Türkmenistanyň çäkleriniň üstki gatlagy mezozoýyň we kaýnozoýyň çökündi jynslary bilen örtülendir, demir magdanlarynyň ýataklary bolsa gadymy magmatiki jynslar bilen baglanyşyklydyr. Köp sanly merallar däl kolleksiýalar bar. Oňa gurluşyk önümlerini, sementi, örtgi önümleri – çäge-çagyl-toýun jynslar, gipsler, şeýle hem dag-himiýa çig mallaryç-smoroda kükürdi, bentonitler, kaliýler we nahar duzy, aýna önümçili üçin kwars çägesi degişlidir. 

Olardan taýýarlanan bezeg sowgatlyk daşlarynyň kolleksiýasy gyzyklanma döredýär. Ol Gara çaglyň ýaşmasynyň ýylmanan nusgalaryndan, kwars žeodlardan, Tüwergyryň gülgüne konkresiýalaryndan, Uly Balkanyň agata konkresiýalaryndan Gaýlynyň damarly aragonitinden, Köýtendagyň mermer onikisden, nagyşly trawertinlerden we angidritlerinden ybaratdyr. 

“Garabogazsulfat” önümçilik birleşiginiň önümleriniň nusgalary himiýa senagatyny görkezýär. Tekjäniň aýnasynyň aşagynda natriýa sulfatly, bişofitli, epsomitli, deňiz duzly göwrümler görkezilýär. Bu ýerde ýurduň himiýa senagatynyň dürli kärhanalarynyň önümleriniň nusgalary –karbamid, superfosfat, tehniki ýod görkezilýär. 

Bu muzeý “Türkmengeologiýa” Döwlet kärhanasynyň Türkmen geologiýa-gözleg ekspedisiýasyna degişlidir. Onuň kolleksiýasy geologiki ekspedisiýalaryň önümleri bilen üstüniň ýetirilip durulmagy dowam etdirilýär.

Degişli makalalar

“Ata Watan Eserleri” Bäsleşigi : Kitap Okamagyň Peýdalary

turkmenhabargullugy

Änew şäherinde täze mekdep açyldy

syrach

Aziada-2017-ä Bagyşlanan Çagalar Suratlarynyň Bäsleşiginiň Jemi Jemlendi