29.9 C
Aşkabat
02.08.2025
DÜNÝÄ

Erdogan Putin Bilen Duşuşdy

1-nji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Bakuwa giden Prezident R. T. Erdogan Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Duşuşykda Prezident Erdogana Energetika we tebigy serişdeler ministri Taner Ýyldyz bilen Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly ýoldaşlyk etdi.
Duşuşyga Russiýa tarapyndan hem birnäçe ministr gatnaşdy.
Prezident Erdogan duşuşykdan ozal Ýewropa oýunlary üçin Azerbaýjanyň uly maýa goýandygyny belledi.
Erdogan guramaçylygyň adynyň Ýewropa oýunlarydygyny emma ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleriniň 1-nji Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmandygyna ünsi çekdi.
Russiýanyň Prezidenti Putin bolsa Ýewropa oýunlarynyň dabaraly ýagdaýda açylandygyny belledi.
Erdogan bilen Putin duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar, energetika hyzmatdaşlygy, Siriýada, Ukrainada we Krymda başdan geçirlýän soňky wakalar bilen tatarlaryň ýagdaýy barada pikir alyşdy.

Putin Türkiýede geçirlen umumy saýlawdan soň Prezident Erdogana telefon edipdi we telefon söhbetdeşliginde Bakuda duşuşmak barada karar kabul edilipdi.

trtturkmen 

Degişli makalalar

Türkmenistan Özüniň Adam Hukuklaryny we Azatlyklaryny Goramak Boýunça Degişli Borçnamalarynyň Berjaý Edilişi Hakynda Ikinji Hasabatyny Hödürledi

turkmenhabargullugy

OPEC-iň 167-nji Ministrler Derejesindäki Maslahaty

syrach

Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygy Mynasybetli…

turkmenhabargullugy