15.9 C
Aşkabat
18.05.2024
DÜNÝÄ

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimowyň arasynda telefon gepleşigi boldy.

Iki ýurduň Liderleri biri-birini mähirli, doganlarça mübärekläp, Türkmenistanyň we Özbegistanyň häzirki wagtda täze anyk mazmuna eýe bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny tassykladylar.

Özbek tarapynyň başlangyjy bilen bolan telefon arkaly söhbetleşigiň barşynda goňşy döwletleriň baştutanlary köp ugurly ykdysady mümkinçiliklere hem, türkmen we özbek halklarynyň taryhy taýdan emele gelen ruhy we medeni umumylygyna hem esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýagdaýyny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşler şeýle hem özara gyzyklanma döredýän sebitleýin we halkara syýasatynyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň baştutanlary turuwbaşdan hoşniýetli erk-isleg, özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak hem-de ynanyşmak ýörelgelerinde guralýan döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesini kanagatlanmak bilen belläp, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin örän giň mümkinçilikleriň bardygyny, şeýle hem ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin açylýan mümkinçilikleri has doly durmuşa geçirmäge iki tarapyň hem çalyşýandygyny nygtadylar.

Söhbetdeşligiň barşynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Islam Karimow Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowy şu ýylyň birinji ýarymynda resmi sapar bilen Özbegistana gelmäge çagyrdy. Bu çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatiki ugurlar arkaly ylalaşylar.

Iki goňşy ýurduň Liderleri hoşlaşyp, ýetip gelen täze ýylda parahatçylygy, abadançylygy we gülläp ösüşi arzuw edip, iki döwletiň arasyndaky dostluk hem-de doganlyk gatnaşyklarynyň bozulmazdygyna ynam bildirdiler.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Welosipedçileriň Halkara Birleşiginiň (UCI) Wekilleri Bilen Wideo Aragatnaşyk Arkaly Duşuşyk Geçirildi

turkmenhabargullugy

HERAT ŞÄHERINDE BMG-NYÑ BINASYNA HÜJÜM EDILDI

syrach

GTL-Zawodyň Önümleri Daşary Ýurt Bazarlarynda Orun Tutýar